däl, ýöne tarhandökerligiò hem tarapdary däl.
Aralykda altyn meýdan bardyr!
Türkmen döwleti uçursyz
baý döwlet. Men döwletiò ol baýlyklaryndan halka paýlap, halky
gaty baý hem edip bilerin. Ýöne ýetmiº ýylyò horluklaryndan soò
biziò halkymyz tütjar baýlyga taýýarmy? «Mesligi goýun götär,
goýnuò hem garasy» diýen pähimiò manysyny tirip görüò! Baýlygy
göterinip bilmek üçin gaty uly erk gerek. Baýlygy göterinip bilmek
üçin giòlik, pähim-paýhas, düºünjelilik gerek! Asyl gerek!
Meniò esasy maksatlarymyò
biri türkmen halkynda baýlygy göterinip bilmek endigini terbiýelemek.
Baýlyga halky men ýuwaº-ýuwaºdan öwreniºdirýärin. Ýaºaýºyòyz
ýylsaýyn, aýsaýyn gowulaºýandyr, baýlygyòyz ýylsaýyn,
aýsaýyn artýandyr, muòa siz o diýen üns hem berip duran dälsiòiz.
Emma bu meniò ýeke günem gözümden sypanok.
Türkmen baýlygy göterinip
bilýän, baýlygyny eºretli durmuºy üçin, il-gün üçin
peýdalanyp bilýän tütjar baý halk bolmalydyr.
Rysgally-döwletli baý
bolmak siziò arzuwyòyz bolsun, sizi rysgally-döwletli baý etmek meniò
arzuwym, maksadym. Arzuwlarymyzy, maksatlarymyzy bitewileºdirip, islän
menzilimize ýeteris.