Türkmen
– yslamyò jahana ýaýramagyna goºant goºan halk
Ençeme beýik özgeriºlikleriò
sallançagy bolan, ululy-kiçili göteriliºleriò, galkynyºlaryò
ojagy bolan, taryhy ähmiýetli medeniýetleriò merkezi bolan Türkmenistanyò
dünýäniò taryhynda tutýan orny hem, Yslam dininiò jahana ýaýramagyndaky
orny hem örän uludyr, türkmen halkynyò dünýä medeniýetine,
ylmyna, edebiýatyna, sungatyna goºan goºandy-da çäksizdir!
(25-nji
sah.)
Yslamyò
ýaºyl tuguny pasyrdadan Muhammet pygamberimiz
Muhammet
pygamberimiziò öòünde-de ºeýle meseleler keseripdi: diniò ýaºyl
tuguny pasyrdadyp, üç ýüz altmyº senemleri — butlary ýok
edip, bir Hudaýa uýdurmaly hem-de taýpalaryò, milletleriò, ýurtlaryò
serhedini bozup, musulman dünýäsini döretmeli.
(94-nji
sah.)
Hezreti
Alynyò Merwiò hökümdary Mahyýa haty
Taryhda dördünji
halyf Hezreti Alynyò Merwiò hökümdary Mahyýa beren haty saklanyp
galypdyr. Onda ºeýle diýilýär: «Merhemet we beýik Allanyò haky
üçin, adalat ýoly bilen barýanyò üstünde rahatlyk bolar. Merwiò
marzbany Oraz Mahyýanyò özi meniò ýanyma geldi. Men muòa hoºal
boldum».
(105-nji
sah.)
Türkmenleriò
yslamy kabul etmegi
«Gorkut atanyò
kitabyny» okan her bir adam onda örän sagdyn aòly, giò gözýetimli,
akyl-paýhasly, baý, agzybir, edermen oguz begleriniò ýaºaýyº keºplerini
görýär. «Gorkut atanyò kitabyndan» bolsa ºol oguzlaryò nähili
beýik edebiýatynyò, toý-baýrama görk berýän sungatynyò
bardygyna-da göz ýetirýär. ªeýle sagdyn durmuºy, sagdyn edebiýaty,
giò gözýetimi bolan halk gadym-gadym zamanlarda galan dar çygyrly,
ýowuz däp-dessurly otparazlar dinine sygmaýar! Otparazlar dininiò aòyrsynda
Mazdak, Man ýaly lagnata galan pygamberler hem ýatyr. Mazdagyò
hem Manyò otparazlyk
dinini üýtgedip, emläk, baýlyk, hatda aýal-gyzlary hem ortalyk
etjek bolandygyny bilýäris. Olaryò ýoly türkmeniò ýoluna gabat
gelmeýär! X asyr taryhçysy Ibn Fadlan: «Türkmenler goòºy halklary
ýaly aýal-gyzlarynyò ýüzlerini ýapdyrmaýarlar, olaryò zenanlary
has erkin, ýöne ºol bir wagtda hem olar azgynlyk diýen zady asla
bilmeýärler» diýip ýazypdyr. Türkmen gelin-gyzlary ähli
zamanlarda hem türkmeniò ar-namysynyò buýsançly baýdagy bolupdyr.
(105-nji
sah.)
Taòra, asmana uýmagyò
belli bir kada-kanunlary ýazylan kitabyò ýoklugy, musulmanlaryò uýýan
Allasynyò hem asmanda bolmagy — türkmenlere yslamy ak ýürek bilen
kabul etmäge ýol açypdyr.
(107-nji
sah.)
Gorkut
ata zamanynda diri baýlygy ýeriò üstüne, öli baýlygy ýeriò
astyna sygmaýan, güýjüne baýrynyp, ýurduna buýsanyp ýören türkmenleriò
kämil aòy oglanjygyò köýnek-balagyndan çykyºy ýaly, türkmenleriò
kämil ruhy otparazlygyò hem, taòryparazlygyò hem çygryndan çykypdyr.
Yslam dininiò käbir gowy pikirleri türkmenleriò agtaryp tapman ýören
pikiri bolupdyr. ªonuò üçinem türkmenler yslamy kabul edýärler.
Merwiò hökümdarynyò goºun dartyp gelen yslamçylara ºäheriò
derwezelerini açmaklary hem ºu zatlar üçin bolmaly.
Däli Domrul, Däli
Garçar ýaly guduman oguzlary yslam bilen ýola getiräýmeseò, baº
berjekmi olar!
(108-nji
sah.)
Türkmen
yslam dinini öz göwnüne jaý edip tutýar
Türkmen yslam
dinini öz göwnüne jaý edip tutýar. Aýat-töwir ýa namaz okap
bolanyndan soò, okan süreleriniò üstüni ýetirýän ýaly, ýürejigindäki
zatlary öz dili bilen, türkmen dilinde Hudaýyna aýdýar.
(107-nji
sah.)
Ata-babalarymyzyò
ruhuna sygynmak
Yslam dininiò ret
edýändigine garamazdan, ata-baba mazaryna sežde edip, ata-babasyndan
medet dileýär. Ata-babanyò ruhundan medet tapmak, ata-babaòa
sygynmak baryp-ha entek dünýäde uly dinler ýok mahaly, her kim o dünýä
giden atasyny, babasyny o dünýä bilen, beýik güýçler bilen
aralykdaky ilçi hasap edipdirler.
(107-nji
sah.)
|
Gorkut
ata – yslamy meýletin kabul eden ilkinji türkmen
Pygamber
derejesinde oturan, halkyò ruhy baºtutany Gorkut
ata ilkinjileriò biri bolup yslamy kabul edipdir, Mekge-Medinä
gidip, haj parzlaryny bitiripdir.
(105-nji
sah.)
Yslamy meýletin
kabul eden Gorkut ata türkmen ruhunyò täze
bir giòiºligini açdy. Özüniò iman, ahyrýet hakyndaky
pelsepeleri bilen Gorkut ata ahlagyò täze
gymmatlyklaryny iºläp düzdi. Indi dünýä öòküsi ýaly üç däl-de,
ikä geldi. Bu dünýäde eden iºleriòe hasap geçmeli, ahyrýetiò
bardygyna iman getirildi.
(291-nji
sah.)
|
Oguzlar
yslamyò ýaºyl tuguny parladýarlar
Yslam dini ýaºyl
tuguny parladyp gelen zamanlary oguzlar ozalky dinleriniò çygryndan çykyp,
täze pikiriò, täze dünýägaraýºyò gözlegindediler! Entek ºol
din ýokdy, entek oguz ilinde ºol diniò ornuny beýik Oguz
hanyò ruhy tutýardy.
(108-nji
sah.)
Türkmeniò
dine garaýºy
Türkmeni beýleki
halklardan tapawutlandyrýan esasy zatlaryò biri-de, onuò dine garaýºy
hem gatnaºygydyr. Diniò iò güýjäp, möwç uran asyrlarynda-da biziò
milletimiz dine garaýºyny ºol durkunda saklapdyr. Munuò düýp sebäbi
türkmeniò zandynda, ýasawynda bar bolan dünýewilikdendir. Ol hemiºe
hakyky durmuºy hem onuò rüstem kanunalaýyklyklaryny esasy orunda goýupdyr.
Ol hatda yslamy kabul edende hem özboluºly kabul edipdir. Yslamyò baº
ýörelgelerine dil ýetirmezden, olary gyºartmazdan hem bozmazdan, türkmen
özüniò yslamdan öòki ynançlaryny, käbir däplerini bir ýandan goýman
gelipdir. Bu-da onuò millet hökmündäki ömrüne ömür goºupdyr,
çünki onuò özeniniò bir durkuny saklamagyny üpjün edipdir.
(176-njy
sah.)
Din
– adamkärçilik sypatlaryny terbiýelemegiò usuly
Türkmen jemgyýetinde
ruhanylar aýratyn bir gatlak bolup ýaºamandyrlar. Olar, köplenç,
halkyò maksatly ruhy hajatlaryna — azan aýtmak, nika gyýmak,
jynaza çykmak we º.m.-ler — hyzmat edipdirler. Mundan baºga-da,
dini sowatlylyk umumy bilimleri ýaýratmak üçin uly ähmiýetli
bolupdyr. Emma dini syýasy göreºiò seriºdesine, baknalygyò
guralyna öwürmek hiç kimiò kellesine-de gelmändir. Din türkmende
hemiºe ºahsy ynanjy berkitmegiò hem adamkärçilik sypatlaryny terbiýelemegiò
usuly bolupdyr.
(177-nji
sah.)
Bazar hanyò ogly
Satuk Bugra kakasy ölensoò, agasy Ogulçak hanyò elinde ulaldy. Ol
musulmanlygy kabul etmek bilen, yslamyò Türkmenistana ýaýramagyny çaltlaºdyrdy.
(217-nji
sah.)
Rowaýatda
aýdylyºyna görä, Ybraýym pygamber, öòi
bilen, Mekgäni binýat edipdir. Hakyò resuly Muhammet
pygamber asly watany mukaddes Mekgeden jyda düºüp, Medinä baryp
ilki metjit saldyrypdyr, soòra özüne öý saldyrypdyr.
Biz bissimilla diýip,
ilki Gypjakda, soò Aºgabadyò ortarasynda dünýäde parhlanýan
owadan metjidi saldyk. Yzýany ºu Watan üçin janyny gurban edenleriò
hormatyna Gökdepede iò bir owadan metjidi
saldyk.
(253-nji
sah.)