...türkmen milletini taryhy wagt taýdan
bütin köpdürlüliginde öz içine alýan ruhy garaýyº gerek.
(24)
Türkmen beýik Allatagalanyò ýeke-täkligine
uýdy, Allanyò ýedi yklymda wakalaryò barºyny ugrukdyrýandygyna
ynamyny hemiºe saklaýar, durmuºdaky her bir wakada tutuº heòòamdaky
her bir hadysada onuò gudratynyò alamatlaryny görýär, ony
senalarynda ýatlaýar, oòa sygynýar.
(58)
Hakyda — adamyò baºynyò
ölümliligi sebäpli wagt taýdan aýra düºen nesilleri ruhy taýdan
baglaºdyryjy, bitewileºdiriji ruhy endikdir.
(63)
Hakyda sapagy üzülenden soò,
nesilleriò biri-birinden ruhy ýadyrgamasy baºlanýar. Hakydanyò üzülmeginiò
sebäbi bolsa içki milli bitewilik ölçeglerinden daºlaºmakdyr, gaýry
daºky täsirleriò nesliò ruhy mazmunynda agdyklyk etmegidir. Bu bolsa
öz gezeginde milletiò göze görünmezden ruhy böleklenmegine, parça-parça
bolmagyna getirýär.
(64)
Milletiò taryhy hakydasynyò ummanyna
özüòi oklanyòda, sen öz kalbyò ummanyna-da çümýändigiòi, ºu
bir bada, bir wagtda iki ugurlaýyn hereketiò ýok ýerinde akyl ýetirmäniò
we pelsepäniò mümkin däldigini aýdyò aòlamak gerek.
(72)
Adam — Allatagalanyò
Wagty syzmak üçin ýasan guraly
Adam — Allatagalanyò Wagty
syzmak üçin ýasan guralydyr. Beýnisinde akyl bolany üçin, adamyò
süòòi-de özge janly-jandarlaryòkydan tapawutlydyr, ýagny Wagty
syzmaga ukyplydyr.
(73)
Biziò ýigriminji asyr diýilýän döwrümize
Wagty hasratly duýmak mahsus boldy. ªeýle aýratynlyk ahyrsoòunda ºol
wagtyò özüni syndyryp Täze döwri — Garaºsyzlyk döwrüni
amal etmegimiò içki ruhy esasy boldy.
(74)
Hakyda
wagt bilen göreºmegiò ýeke-täk guraly
Adam ýaradylyºy boýunça Wagt bilen göreºmäge
mejbur edilendir. Bu mejburylyk-da, megerem, onuò bagtydyr. Adamyò
ygtyýarynda Wagt bilen göreºmegiò ýeke-täk guraly bar, ol-da
hakydadyr.
(74)
Meniò
hakydam ata-babalarymyzyò ýaºaýan ruhy meýdanydyr
Adam ýogalyp, jesedi ýere siòýär,
onuò kalby bolsa hakyda ýollary arkaly nesilleriniò aòyna siòýär.
Meniò kalbym — meniò hakydam Oguz hanyò, Togrul begiò, Görogly
begiò we ýene-ýeneleriò ýaºaýan ruhy meýdanydyr.
(74)
Hakyda
meniò pelsepelerimiò ylham çeçmesi
Meniò pelsepelerimiò ylham çeºmesi — türkmeniò
hakydasydyr.
(76)
Oguz hanyò taglymaty halkyò
hakydasynda Oguz hanyò ýoly bolup galypdyr.
Gorkut ata taglymaty halkyò hakydasynda
Gorkut ata ýoly bolup galypdyr.
Görogly begiò taglymaty halkyò
hakydasynda Görogly ýoly;
Magtymguly atamyzyò taglymaty halkyò
hakydasynda Magtymguly ýoly bolup galypdyr.
(164)
Türkmen milleti Allanyò nazar salan,
Allanyò söýen milletidir. Men muny göze dürtülip duran bir
hakykatda görýärin: Allatagala türkmeni söýeni üçin hem ony bäº
müò ýyl bäri ýaºadyp gelýär. Eger söýmedik bolsady, onda
birmahal ony Wagt aždarhasynyò agzyna bererdi.
(206)
Häzirki zaman dünýäsinde wagt örän
tiz geçýär, munuò özi geçmiºiò we geljegiò bakylygynyò
arasyndaky pursatdyr, ýöne ol pursat ýerlikli we paýhasly ulanylan
wagtynda, ykbal çözüji, hökmürowan pursatdyr. Bu pursat milletiò
ýadyny kemala getirýär we onuò geljegini kepillendirýär.
(278)
Wagt özüniò Heòòam atly sypatyna
girende, külli Ýaºaýºyò kiçelip-kiçelip, gysylyp-gysylyp bir göwrä,
bir ºahsa, seniò garºyòy alyp duran bir bitewi barlyga öwrülendigini
duýýarsyò. Onuò dili-agzy ýok. Emma ol aýtjak zatlaryny Garagumuò
üstünden burulyp-burulyp gelýän ºemallaryò, Hazaryò depesinden taýyp-taýyp
gelýän ýelleriò, Köpetdagyò gerºinden düòderilip gaýdýan öwüsginleriò
dilinde aýdýar. Ol hem türkmen ruhuna täsir edýär.
(288)
Heòòamyò zybanyndan çykýan ümsümlik
gulaklarymy ºaòladyp gidýär — bäº müò ýylyò
dowamynda sesleri Garagumuò ºemalyna, nazarlary türkmen sährasynyò
gözýetimine, howaly duýgulary asmandaky bulutlara, agras mähri ýerdäki
bulaklara, gözleriniò nury türkmen Güneºine, sulbalary Köpetdagyò
kölegesine, ystyhany ene topraga dönen ata-babalarym meniò ruhumy göterýärler.
(288-289)
Ruhuò ýaºaýºynyò üç sany seriºdesi
bar. Bular zehin, akyl we hakydadyr. Bularyò baºky
ikisini adam öz ata-babalaryndan miras alýar.
(289)
Ruhuò bu döwürdäki tebigatyny «içeriniò
aladalary» kesgitledi. Döwletsizlik, bölek-büçeklik hatda taryhy
hakydanyò biraz küteliºmegine sebäp boldy. Gündogaryò özge ýurtlaryna
düºen kowumdaºlar bilen aragatnaºyklar selçeòleºdi. Taryhy iºjeòlik
ºol kowumlaryò eline geçdi.
(294)
Adama öz ömrüni rowan etmek üçin
iki hili güýç-kuwwat berilýär. Ömrüniò birinji ýarymynda — jahyllyk
döwründe ol ähli güýç-kuwwatyny dünýä bilen gatnaºyk etmäge — maºgala
gurmaga, rozugärini, günemasyny üpjün etmek üçin tälim öwrenmäge,
il-güne hyzmat etmäge sarp edýär. ªeýdip, ol ºu durmuºda özüni
ykrar edýär. Emma onuò paýhasy artyp, ömür hakyndaky pikirlere ulaºdygyça,
adamyò diòe bir ºu wagt hem giòiºlik bile çäklendirilen dünýä
üçin ýaradylmandygyna göz ýetirip baºlaýar.
(306)
Ejemiò
ýylgyryºlary hakydamda
... Men onuò onlarça, ýüzlerçe ýylgyryºyny
hakydamda saklap ýörün, haýran galmaly ýeri, ony ýyllaram, ýellerem
meniò hakydamdan süpürip aýryp bilenok. Men agyr hupbatlar baºyma düºeninde,
çykalga tapmadyk halatlarym ejem janyò mundan elli ýyl ozalky ýylgyryºyny
ýatlaýaryn, ºol pursat onuò mähriban ýylgyryºy kalbyma, dünýäme
çaýylyp, dünýä ezizlenip gidýär, ýadawlygym edil el bilen aýrylan
ýaly bolýar.
(338)