Watan

Jennet ýaly ýurtlardan ata Watanyò has ýagºydyr

Içi-daºy bezemen, kaºaò jaý ýagºydyr, emma içinde ýürekdeºiò bar jaý has ýagºydyr. Jennet ýaly owadan ýurtlar ýagºydyr, emma öz ýurduò, ata Watanyò has ýagºydyr.

(31)


Biz dünýä ýaýran türkmeniò ata Watanynda tagt dikip, türkmeniò halk döwletini gurduk.

(60)


Emma ºahsyýetiò aòynda taryhy hakyda oýananda, ol eýýäm taryhyò dowamaty bolýar. Onuò içki ýaºaýyº hem durmuº ukyplary we hyjuwlary täzeden göz açan çeºme kimin gaýnap ugraýar. Onuò aòy hem ýüregi taryhy-ruhy dowamatyò meýdanyna öwrülýär. Atalaryò ruhy, atalaryò ýady, atalaryò ykbaly, hatda atalaryò emer-damary onda dikelýär. Ol ene topragyò mährini, ata Watanyò howandarlygyny duýup, syzyp ýaºamak ukybyna eýe bolýar. Ol öz ºahsyýet birligini ötlem-ötlem nesilleriò üzülmez zynjyryndaky bir halka hökmünde duýup ugraýar. ªeýle adam ruhy ýalòyzlykdan we bigänelikden azat bolan adamdyr. Enºalla, Ruhnamanyò pelsepe çeºmesiniò dury suwundan ganan nesiller ruhy ýüki ýetik, ruhana adamlar bolup ýetiºerler.

(64)


Ykbalymyò Watanyò ykbaly bilen meòzeºligi

Meniò munda beýan eden duýgularymyò özümiò Ruhnamany ýazmaga oturan wagtymdan has ozal ýüregimde mesgen tutan duýgularymyò bolandygyny biygtyýar aòlamak özüm üçin hem tötänlik boldy. Ol duýgular ýigit çykan, Watanyò ruhuny, Watanyò mährini hem gadyr-gymmatyny syzan günlerim döräpdi. Watan bilen hemsyrdaº bolmagymyò aòyrsynda bolsa ykballarymyzyò — meniò hem Watanymyò ykbalynyò meòzeºligi ýatýardy. Ata-eneden, doganlarymdan aýrylyp, men özümi süòòüm bilenem, ruhum bilenem ýalòyz duýýardym. Watan hem ºeýle ýagdaýdady. Özüniò birwagtky mert ärlerinden, merdanalaryndan jyda düºen Watanyò hasratyny ýiti duýýardym.

(73)


Watan ýalòyzdy, hossarsyzdy

Gypjak obasy bilen Aºgabat ºäheriniò, Büzmeýin bilen Ymam Kasym gonamçylygynyò arasyny paý-u-pyýada geçýärkäm, Watanyò ýalòyzlygyny, hossarsyzlygyny hem ruhy çolalygyny syzýardym.

Gugaryp galan depeler, çolaryp galan düzlükler, sogulyp galan çeºmeler, epilip galan derekler, külbe bolan ymaratlar, sulba bolan Watan — bu zatlaryò bary meniò daºymda däl-de, içimde — ýüregimde ezýetli ýaºaýardylar.

Watan maòa ýüzüne urlup, tükgerilip ýatan naçary ýatladýardy.

Watan bilen ykbaldaºlygym meni indi-indiler bir pelsepe açyºyna iterýär — sebäp diýeniòde, islendik pelsepe açyºynyò deslapky ºerti — duýgy açyºydyr.

(73)


Milletiò bagty Watanyny, ýurduny batyrgaý gorap bilmegindedir

Görogly begiò ruhy:

Anyk ýoly bar millet bagtlydyr. Milletiò bagty Watanyny, ýurduny batyrgaý gorap bilmegindedir. Milletiò bagty bu gün seniò eliòde. Sen türkmen milletiòe altyn ýaºaýºyò güzerini görkez, ol seniò taglymatyò bolar, ol seniò ýoluò bolar Saparmyrat!  — diýdi.

(148)


Aga-gara düºünip, okap-öwrenip ugranymdan soò, men eziz watanymyò hem ýetimdigine, halkymyò hem ýesirdigine göz ýetirdim. Ýaradanyò ýagty jahanynda gözlerimden monjuk-monjuk ýaº akdyrmasam-da, ýaradar ýüregimiò ganyny sarkdyryp gezmeli boldum. Bendiniò janyndan geçip öz ýurduny agtaryºy ýaly, ýetimiò ata-babasyny, ýakyn garyndaºyny agtaryºy ýaly men kitaplar dünýäsine gidip, merdana ata-babalarymyò ruhlaryny agtardym.

(154)


Leningradda okap baºlanymda söýdügim söwer topragymdan hem jyda düºdüm. Men kitaphanalara gatnap, watanymyò goýnuna giren ýaly taryhyò goýnuna girdim. Leningradda okan ýyllarym halkymyò bäº müò ýyllyk taryhyny öwran-öwran okap çykdym.

Alys ýola ugranyòda ejeò ýanyòa bir kesemen çörek salyp goýberýär, mende bolsa eje ýok, men gursagyma «Türkmen»  diýen gudratly sözi salyp gitdim.

Alys ýola ugranyòda ataò ak pata berip goýberýär, emma mende ata ýok, ak patany ata Watanymdan alyp gitdim...

(156)


Kim Watanyny depesinde täç eýlese, Watany hem ony baºyna täç eýlär.

(166)


Däli adyny göteren kiºi — özüni watana bagyº eden kiºi

Gorkut ata zamanalary är ýigitlere — däliler diýilýän eken. Däli Domrul, Däli Garçar. «Görogly»  eposynda Däli Mätel, Harman Däli. Däli adyny göteren kiºi — özüni watana bagyº eden kiºi bolýan eken.

(170)


Watany mukaddeslige göterip, watan üçin ölen ýigidiò ölmez-ýitmez bolýandygyna bütin durky bilen ynanan halk nädip edermen bolmasyn!

(171)


Türkmen milleti watanyna «ata Watan» diýip ýüzlenýändir

«Oguznamalary»  alyp görüò, ýa bolmasa, «Gorkut atany»  ýa-da «Göroglyny»  okap görüò: tebigat bilen ºeýle näzik, mährem gatnaºyklary görersiòiz. Bu ataly ogluò gatnaºyklaryny ýada salýar. Megerem, ºonuò üçin türkmen milleti watanyna «ata Watan»  diýip ýüzlenýändir.

(180)


Watana, ýurda gezek gelende türkmende puluò, altynyò gymmaty ýokdur

Gökdepe urºuna gatnaºan daºary ýurtlular, gyrgynçylygyò onlarça harby serkerdeleri bu söweºiò taryhy, umuman, türkmen topragy barada ýazan senenamalarynda, ählisi dil birikdiren ýaly, türkmende ýeke dönügiò hem bolmandygyny, dönük beýlede dursun, ýol salgy alar ýaly, on ýedinji derejeli maglumaty alar ýaly adamy hem tapyp bilmändiklerini, watana, ýurda gezek gelende türkmende pul, altyn diýilýän zatlaryò gymmatynyò ýokdugyny dogruçyllyk bilen beýan edipdirler.

(188)


Eý, gardaºym, türkmen hudaýly mawy asmanynyò astynda, pirli topragynyò üstünde elli asyrlap ata-babalarynyò ýaradan keramatlarynyò arasynda millet bolup kemala gelip, watany bilen bagryny badaºdyrandyr. Biz ºu eziz Watandan gögerip çykyp, ºu asman bilen bitewileºendiris. Öz beýik milletiòe mynasyp bolmak her bir türkmeniò jana-jan borjudyr!

(200)


Türkmene Altyn asyrda Watan diýip urýan ýürekler, Watan üçin diýip iºleýän akyllar gerek. Watan hem millet her bir ºahsyýetiò dilinde dogasy, iºlerinde itergisi bolmalydyr.

(201)


Topragy söýmedik, Watany söýmez.

[Oguz hanyò ýer-toprak hakynda aýdanlaryndan]

(211)


Azat Watanymyzda Garaºsyz döwletli bolduk

Halkyna, Watanyna, Serdaryna ynanan türkmen 1991-nji ýylyò 27-nji oktýabrynda Garaºsyz Türkmenistan döwletini gurdy. Ol bize halkyna, Watanyna, adalatyna bolan berkligi, Oguz atamyzyò ýigrimi dört agtygynyò jebisligini getirdi. Erkinlik bilen millilik birleºip, azat Watanymyzda Garaºsyz döwletli bolduk. Baýdagymyzy, döwlet nyºanymyzy kökümiziò çuòlugyndaky dür manylardan aldyk.

(243)


Watan — duýgudyr, kalbyò gymmatlygydyr

Döwlet — düºünjedir, pikir gymmatlygydyr; Watan — duýgudyr, kalbyò gymmatlygydyr.

(246)


Ata Watanymyz diýip ata-babalarymyza düºünýäris

Eziz Türkmen, ynha, ºu toprak, ºu daglar, ºu düzler, ºu çöller, ºu sähralar biziò ata-baba Watan diýip mukaddeslige göteren ýerlerimiz! Biz ata-babamyz diýip ata Watanymyza düºünýäris, ata Watanymyz diýip ata-babalarymyza düºünýäris. Gylyjyò, gürziniò öòünde baºyny dik tutup ýaºan türkmen ºu topragyò — ata-babalarynyò öòünde dyzyòy epip, ºu topragy öpüp, sežde et sen!

(247)


Keramatly Watan üstünde biz Garaºsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizi berkarar etdik.

Garaºsyz, baky Bitarap Türkmenistan, sen mukaddes döwletsiò, çünki biz seni keramatly ata Watanyò üstünde berkarar etdik.

(247)


Türkmeniò ata Watana söýgüsini beýan edýän tymsal

Ata-babalarymyz ata Watana nähili beýik sarpa-hormat goýandygyny tymsallarda, rowaýatlarda goýup gidipdir.

Ine, türkmeniò ata Watana söýgüsini beýan edýän bir tymsal.

Entek Oguz hanyò döwleti kuwwatlanyp ýetiºmänkä, haýsydyr bir güýçli döwlet yrsarap, uruº edip, onuò ýurduny basyp aljak bolupdyr. Ol ilçi ugradyp, ýurduò saýlama atyny bermegi sorapdyr. Oguz hanyò serkerdeleri:

— Duºman yrsaraýar, urºalyò, emma saýlama bedewi bermäliò. At biziò garyndaºymyzdyr — diýºipdirler. Emma Oguz han:

— Zeleliò kiçisi barka, ulusyna ýapyºmaò! Bardy-geldi duºmandan asgyn düºsek, ähli atlar duºmanyòky bolar! Berip goýberiò bir aty — diýipdir.

Saý aty alyp giden ilçi ýaòadan has ºum habar bilen gelýär. Bu gezek duºman ýurduò iò saýlama gözelini soraýar. Serkerdeler ýene uruºmagy teklip edýärler, emma dana atamyz Oguz han:

— Uruº bolsa, men-men diýen ýigitler söweºde öler, bardy-geldi duºmandan ýeòläýsek, gelin-gyzlar duºmana ýesir bolar! Zyýanyò kiçisi barka, ulusyna ýapyºmaò — diýipdir.

Saýlama oguz gözelini alyp giden ilçi has ºum habar bilen gelýär. Ol ýer soraýar. Urºuò gutulgysyzlygyna düºünip, ºonça wagtda ýurdy urºa taýynlap ýetiºen Oguz han:

Ser bereris, ýer bermeris! — diýipdir. Urºupdyr, päli azan duºmany kül-peýekun hem edipdir.

(249)


Prezident hökmünde men her ýolbaºçy saýlanylýan adamyò il-günüò, watanyò bähbidine berilmegini, özüne ynanylan iºe jany-teni bilen ýapyºmagyny gazanmaga borçludyryn.(272)

(272)


Däli köòlüm telwas eýle, aram jaýym Watandadyr,
Oka, öwren, yhlas eýle, ºöhrat-ºanym Watandadyr,
Gyº gutaryp kükräp gelen joºgun ýazym Watandadyr,

Ýasym sowup, toýum tutjak ýakyn-ýadym Watandadyr,

Ýat illerden mesgen bolmaz, göbek ganym Watandadyr.

Beýik Saparmyrat Türkmenbaºynyò «Watandadyr» goºgusyndan.

(276)


Adam Watanyna ynanmaly

Men türkmeniò ruhy dünýäsi barada aýdanymda, elmydama onuò ýüreginiò — göwnüniò galkynyp durmagy, adamyò dünýäde hemiºe umyt bilen ýaºamagy, ºol umydyna-da ýetjegini bilmegi, Watanyna, halkyna, adalata ynanmagy, özüniò isleginiò-arzuwynyò kanagatlandyryljakdygyny bilmegi barada aýdýaryn.

(288)


Öz öýkäò bilen Watanyò, Garaºsyzlygyò beýikligini ölçeme!

ªu günler hem: «Aý, SSSR döwri gowudy» diýjek bolýan adamlar bar. Eziz türkmenim, ýalòyºmaò, öz öýkäò bilen Watanyò, Garaºsyzlygyò beýikligini ölçeme! Ol gymmatlyklaryò bahasyna ýetme ýokdur.

(296)


Ajaýyp Watany, ene topragy, keremli ýurduòyzy söýüò!

Ine, ºonda, diòe ºonda ruhuòyz belent bolar, iºiòiz oò bolar!

(304)


Ruhubelent adamyò ýüreginiò örki eziz Watanydyr

Ruhy hyjuw hem adamyò, ilkinji nobatda, öz halky, Watany bilen ýüreginiò birliginden joº alýar. Ýürek birligi, özüòi, ýüregiòi iliòden-günüòden aýra tutmazlyk — söýgüdir. Ruhubelent adamyò ýüreginiò örki, bagrynyò bagy onuò eziz Watanydyr.

(309)


Watan düºünjesi giòdir hem-de çuòòurdyr

Watan düºünjesi giòdir hem-de çuòòurdyr, juda köp zatlary we manylary öz içine alýandyr. Aýal, çaga, dogan, garyndaº, döwlet, dost-ýar, dogduk mekan, iºdeºler, geçmiº hem ºu gün — ºular bir ýeke-täk düºünje — Watan diýen gymmatlyk bilen aòladylýar. 

(309)


Watan — ýeke-täkdir

Adamzat ruh we ruhyýet baradaky pikirlerinde kämillige ýetende, Ýaradanyò ýeke-täkligi hakyndaky taglymaty — Ýekehudaýlylygy döredipdir. ªonuò ýaly, aýratyn adam hem özüne gymmatly zatlary umumylaºdyryp hem-de ºahsyýetleºdirip, olary Watan diýen bir söz bilen aòladýar. Watan — ýeke-täkdir. Ýeke-täkligiò manysy bolsa ýeg diýmekdir, eziz diýmekdir.

(309)


Watan ezizligine göz ýetiren türkmen hiç mahal ruhdan düºmez

Aòy hem köòli bilen Watan ezizligine göz ýetiren türkmen hiç mahal ruhdan düºmez. Çünki onuò üçin Watan paýhasda delile, ýürekde mähire, ahlakda sarsmaz ynanja, iºde armaça, hereketde berekete öwrüler.

(309)


Ömür tejribäm Watanyò nämedigini özgelere öwretmäge maòa hukuk berdi

Meniò ata-enem hem, hossarym hem Alla, soòam eziz halkym boldy. Indi bolsa horlukdan doly ºu geçen ýolum, özgeleriòkiden tapawutlanýan ömür tejribäm nämäniò nämedigini, ata-enäniò, Watanyò nämedigini özgelere öwretmäge maòa hukuk berdi.

(314)


Watan seniò ömürlik galaòdyr

Ömür diýilýän zat üç sany galada geçýändir. Ol galalaryò biri ömürlik, galan ikisi wagt taýdan biri-biriniò yzyndan gelýändir. Ömürlik gala diýýänim — seniò Watanyòdyr, doglanyòdan tä Allanyò beren soòky gününe çenli sen ºonuò içindesiò.

(314-315)


Watanyòdan aýra düºmek iò agyr dert

Ýesir bolmak öz Watanyòdan aýra düºmek hem-de her hili jebir-sütemlere sezewar bolmakdyr. Ýesir töweregindäkileriò maddy hemaýat bermeýänliginden däl-de, olaryò ruhy biperwaýlygyndan, doòbagyrlygyndan ejir çekýär. Dünýäniò özi onuò gözlerine adam sypatlaryndan mahrum zulum bolup görünýär.

(320)


Adamyò ilkinji Watany ene rehmi

Adamyò ilkinji Watany-da enedir.          

Adamyò dokuz aýlap ýaºaýan, adam bolup kemala gelýän ilkinji Watany ene rehmidir.

(320)


Enäniò ýyly gujagy – ikinji Watan

Adamyò bäbeklikden çagalyga çenli ýaºaýan, dil çykarýan, aòyny we duýgularyny kemal edýän ikinji Watany enäniò ýyly gujagydyr. Ene gujagynyò ýylylygyndan hem mähir kemala gelýär.

(321)


Adamyò çagalykdan oglanlyga çenli ýaºaýan, onuò iò gözel häsiýetlerini kemal edýän Watany enäniò mährem elleriniò aýasydyr. Ene elleri baºyny sypan adam, biziò hemmämiziò umumy gujagymyz bolan Watanyò ýaºaýjysyna öwrülmäge taýýar ºahsyýet bolup ýetiºýär.

(321)


Ene toprak, Ata watan diýýäris

Ene toprak, Ata watan diýýäris. Ene bize topragy söýmegi, ata bize Watany söýmegi gan, ruh bilen bagyº edendir.

(325)


Watan unudýan däldir

Watana dirikäò eden hyzmatlaryò ýogalanyòdan soò hem peýdaly boljakdyr. Watan unudýan däldir, Watanyò saklanyp duranlygynyò özi-de, onuò unutmaýanlygyndadyr.

(336)


Ata Watany goramak seniò mukaddes borjuòdyr

Ata Watany, ene topragy jandan söýmek we onuò Garaºsyzlygyny gözüò göreji deýin goramak seniò mukaddes borjuòdyr.

(336)


Watan duzy — mukaddesdir, keramatdyr

Watanyò duzuna, asly halal ene süýdüne wepaly bol! Çünki Watan duzy we ene süýdi — mukaddesdir, keramatdyr.

(336)


Seniò bilimli, ylymly, hünärli bolmagyò kuwwatly Watan üçin gerek

Eziz oglum, mähriban gyzym! Oka! Öwren! Döret! Seniò bilimli, ylymly, hünärli bolmagyò kuwwatly Watan üçin, Garaºsyz diýar, gahryman halkyò üçin zerur gerekdir.

(337)


Halal rysk, halal döwlet adamyò ýüregini öòküdenem arassalaýar. Çünki ol adam özüni juda arkaly duýýar. Onuò hiç kimiò öòünde — Allanyò öòünde-de, Watanyò öòünde-de, milletiò öòünde-de müýni ýok. Bu ruhy azatlykdyr.

(369)


Pyragy, watan diýp gan döker gözüm, baky garap durmuº hijrana ýüzüm... Mert ýigit mert ärden öner, namart asyl-ha, mert bolmaz, eºit adam dogan ilden gaýry mähriban ýurt bolmaz!.. Ýat illerde mysapyrlyk çekenden, ursa, sökse, horlasa-da il ýagºy... Gel köòlüm, men saòa nesihat bereý, Watany terk edip gidiji bolma... Din gylyjyn çalsam, tende zorum ýok, mätäje nan bersem, elde zerim ýok, pakyr menem, senden aýra ýerim ýok...»

(377)


Watana wepaly boluò!

Eziz türkmenim, dokuz ýüz ýyl mundan ozal ata-babalarymyzyò ýolbaºçy saýlaýºy, ýolbaºçylaryò wezipesini ýerine ýetiriºi hakda ºu permanlardan özüòiz many çykararsyòyz, Watana wepaly bolarsyòyz diýip pikir edýärin.

(398)


Zähmet çekeliò — öz Watanymyzyò, öz topragymyzyò hatyrasyna zähmet çekýändiris. 

(403-404)


Uly-uly döwletler gurup, aga-ýana döwran süren ata-babalarymyzyò haky üçin, Watan ugrunda baºyny goýan ärleriò, ºirleriò, gerçekleriò haky üçin döwletimizi — Garaºsyz, baky Bitarap Türkmenistany kuwwatly, beýik döwlete öwreliò!

(404)


Bu toprak keramatlydyr, bu Watan mukaddesdir!

Ata-babalarymyzyò gyrmyzy gany, enelerimiziò ganly gözýaºy dökülen topragy abadan ýurt edip, mähriò, gülküniò, ºadyýanlygyò, bagtyò mesgenine öwreliò, çünki bu toprak keramatlydyr, çünki bu Watan mukaddesdir!

(404)