Ylym we bilim barada

Okamak, öwrenmek — Beýik Allatagalanyò alkyºydyr
ªu günki türkmen, sen tä okamagyòy bes edýänçäò bilimlisiò, bilimli bolmak islegiò ýitensoò, nadana öwrülersiò. Türkmeniò her bir raýaty ylymly-bilimli bolmalydyr, ol onuò ruhy dünýäsiniò, gürsüldäp duran ýüreginiò, teºne ruhunyò, duýgur kalbynyò, ºahyrana göwnüniò belent bolmagynyò baº çeºmeleriniò biridir. Okamak, öwrenmek — durmuº hakda has düýpli oýlanmakdyr. Okaýan wagtyò adamda täze-täze pikirler, hyjuwlar oýanýar. Okamak, öwrenmek — Beýik Allatagalanyò alkyºydyr. Men bilimli, sowatly adamlara aýratyn sarpa goýýaryn. 

(17)

Ylym bagtyò çyragydyr


Çagaòa hünärli bilim bermeli
Türkmen çagasy halal, watanyna wepaly, sazlaºykly ösen, sagdyn pikir ýöredýän, jomart we jogapkärçiligi duýýan adam bolup ýetiºensoò, ata-enäniò soòky borjy perzendine ºular bolmalydyr: birinjiden, hünärli bilim bermelidir, ikinjiden, öý tutup bermelidir, üçünjiden, öýermelidir!

(17-18)


«Özüni tanan weli»
Adamyò beýikligi özüni açmakdan, özüne akyl ýetirmekden, öz dünýäsini açyp bilmekden baºlanýar! Özgä akyl ýetirmek, özgä baha bermek aòsat, iº özüòi tanamakda! ªonuò üçinem, dana ata-babalarymyz «Özüni tanan weli» diýendirler!

(25)


Zeminde gürläp, pikirlenip, sözläp bilýän jandar diòe Adam däl!
Adamzat ýigriminji asyrda Zemini, ähli sebitleri, ýeriò haýwanat, tebigat, ösümlikler dünýäsini ilik-düwme öwrenip, asmana çykyp, täze ösüº eýýamyna gadam basdy. Adamzat döräli bäri özüni Zeminde pikirlenip, gurup, döredip bilýän, ýalòyz akylly-baºly Zemin ºasydyr öýdüp ýören pikiriniò ýalòyºdygyna göz ýetirip baºlady.

Zeminde gürläp, pikirlenip, sözläp bilýän jandar diòe Adam däl!

(55)


Türkmenistan – ylym mesgeni
Oýlap tapyºlar barha artypdyr. Türkmenistan ylym adamlarynyò, danalarynyò, danyºmentleriniò, ºahyrlaryò mesgenine öwrülipdir.

(56)


Bilim – göwnüò çeºmesi 
Oguznama — ata-babalaryò geçmiº ºöhraty baradaky ýazgylardyr. ªol ýazgylar arkaly nesillerde ata-babalara bolan guwanç hem buýsanç duýgusyny döretmek maksat edinilipdir. Diýmek, maglumatlar, ýagny bilim göwnüò çeºmesi bolup durýar.

(62-63)


Oguzyò buýrugyna görä, ähli halky üçe böldüler. Akyldarlara, bilimlilere, hasapçylara  mal we dowar jem etmek, harç etmek, girdeji we çykdajyny hasaplamak, kethudalyk, wezirlik we ýazyjylyk berdi.

(86)


Oguz atamyzyò sargydy
    Üç bilimdaryò ylalaºan sözüni, her ýerde diýmek bolar. Bolmasa oòa ynam etmek bolmaz. Öz sözüòi we gaýry kiºi sözüni ºol bilimdarlar sözüne barabar et. Eger muwapyk bolsa, ony sözlemek bolar, bolmasa sözlemezlik gerekdir.

(88)


Adam özüne akyl ýetirmekden baºlanýar!

Milletiòe akyl ýetirmek är iºi, akyldar iºi!

(96)


Ylymlyny sylamak parz
Oguz han Türkmen ýaºy ýekeje gün uly bolsa-da, ulyny sylamagy parz edipdir. «Ulug ýokmy — ulama bar» diýip, ýaºuly kethuda ýok ýerinde ylymlyny sylamagy parz edipdir.  

(98)


«Kitap okan beýlede dursun, diòläp oturan hem bihal däldir»
Ata-babalarymyz «Kitap okan beýlede dursun, diòläp oturan hem bihal däldir» diýer ekenler! Oguz hanyò ganynda beýik ynsanperwerlik bolupdyr, ony söweºde wepat bolan esgeriniò ogluny Oguz hanyò ogullyk alºy hem habar berýär!

(101)


Türkmeniò atabeglik mekdebi
Oguz döwründen baºlap köºklerde patyºanyò, serkerdeleriò, barjamly adamlaryò ogullaryna aýratyn bilim, terbiýe berlipdir. Patyºalygyò ýanyndaky ýörite mekdeplerde çagalara bilim, terbiýe berýän terbiýeçilere, mugallymlara atalar, atalyklar, atabegler diýlipdir.

(116)


Öz maºgala aladasy bolmazlygy üçin atabegler öý-iºik edinmän, patyºalaryò we serkerdeleriò çagalaryny dünýä inen gününden terbiýeläp baºlapdyrlar. Atabegler türkmen gullaryndan ýörite ýetiºdirilipdir.

Atabegler çagalara dünýä dillerini, aýratyn hem söweº we serkerdelik tilsimatlaryny öwredipdirler. ªeýle bolansoò, türkmenler az sanly goºun bilen özlerinden on-ýigrimi esse artyk duºmanlary hem ýeòmegi baºarypdyrlar. Olaryò deòsiz-taýsyz ýeòiºleri gazanmaklaryna atabegleriò öwreden tilsimatlary kömek edipdir.

Atabegler öz okuwçylaryna dünýäniò ähli ylymlaryny öwredipdirler. Türkmen serkerdeleri dünýäniò köp dillerini bilipdirler, dünýä ylymlaryndan, edebiýatyndan, söweº tilsimatlaryndan habarly bolupdyrlar.

(117)


Türkmen ili dünýä dünýäde ylmyò, bilimiò, terbiýäniò ojagy bolupdyr
Oguz handan baºlap, orta asyra çenli türkmen ili dünýäde ylmyò, bilimiò, terbiýäniò ojagy bolupdyr. Hindistanyò, Hytaýyò, Wizantiýanyò hanlary, patyºalary çagalaryny okatmak, söweº we serkerdelik tälimini aldyrmak üçin ýörite iberipdirler. Türkmen atabegleriniò terbiýesini alan ýaºlar dünýäniò ähli künjeginde dünýägaraýyºlarynyò giòligi, sowatlylygy, beden taýdan sagdynlygy, serkerdelik baºarnygynyò artykmaçlygy bilen parhlanypdyrlar.

(117)


Artykly türkmenler ylma, sowatlylyga aýratyn sarpa goýan nesil ºejeresi hökmünde taryhda galypdyr. Artykly türkmenleriò ýardam bermegi bilen edilen açyºlar dünýä taryhynda belli bir derejede orun eýeläpdir.

(123)


Taryh biziò üçin iò gymmatly terbiýe mekdebidir
Men ata-babalarymyzyò geçen ýoluna gysgaça ünsüòizi çekdim. Gelejekde biz ata-babalarymyzyò geçen ýoluny, guran döwletleriniò taryhyny düýpli öwrenmelidiris. Taryh biziò üçin iò gymmatly terbiýe mekdebidir. Bize täsin taryhy gymmatlyklarymyzy öwrenmek, ruhy dünýämizi mundan hem baýlaºdyrmak bagty garaºýar.

(146)


«Wah, lagnat siòmiº Çingiz hanyò wagºy ordasy bolmadyk bolsa ... »
Mahal-mahal agyr oýlara batyp, özümi dert-azara goýýaryn: «Wah, lagnat siòmiº Çingiz hanyò wagºy ordasy bolmadyk bolsa, taryhyò bu apaty pajarlap oturan ýüz müòlerçe ilatly Köneürgenjiò, Maru-ºahu-jahanyò, ªährislamyò, Abywerdiò, Amulyò, Zemmiò, Dehistanyò, ºäher-kentlerini boýnuna göwher monjuk ýaly düzüp oturan Oguzboýunyò (Uzboýuò) üstünden sowa geçen bolsa, müòlerçe kitaply kitaphanalar — «Ylym öýleri»  ýakylyp-ýandyrylmadyk bolsa, häzir Türkmenistan dünýäniò ykdysady, syýasy, medeni, ylmy mertebesini göterip barýan kuwwatly döwlet bolardy. 

(150)


«Kitaplar dünýäsine gidip, merdana ata-babalarymyò ruhlaryny agtardym»  
Aga-gara düºünip, okap-öwrenip ugranymdan soò, men eziz watanymyò hem ýetimdigine, halkymyò hem ýesirdigine göz ýetirdim. Ýaradanyò ýagty jahanynda gözlerimden monjuk-monjuk ýaº akdyrmasam-da, ýaradar ýüregimiò ganyny sarkdyryp gezmeli boldum. Bendiniò janyndan geçip öz ýurduny agtaryºy ýaly, ýetimiò ata-babasyny, ýakyn garyndaºyny agtaryºy ýaly men kitaplar dünýäsine gidip, merdana ata-babalarymyò ruhlaryny agtardym.

(154)


«Oglankam men türkmeniò kimdigini, watanyò nämedigini öwrendim»  
...oglankam men türkmeniò kimdigini, watanyò nämedigini öwrendim. Ilki ýüregimiò, soòra gündeligimiò bir ýerine «Ir dana bor, bu dünýäniò örtäni»  diýip ýazan sözüme kalbymy ýyladyp gezdim. Onsoòam, göwnüò syna-syna seýik bolýandygyna göz ýetirdim. 

Men adamyò nämedigine gaty ir akyl ýetirdim.

(154)


Bu gün biz öz akylymyz bilen dünýä özümizi tanadarys  
Taryhda biziò ata-babalarymyz gylyç bilen dünýä özlerini tanadan bolsa, bu gün biz öz akylymyz, baý ruhy gymmatlyklarymyz bilen dünýä özümizi tanadarys.

(158)


Ruh adamyò kellesinde mesgen tutanda, ylym we dünýägaraýyº; ruh adamyò ýüreginde ornaºanda bolsa, sungat kemala gelýär.

(162)


Edermenligiò ruhy çeºmeleri  
Okaýan kitaplary, eºidýän dessanlary, diòleýän gep-gürrüòleri watan hem edermenlik barada bolsa, nädip halkymyz edermen bolmasyn!

(171)


Milletiò akyly onuò pelsepesidir hem aòyýetidir  
Adamyò esasy synasy — göwresi, ýüregi hem akylydyr. Milletiòem öz göwresi, ýüregi hem akyly bolýar. Göwresi — maddy medeniýeti; ýüregi — dili, sazy; onuò akyly bolsa — milletiò pelsepesidir hem aòyýetidir.

(175)


Dini sowatlylyk umumy bilimleri ýaýratmak üçin uly ähmiýetli bolupdyr. Emma dini syýasy göreºiò seriºdesine, baknalygyò guralyna öwürmek hiç kimiò kellesine-de gelmändir.

(177)


Adamyò akyllysy dil öwrener
Çagaòa dili manysy bilen öwret.  
[Oguz han Türkmeniò dil hakynda aýdanlaryndan]

(212)


Ilkinji mehaniki robotlar   
Bu hökümdarlyk Anadolynyò türkmenleºmegine uly kömek edýär, ylma-bilime uly üns berýär. Ilkinji mehaniki robotlary Artykly hökümdarlygynyò alymlarynyò oýlap tapandygy bellidir.  

(231)


Her bir raýatyò bilim almaga hukugy bardyr. Umumy orta bilim hökmanydyr, her bir adamyò döwlet okuw jaýla­rynda mugt bilim almaga haky bardyr. 
[Türkmenistanyò Konstitusiýasyndan]

(264)


Oka, öwren, yhlas eýle, ºöhrat-ºanym Watandadyr.
[Be
ýik Saparmyrat Türkmenbaºynyò «Watandadyr» goºgusyndan]

(276)


Öòi bilen, ylymly, sowatly bolmaly
Biziò ilatymyzyò her bir adamy baý bolmalydyr, ýöne, öòi bilen, ylymly, sowatly ösen dünýägaraýyºly adam bolmalydyr. 

(299)


Perzendiòe ylym bilen nadanlygyò arasyny açyp ber
Eziz ata-ene, sen öz jigerbendiòe:

            Halal bilen haramyò arasyny açyp ber.
           
Ýalan bilen çynyò arasyny açyp ber.
           
Ýagºylyk bilen ýamanlygyò arasyny açyp ber.
           
Zähmet bilen harsydünýäligiò arasyny açyp ber.
           
Ylym bilen nadanlygyò arasyny açyp ber.
           
Haýyr bilen ºeriò arasyny açyp ber.

ªularyò arasyny dil bilen däl, iº bilen açyp berseò, perzendiòe terbiýe berdigiòdir. 

(330)


Oka! Öwren! Döret!
Eziz oglum, mähriban gyzym! Oka! Öwren! Döret! Seniò bilimli, ylymly, hünärli bolmagyò kuwwatly Watan üçin, Garaºsyz diýar, gahryman halkyò üçin zerur gerekdir.

(337)


YLYM BAGTYÒ  ÇYRAGYDYR

Iò oòat ylym — jemgyýete peýda getirýän ylymdyr.

Jemgyýete peýda bermeýän ylmyò hakyky ylymdygy ºübhelidir. Adamzadyò islendik iºiniò manysy haýyr görmekdir. Çünki nep, haýyr görmek jemgyýetçilik ýaºaýºyny üpjün etmegiò usulydyr.

Alym öz ylmy bilen jemgyýetiò maddy we ruhy kämilligine hyzmat etmelidir. Eger ol bu iºden çetde galýan bolsa, onuò ylmy bimanylyk, boº hem howaýy akyl satmadan baºga hiç zat däldir.

Ylym bilimleriò, maglumatlaryò näme üçin we kime gerekligi belli bolmadyk howaýy toplumy däldir. ªunuò ýaly ýalan ylym bir husydyò körmüº syçan ýaly ýygnap, soòam gizläp goýan, il hajatyna ýaramaýan baýlygy kysmy bir zatdyr.

Alym — ylym eýesi, ylym ilki ile, jemgyýete hyzmat etmelidir, diòe ºu hem ylmyò eýesine hyzmat etdigidir.

Jemagatsyz ylym gury owazdyr.

Alym — ylym eýesi, jemgyýet — alym eýesidir.

Adamzat jemgyýeti ylymsyz, adam akylsyz ýaºap bilmez. Allatagala baº ýaºaýyº seriºdesi diýip, adama akyly beripdir. ªonuò üçin hem akyl adam ýaºaýºynda maddy, beden seriºdelerinden — elden, aýakdan, zähmet guralyndan, gara güýçden soòky goºmaça seriºde däl-de, olardan öòki, baº seriºdedir.

Akylyò müòlerçe ýyllap jemlenip, toplanmagyndan ylym kemala gelipdir. Ylym adamzadyò bir artykmaçlygydyr.

Adamy adam eden ylymdyr.    

Akyl ylmyò ºinesidir, zehin — tohumydyr.

Ruh — adam bedeniniò ýetmezini doldurýan, adamy ululyk taýyndan dünýä barabar edýän zatdyr. Ylym bolsa ruhy kämilleºdirmegiò, amal etmegiò usulydyr.

Allatagala adamdan öò jandarlara beren artykmaçlyklarynyò deregine oòa akyl berendir. Adam akyly ylym bile kämilleºdirip, ol artykmaçlyklardan hem zyýada artykmaçlyklara ýetendir. Adama ganat berilmändir, emma ylym bilen ähli ganatlylardan has ýokary galmaga akyl-paýhas  beripdir. Adama  aºa ýyndamlyk berilmändir, emma ylym bilen ol iò ýyndam tizligi edindi. Adama ýiti penje berilmändir, emma ol ylym bilen iò uly güýç-kuwwaty edindi.

Akyl we ylym — Alla ýakynlaºmagyò mümkinçiligidir.

Ylym — öz kelläòden hem ýokary bakmak mümkinçiligidir.

Ylym — ýaºaýyº silinde gark bolaýjak adamyò öz saçyndan özi çekip, özüni halas etmek mümkinçiligidir.

«Nähili ýaºamaly we nädip ýaºamaly?» diýen sowala jogap berip bilýän ylym hakyky ylymdyr, munuò hötdesinden gelmeýän ylym galp ylymdyr, gury öz-özüòi güýmemek, gury harajat çykarmakdyr.

Adamyò artykmaçlygy — bilmekdir.

Adamyò borjy — bilmekdir.

Bilmek — dünýä akyl ýetirmek, dünýäde ornuòy tapmak we ºol orunda öz-özüòi ykrar etmekdir.

Gylyjyò möwriti ötdi, ýöne, hatda, gylyjyò özi hem akylyò we bilimiò önümidir.

(343)


Bilmek üç basgançakdan ybaratdyr:

Bilmek üç basgançakdan ybaratdyr:

            Sowat.
           
Bilim.
           
Ylym.

Bilim adamzat tarapyndan döredilen hazynadyr. Sowat ºol hazynanyò açarydyr. Sowat hat, ýazuw we beýleki bilim seriºdelerini özleºdirmek bilen bilim dünýäsine girmäge gapydyr.

Bilim basgançagynda adam özünden öòküleriò toplan akyl genji-hazynasyny özleºdirýär, öz beýnisine siòdirýär, öwrenýär, özüniò zeruryny gözleýär, özüne geregini alýar, gerekmejegini bir gapdalda goýýar.

Eziz ildeºim!

Garaºsyz we baky Bitarap Türkmenistanda ylym-bilim iºini düýpgöter özgerdip, täzeçe guramak üçin «Bilim» syýasatyny iºläp düzdüm. Sowet zamanyndaky mekdep bu gün döwrüòem, durmuºyòam talabyny ödemeýär. «Bilim» syýasatynyò baº maksady çagany köçe terbiýesinden halas etmekdir. Maºgala terbiýesini göwnejaý gurmaga ene-ata ýol görkezmekdir. 

(345)


Çagadan namazlykdan düºmän oturan molla-da ýasap bolar, ganhor-da!

Çagany ynsanperwer, durmuºy söýýän, ylymly-bilimli, giò dünýägaraýyºly, ajaýyp adam edip ýetiºdiren adam öz bagtyny bina edendir.

(347)


Ylym — bilmek ýolunyò çürbaºydyr

Ylym — bilmek ýolunyò çürbaºydyr, kämilligidir. Ylym diòe iliòkini almak däl, özüòkini hem aýan etmekdir. Ylym bilmekligiò göni durmuºa çykýan, bilmekligiò durmuº bilen ýüzbe-ýüz bolýan pursatydyr.

Ylym bilmekligiò durmuºy özgertmek, durmuºy kämilleºdirmek ukybyna ýetmegidir. ªonuò üçinem bilimiò ylym  ýa-da däldigini bir zatdan anyklap bolar: ol durmuºa täsir edip, ony özgerdip, onuò hajatlaryny bitirip bilýärmi ýa-da ýok? Eger bilýän bolsa, ol ylymdyr.

(348)


Sowat adamyò ellerini, sözlerini we gulaklaryny herekete getirýär, bilim adamyò akylyny herekete getirýär. Ylym bolsa, bularyò barynyò hereketini bitewilige öwürýär we ony durmuº babatdaky döredijilikli iºe gönükdirýär.

(348-349)


Bilim — ilden özüòe almakdyr, sarp etmekdir.

(349)


Ylym — özüòden ile bermekdir, döretmekdir. Iò güýçli gujur adamzada berlen akyldyr, ylym ol gujury azat etmegiò, çykarmagyò seriºdesidir.

(349)


Ylym — akylyò öz-özüni azat etmesidir.

(349)


Bilim öwrenmek hiç mahal hem giç däldir
Bilim öwrenmek hiç mahal hem giç däldir, çünki akyl beden ýaly garramaýandyr. Akyl ýaºadykça gurba gelýär.

(349)


Gaýtalamak — bilimiò enesidir
Gaýtalamak — bilimiò enesidir, gaýtalamagy endik ediniò. Her gezek gaýtalanyòda, täze bir zady açmak — ine, bilimiò hakyky gözbaºy ºudur.

(349)


Döretmek — ylmyò enesidir.

(349)


Zehin — akylyò bilim ýolundaky jylawdarydyr.

(349)


Öwrenmän, diòe öwretmek — puly gazanman, diòe sowmak bilen deò zatdyr.

(349)


Dini we dünýewi ylym

Ylym iki hilidir: dini ylym we dünýewi ylym. Dini ylmyò maksady Hudaýa göz ýetirmek, dünýewi ylmyò maksady bolsa hakykata akyl ýetirmekdir. Birinjiniò hasyly iman, ikinjiniò hasyly ýagºy ýaºaýyºdyr.

(349)


Ylym biziò rysgalymyzy we ruhumyzy artdyrmalydyr.

(349)


Bilim we ylym ýaramaz iºiò ähtimallygyny juda azaldýandyr.

(350)


Hudaýyò beren zehinini zähmet bilen ýiteltmeseò, ol kütelmek bilendir.

(350)


Öwrenmegiò iò oòat usuly okamakdyr
Öwrenmegiò iò oòat usuly okamakdyr. Okamagyò iò oòat usuly pikirlenip okamakdyr. Pikir ýok ýerinde bilim hem ýokdur.

(350)


Jemgyýete peýdasyz ylym bimanylykdyr. Jemgyýete miwe, netije bermän, ylma güýmenmek sapaksyz iòòe bile eºik tikmek bilen barabardyr.

(350)


Gün bolmasa, gündizlik bolmaz, ylym bolmasa, jemgyýet bolmaz.

(350)


Türkmeni altyn ýaºaýºyna ýetirjek — ylymdyr
Altyn asyr türkmeniò ylmynyò dünýä ýaýrajak, ºöhratlanjak asyry bolmalydyr. Bizde ylmyò gapylary giòden açykdyr. Biz her bir raýatymyzyò ylymdan ýüküniò ýetik bolmagyny gazanmalydyrys. Ylym ýurdumyzda umumyhalk gyzyklanmasyna, ykbalyna öwrülmelidir. Çünki XXI Altyn asyr — ylym asyrydyr. Çünki türkmeniò Altyn asyrynyò, altyn ruhly ýaºaýºynyò gapysy — ylymdyr. Türkmeni maksat-myradyna, altyn ýaºaýºyna ýetirjek — ylymdyr.

(350)


Keramatlylaryò, mukaddes kethudalaryò, danyºment pirleriò haky üçin guralyò, döredeliò, ylymly bolalyò, ýurduò binýady ylymdan bolmalydyr!

(404)