Ozalky SSR Soýuzynyò daºarky döwlet bergisi we
algylary babatdaky hukuk oruntutarlyk meselelerini
düzgünleºdirmek barada Türkmenistan bilen Russiýa
Federasiýasynyò arasyndaky

YLALAªYK

Türkmenistan we Russiýa Federasiýasy,

SSR Soýuzynyò we onuò hukuk oruntutarlarynyò daºary ýurtly algydarlara bergisi barada özara düºüniºmek hakyndaky 1991-nji ýylyò 28-nji oktýabryndaky Memorandumy hem-de SSR Soýuzynyò daºarky döwlet bergisi we algylary babatda hukuk oruntutarlyk hakyndaky 1991-nji ýylyò 4-nji dekabryndaky ªertnamany tassyklap,

hem-de ozalky SSR Soýuzynyò daºarky döwlet bergileri we algylary babatda iki tarapy hem gyzyklandyrýan hukuk oruntutarlyk meselelerini öz arasynda gutarnykly düzgünleºdirmäge çalºyp,

ºular barada ylalaºdy:

1-nji madda

ªu Ylalaºygyò maksatlary üçin ozalky SSR Soýuzynyò daºarky döwlet bergisi we algylary diýlende olaryò SSR Soýuzynyò daºarky döwlet bergisi we algylary babatda hukuk oruntutarlyk hakyndaky 1991-nji ýylyò 4-nji dekabryndaky ªertnamanyò 1-nji maddasynyò «a» we «b» bölümlerinde berlen kesgitlemeler göz öòünde tutulýar.

2-nji madda

Taraplar ozalky SSR Soýuzynyò daºarky döwlet bergisinde we algylarynda Türkmenistanyò ýeke-täk anyklanylan görkeziji esasynda kesgitlenilen paýynyò ýüzden 0,70-e barabardygyny tassyklaýar.

3-nji madda

Ozalky SSR Soýuzynyò 1991-nji ýylyò 1-nji dekabryndaky ýagdaý boýunça döwlet daºarky bergisindäki Türkmenistanyò paýyny tölemek boýunça borçnamalary Türkmenistan berýär, Russiýa Federasiýasy bolsa öz üstüne kabul edýär.

4-nji madda

Ozalky SSR Soýuzynyò 1991-nji ýylyò 1-nji dekabryndaky ýagdaý boýunça algylarynda Türkmenistanyò paýyny Russiýa Federasiýasy kabul edýär, Türkmenistan bolsa berýär.

5-nji madda

ªu Ylalaºyk güýje giren pursatyndan baºlap, ozalky SSR Soýuzynyò daºarky döwlet bergisi we onuò algylary babatda SSR Soýuzynyò daºarky döwlet bergisi we algysy babatda hukuk oruntutarlyk hakyndaky 1991-nji ýylyò 4-nji dekabryndaky ªertnamada hem-de ozalky SSR Soýuzynyò daºary ýurtlardaky ähli eýeçiligini paýlamak hakyndaky 1992-nji ýylyò 6-njy iýulyndaky Ylalaºykda kesgitlenilen, Taraplaryò arasyndaky ähli meseleler düzgünleºdirilen bolup durýar.

6-njy madda

ªu Ylalaºyk oòa gol çekilen günden baºlap güýje girýär.

Moskwa ºäherinde 1992-nji ýylyò 31-nji iýulynda her biri türkmen we rus dillerinde iki nusgada amal edildi, özi-de iki tekstiò hem birmeòzeº güýji bardyr.

Türkmenistanyò Prezidenti S. Nyýazow

Russiýa Federasiýasynyò Prezidenti B. Ýelsin

 

(52-nji sah.)