Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyò ugrunda

Biziò Arabystana, Kawkaza, Azerbaýjana, Özbegistana, Gyrgyzystana, Gazagystana, Täjigistana, Owganystana, hatda Çyn-Maçyna, Orsýete, Hindistana, Päkistana taryhy ýollarymyz bardy. Bu sebitde türkmenleriò her kim bilen gönüden-göni gatnaºyk açyp bilen döwürleri bolupdyr. Emma bu, geçen ýakyn ýyllarda düýbünden mümkin däldi. Indi biz taryhdaky gatnaºyklarymyza täzeden göz gezdirip, olaryò hemmesi bilen ýokary derejede gatnaºyklarymyzy ýola goýduk.

(243-nji sah.)


Ýollarymyzyò taryhdan gelýändigini ýene ýatlaýaryn. Biziò atalarymyzyò dünýäniò çar tarapyna göç ýollarynyò bolandygy hakykatdyr. Biziò indi dünýädäki döwletleriò, halklaryò ýüregine barýan parahatlyk ýolumyz bilen birlikde ykdysady ýollarymyzyò bardygy bellidir. Ýollarymyz ýene gadymky güzerlerinden gitse-de, maksadymyz dünýä döwletleriniò ýüregine ýylylyk getirmek, ýagty getirmek, ýagny tebigy gazymyz bilen halklaryò bereket ojagyna barmak.

(245-nji sah.)