Enesine seretmedik kiºi
baºga adama seredýär diýseler ynanmaò!
Men enäniò gudratdygyna,
keramatdygyna ynanýaryn. Öz durmuº ýolumda köp gördüm. Men
erte-birigün gaty begenjek bolsam, ýa gynanjak bolsam, hökman ejem
düýºüme girýär.
Mähriban gyzlarym, ogullarym!
Maòa hiç kim seredenok
diýip pikir edäýmäò! Enäniò mähir gözleri gije-gündiz Humaý
guºy deýin depäòizde perwaz urýandyr. Siz nirede bolsaòyz hem
eneleriò ýüregi siziò bilendir!
Türkmeniò ajaýyp bir
nakyly bar: «Aglasa enem aglar, galany ýalan aglar» diýip. Ene öz
çagasynyò üstünde hemiºe kökenekdir. Eneleri hormatlaò!
Eneleriòizi söýüò. Enelerimizi aýamyzda götersegem azdyr. Enesini,
atasyny sylanlar hökman bereket taparlar, bagtly bolarlar, eger
ata-enesini hormatlamaýan bolsa, onda ºol adamyò gowudygyna, beýikdigine
ynanmaò. Adamyò hakyky keºbi — onuò ata-enesine goýýan
hormatyndadyr.