230
4-nji bölüm. "Türkmeniò döwleti"


Bu döwletiò binýat edilmeginiò esasy sebäpleriniò biri soltan Alp Arslanyò 1071-nji ýylda Malazgirt söweºinde ýeòiº gazanmagydyr. Rum ýurdunyò derwezesinden giren seljukly türkmenler Gutulmyºyò ogly Süleýman ºanyò töwereginde jemlendiler. Ol Konýany alyp, 1075-nji ýylda has içlere gitdi, Yznygy eýeledi, özüne paýtagt etdi. Soò Süleýman ºa Tarsus, Adana, Mesis, Malatyýa ºäherlerini aldy. 1085-nji ýylda Antakyýany ele geçirdi. Türkmen seljuk döwletiniò ikinji soltany Gylyç Arslandyr.

Bu döwlet Anadolyny seljuk türkmenleriniò watany ýagdaýyna getirmegi, yslam dinini ýaýratmagy hem türkmen beglikleriniò güýçlenmegine sebäp bolmagy bilen meºhurdyr.

 

ªAMDAKY SELJUK
TÜRKMENLERINIÒ DÖWLETI

Soltan Alp Arslanyò ogly Tutuº 1077-nji ýylda ªamyò hökümdary boldy, emma ol entek özbaºdak döwlet däldi, beýik Seljuk türkmen döwletine tabynlykdady. Dogany soltan Mälik ºa ölensoò, özbaºdaklygyny yglan etdi. Tutuº 1095-nji ýylda ölensoò, iki oglunyò biri Rydwan Halapda, beýlekisi Dukak ªamda özbaºdaklygyny yglan etdi, emma hökümdarlyklary uzak dowam etmedi. Halap Artykly Ilgazynyò, ªam bolsa Böriogullarynyò (ªam atabegleri) eline geçdi. ªam seljuk döwleti 1117-nji ýyla çenli dowam etdi.

ªam döwleti türkmenleriò ornaºan we rowaçlanan, ºol ýerde medeniýetiò ösmegine goºandyny goºan döwletidir.


   230
4-nji bölüm. "Türkmeniò döwleti"