|
DÖRDÜNJI BÖLÜM
TÜRKMENIÒ DÖWLETI
GADYMY OGUZ TÜRKMEN DÖWLETI
Eziz türkmenim!
Adamzadyò kämilleniº eýýamlarynda
dünýä jemgyýetine beýik ösüº beren ýurtlar, halklar kän:
Hytaýda, Hindistanda, Müsürde uly galkynyºlar boldy. ªeýle beýik
galkynyºlar oguz-türkmen halkynda hem boldy. Emma ol oguz-türkmen
galkynyºlary hakda dünýä taryhynda oòly gürrüò edilmedi. Beýik
türkmen taryhynyò ýitmegi üçin edilen synanyºyklar az däldir.
Baryp Oguz han zamanyndan bäri dünýäniò ýüzünde ençeme
döwletler gurup, Aziýanyò hem Ýewropanyò ykbalynda, syýasatynda,
ykdysadyýetinde, medeniýetinde görlüp-eºidilmedik taryhy yz goýan
oguz-türkmen halkynyò taryhyny göre-bile ýoýmaga synanyºyklar, beýik
taryhy iºleri baºga halklara ýöòkemeklik az bolmady. Barybir,
ir-u-giç wagt ähli zady öz ýerinde goýýar.
I — XIII asyrda oguz
türkmenleriniò galkynmalaryny inkär edip bolmaýar. Parfiýa
döwletiniò, gaznaly türkmenler soltanlygynyò, seljuk türkmenleriniò
soltanlygynyò, Köneürgenç türkmenleriniò soltanlygynyò dünýäniò
taryhy-syýasy ugruny üýtgedendigini, ykdysadyýetiò, medeniýetiò
|