Ýolbaºçylara köp zat baglydyr

«Häkim bolsaò, halky Gün kibi çoýgul»

Döwletli bolmak halklaryò arzuwlan maksadydyr. Arzuwlar döwletiò garaºyk etmegi we ýolbaºçylygy bolmasa, hasyl bolmaýarlar. Beýik Biribaryò ýeke-täk beýikligine tagzym edip, Ruhnamany türkmeniò asly, ºu güni, ertiri etmek üçin zehini ýiti, parasatly, öòde-soòda haram ýokmaýan ýolbaºçylar gerek. Watandaº, sen arçyn, sen hakyky arçyn boljak bolsaò, tutuº obanyò atasam sensiò, enesem sensiò. Sen tutuº obanyò hyzmatynda gije-gündiz ylgap ýören adam bolmalysyò. Eger sen özüòi obanyò hojaýyny hasap edip, obaò bähbidini öz bähbidiòden ileri tutmaýan bolsaò, seniò ýoluò biziò ýolumyz bilen bir däldir.

Sen etrabyò ýa welaýatyò häkimi bolsaò, etrabyò, welaýatyò ykbaly seniò gerdeniòde bolsun. Sen Magtymguly atamyzyò «Häkim bolsaò, halky Gün kibi çoýgul» diýºi ýaly, halkyòy çoýup bilmeseò, senden häkim bolmaz.

(382)


Türkmeniò dürli derejeli ýolbaºçylary türkmeniò baº ýolbaºçysyny goldap, orta çykmalydyrlar

Biziò ýaºaýan dünýämizde, bagtly, sazlaºykly durmuºyò döwründe tebigy heläkçiligiò ýa-da döwletiò içinden, daºyndan betpäl adamlaryò täsiri astynda agyr betbagtçylygyò bolaýan mahaly (owal bolmasyn, Allam!), türkmeniò dürli derejeli ýolbaºçylary türkmeniò baº ýolbaºçysyny goldap, orta çykmalydyrlar. Özüòi oka tutmak, batyrlykdyr öýdüp ölümi kabul etmek ýa-da kyn günde kelläòi köwege salyp ýatmak türkmende «Ölümden aòyrda namartlyk ýatyr» diýmekdir.

(382-383)


Agzybirligi berkitmek türkmenleriò her ýolbaºçysyna degiºlidir

Türkmenler, her bir ösen döwründe, diòe içki oòºuk­syzlyklar, özara uruºlar zerarly birek-biregi gyryp, kuwwatly döwletlerini ýykypdyrlar. Biz muny sapak edinip, agzybir­ligimizi has-da berkitmelidiris.

Bu sözler döwlet ýolbaºçylaryna, pudak, ºäher, zawod-fabrikleriò ýolbaºçylaryna, türkmenleriò her ýolbaºçysyna degiºlidir.

(383)


Ýolbaºçylara köp zatlar baglydyr

Ýolbaºçylara köp zatlar baglydyr. Prezident hökmünde men her ýolbaºçy saýlanylýan adamyò il-günüò, Watanyò bähbidine berilmegini, özüne ynanylan iºe jany-teni bilen ýapyºmagyny gazanmaga borçludyryn. Türkmenistanda döwlet gullugyna iºe bellenilýän adamlary saýlap-seçip almak barada biziò Halk maslahatymyzda milli kanun kabul etmegimiz gerek. Ol kanunda Türkmenistanda döwlet gullugyny geçmegiò täze görnüºlerini düzmek, ornaºdyrmak, döwlet edaralarynyò iºgärler gullugynyò netijeli ulgamyny döretmek, ºeýle hem döwletiò wezipeli adamlarynyò we döwlet gullukçylarynyò öz iºiniò netijeliligi üçin jogapkärçiligini ýokarlandyrmak; döwlet gullugyna Türkmenistanyò raýatlarynyò elýeterligine bolan kanuny hukugy kepillendirmek ulgamy bilen üpjün etmek, gulluga milletine, gelip çykyºyna, emläk we wezipe ýagdaýyna, ýaºaýan ýerine, dine bolan garaýºyna garamazdan, Türkmenistanyò ähli raýatlary öz ukyplaryna we hünärleýin taýýarlygyna laýyklykda döwlet gullugyna elýeterli deò hukuk bermek; ºunda ýokary bilim derejesi — hünärmenligi, syýasy we hukuk medeniýeti bilen tapawutlanýan, halal, öz oý-pikirlerinde, iºlerinde päk ýüreklilik, öz Watanyna, halkyna, Türkmenistanyò Prezidentine berlenlik ýagdaýy aýratyn bellenilmelidir. Çünki men öz tejribämden bilýärin: ýolbaºçy iºe ukyply, baºarjaò hünärmenleri saýlap almagy, olaryò iºine sazlaºykly gözegçiligi, ýolbaºçylygy üpjün etmegi baºarsa, ºol edarada sagdyn gatnaºyklar, özgeriºlikler döreýär.

Döwlete, il-güne berlen adamlary mynasyp döwlet gullugyna bellemek möhüm wezipedir. Ýolbaºçy ºahsy bähbidinden, etrap, welaýat bähbidinden il-günüò, halkyò, döwletiò bähbidini ileri tutmalydyr.

(272-273)