Terbiýe

Nuh pygamber garry gojalara we enelere ogul-gyz terbiýesinde akylly, agras, paýhasly, seresaply çemeleºmegi, olaryò hakyky ynsan häsiýetliligi üçin uly jogapkärçilik goýdy. Sebäbi Nuh pygamber ýaºlaryò ýalòyºmazlygyny isleýärdi. Ol: «Ulular bir gezek ýalòyºsa, ýaºkiçiler müò gezek ýalòyºar. Öýde ata ýalòyºsa, ogul ýalòyºar, ene ýalòyºsa gyz ýalòyºar, atalyk hem enelik (gaýyn ata hem gaýyn ene) ýalòyºsa, gelin ýalòyºar» diýip wagyz edýärdi.

(11)


Türkmen ata-babalarymyz merdana halk bolup, öz geljekki nesillerini eneleriniò göwresindekä terbiýeläp baºlapdyr. Türkmen çagasy 10-12 ýaºynda  kämillige, batyrlyga, milli terbiýä we uly durmuº gözýetimine eýe bolupdyr. ªol sebäplere görä, ten sagdynlygy, akyl päkligi, ýürek arassalygy türkmene mahsus bolupdyr.

(16)


Çaga bezzat bolsa, günäkär ene-atasy!..

(37)


Türkmen sözüne ygrarly, lebzine wepaly! Türkmende ulynyò sözi — kiçi üçin perman! Kiçini sylamak — uly üçin parz!

(59)


Dini sowatlylyk umumy bilimleri ýaýratmak üçin uly ähmiýetli bolupdyr. Emma dini syýasy göreºiò seriºdesine, baknalygyò guralyna öwürmek hiç kimiò kellesine-de gelmändir. Din türkmende hemiºe ºahsy ynanjy berkitmegiò hem adamkärçilik sypatlaryny terbiýelemegiò usuly bolupdyr.

(177)


Türkmende ata akyl-parasadyò, watanparazlygyò, ar-namysyò, adalatyò nusgasy. Türkmende ata terbiýe beriji hökmünde göz öòüne gelmeýär, ata çagasyna hiç haçan eýle bol, beýle bol diýip aòsat-aòsat pent etmeýär. Ata öz perzendine nähili bolmalydygyny, nähili ýaºamalydygyny durmuºda öz iºleri, bolºy, edim-gylymy bilen nusga bolup görkezýär. Ata öz perzendine näme diýjek bolsa, nazary bilen diýip bilýär.

(315-316)


Men mähriban ejem bilen kakama mynasyp ogul boljak bolup, özümi terbiýeledim

Meniò eziz ejemi tanaýan aýallar: «Wah, balam-eý, seniò ejeò Gurbansoltan adamyò jany ýalydy» diýse, kakamy tanaýan adamlar: «Saparmyrat, seniò kakaò merdi-merdanady, edip bilse, ile-güne kömek ederdi, edip bilmese-de kömek etjek bolup ylgardy. Ýüzüniò nuruna, sözleriniò ºuglasyna kalbyòy çoýup oturmaly ýigitdi» diýerdiler. Görüp otursam, olar maòa ºalaryò golundan gelmejek beýik baýlygy miras galdyrypdyrlar, ºeýlelikde, men mähriban ejem bilen kakama mynasyp ogul boljak bolup, özümi terbiýeledim...

(324-325)


Edepli perzent öz-özünden döremeýär. Perzent terbiýä mätäçdir. Terbiýesiz çaga baº öwredilmedik at ýalydyr.

(328)


Terbiýäniò ýagºysy göreldedir, görelde bolsa söz bile hereketiò birligidir. Diòe ºonda perzentden kemala garaºyp bolar.

(329)


Eklemek borçdur, çörek bermek borçdur, terbiýe bermek bolsa iki esse borçdur.

(329)


Terbiýe, edep bermek — halallygy, jemgyýeti halas etmegiò ýoludyr.

(332)


Haýyr iºe baºlasaò, Hudaýa, iliòe, döwletiòe bil bagla.

Perzendiò ýaman bolsa, günäni ilki özüòden agtar.

Iliò, jemgyýetiò götermejek zadyny etme, ºonda jemgyýet hem seni adam sanyna goºar.

(332)


Halalyò ornuna haram geçen bolsa, jemgyýetde terbiýäniò pese düºenligidir. Terbiýe, edep bermek — halallygy, jemgyýeti halas etmegiò ýoludyr.

(332)


Il-günüò — keramatdyr. Delalaty ºondan gözle! Diòe adalat ýolundan ýöre! Ol ýoldan ýöränler hiç wagt azmazlar. Adalat ýoly — ynsanlar üçin ºamçyragdyr. Pederlerimizden miras galan tämiz ahlak sypatlaryny özüòde terbiýelemegi baºar! Olara uýsaò, sen dünýäde iò ynsanperwer adam bolarsyò.

(336-337)


«Bilim» syýasatynyò baº maksady çagany köçe terbiýesinden halas etmekdir. Maºgala terbiýesini göwnejaý gurmaga ene-ata ýol görkezmekdir.

(345)


Men agyr durmuºda ýaºadym, oglum beri bol-telkilikde ýaºasyn diýip, ogluò elini sowuk suwa urdurmazlyk — ogluòa duºmanyò hem edip bilmejek ýamanlygyny etmekdir. Çaga öz ýaºyna görä zähmetde taplanmalydyr. Zähmet iò uly terbiýeçidir. Çaganyò ýaºlykdaky maòlaý deri — geljeginiò altyn däneleridir.

(348)


Bir patyºanyò ogluna atabeg on sekiz ýyllap terbiýe beripdir. Atabeg ony mazaly taýynlap, boldum edipdir. ªazada atarman, çaparman, algyr bürgüt ýaly ýigit bolup ýetiºýär. Akyl-paýhas babatda hem alymlar bilen gürrüòdeº bolup, jedele girer ýaly derejä barypdyr. Atabeg öz terbiýelän oglanyna dürli hünärleri öwredip, patyºa görkezipdir. Göwni hoº bolan patyºa:

— Hany, oglum, Oguz derýasyndan hem ýüzüp geç — diýipdir.

ªazada:

— Men ýüzmegi öwrenmedim, atabegim öwretmedi — diýipdir.

Patyºa atabege:

— Seniò bu öwreden zatlaryò ählisini ºazada öz dostlaryna hem etdirip biler, emma baºyna ýüzmek gelse, ony hiç bir dosty, hatda sen hem, men hem ºazadanyò deregine edip bilmeris — diýipdir.

(347-348)


Öz çagasyna dogry terbiýe berip bilmedik ýolbaºçynyò haty

Gadyrdan Saparmyrat Ataýewiç, meniò size ýollaýan bu hatym, ýöne hat däl, ýüregimiò parçasy, bagrymyò parasy.

Men siziò bilen iºleºdim, siz maòa jogapkärli wezipe-de ynandyòyz. Uly bolmasa-da, bir kärhana ýolbaºçy goýduòyz, emma... emma meni Hudaý tutupdyr... Özüm hor-har ulalamsoò, iki sanyjak oglumy zada zar etmäýin diýip, gyrp-çyrp etdim, para aldym, garaz, men olar ölýänçä iýer ýaly baýlygy topladym, ikisine-de jaý alyp berdim, maºyn alyp berdim, onda-da ne maºynlar! Emma...

Kiçi oglum serhoº bolup maºynyny agdaryp, ölümiò bäri ýanyndan gaýtdy. Eger ol öläýen bolsa, ýagºy boljak eken. Onuò oòurgasy ýazyp, ýülügi üzülipdir, ol galan ömrüne düºekde ýatmaly boldy. Uly oglum bolsa jalaýlyk edipdir, kakasynyò barynda döwran sürüpdir, ahyry hem agzy hapalanypdyr. Günümiz bir bolsa, urºumyz iki. Ejesi pakyr durmuºyò bu güzaplaryna çydaman, ýüregagyrysyndan ölüp gitdi. Gerreçi oglum bütin ömrüne bolar diýen baýlygymy dört-bäº ýylyò içinde sowrup aòyrsyna çykdy, erbet ýeri ol, agyryòa peýda bolar diýip, kiçi doganyny hem gerreçi edipdir...

Men çagalykda durmuºyò köp külpetlerini çekdim, horlugy baºdan geçirip adam boldum, emma baýlyk maòa götertmedi. Men ogurlyk edip, çagalaryma haram iýdirdim, ynha haram indi bize nämedigini görkezýär!

Meniò iki oglum iki görer gözümdi, meniò iki oglum iki aýagymdy, iki golumdy. Men hekimiò ýanyna baryp iki gözümi çekdirip, galan ömrüme sokur kör oturmaga razy, men hekimiò ýanyna baryp iki aýagymy, iki golumy kesdirip, lokga et bolup ýaºamaga razy, men ºu demde ölmäge razy, emma ölüm men tarapa asla seretmeýär.

Men bu dünýäde ýaºap hem bilemok, ölüp hem bilemok.

Ynha, men öz elim bilen geljegimi ýumurdym, öz elim bilen iki oglumy hem ölmez-gülmez edip goýdum. Men muny hiç kimden göremok. Diòe, diòe özüm günäkär! Men çagalaryma haram iýdirdim, ogurlyk iýdirdim, Magtymguly rast aýdýan eken «Halala hasap bar, harama azap» diýip. Men haramyò azabyna sezewar boldum!..

(346-347)


Meniò esasy maksatlarymyò biri türkmen halkynda baýlygy göterinip bilmek endigini terbiýelemek. Baýlyga halky men ýuwaº-ýuwaºdan öwreniºdirýärin.

(370)


Saz bilen dabara birleºen wagty ynsanyò teni we ruhy älemi terbiýelenýär» diýip kesgitläpdirler.

(380)