Türkmen halky hem syrgyn-syrgyn, küren-küren oba
bolup, il bolup, ºäher-kent bolup Türkmenistanyò goınunda ıaºaıar.
Dört tarapy, ümürli-dumanly
daglary asmana direıän bu ıer, bu diıar Çardagly
Çandybildir — Türkmenistandyr.
Dag ıerinde dagy, düz ıerinde
düzi, çöl ıerinde çöli, deòiz ıerinde deòzi, derıa ıerinde tereò
derıalary bolan bu toprak türkmeniò çüwen bagty, Allanyò ıalkap beren
eziz diıary! Ynsaply, kanagatly türkmene: «Bar, dünıäni aılan-da, ıurt
tutun» diıseò-de, türkmen ºundan gowy topragy saılamazdy. Dünıäde
ıetmiºden gowrak uly-uly döwletleri, soltanlyklary döreden türkmen,
aılanyp-öwrülip, ıene ºu topraga gaıdyp gelipdir.
Bu toprakda düºünip hem,
düºündirip hem bolmaıan ata mähremligi, ene ezizligi bar!
Bu diıara müòlerçe ıyl
türkmeniò mähri siòipdir, belki, bu diıaryò türkmene mähri siòendir,
ıöne bir zat weli aıan: türkmen bilen bu toprak ruhdur göwre ıaly
bütewi!
Bu toprak türkmene keramatly
toprak, bu topragyò goınunda erkin ıaºaıyº, abadan ıurt üçin baºyny
goıan ärleriò, ºirleriò gubury ıatyr. Gudraty bilen külli yslam
dünıäsini baglan, paı-u-pyıada aılanyp doga okap, zikr eden Mäne babanyò
katra-katra gözıaºy ıatyr bu toprakda. Säher-saba daglar bilen, daºlar
bilen ºöwür çeken Magtymgulynyò ahy ıatyr bu toprakda! Gyratyny ıüzin
salyp barıan Göroglynyò ruhy ıatyr bu toprakda!
Bu toprakda kesewiòi dürten
ıeriò bagy-bossan bolıar, ıaıyòdan okuòy gaçyrsaò, bu toprak altynbaº
bugdaı öndürıär, söz gaçyrsaò, dana pähim bolup galkynıar bu toprak,
ıaºasaò rysgal-bereket bolup göterilıär bu toprak!