Amyderýa
Gorkut atamyz
zamanyna deòiç Amyderýanyò ady Oguz derýasy bolupdyr.
(162-nji
sah.)
Hazar
deòzi
Gorkut ata
zamany oguzlar häzirki Hazar deòzine Gürgen deòzi diýer ekenler. Eýrandaky
Gürgen welaýaty, Magtymguluda köp duºýan Gürgen ady biziò gadymy
oòonymyzyò — Gurduò adydyr.
(163-nji
sah.)
Türkmen
tebigatynyò gudraty
Ýurdundan aýrylyp, zar-zar aglap kör
bolanlaryò gözlerini açyp bilýän keramatly topragymyz bar biziò!
Kerleriò gulagyny açyp bilýän ajaýyp-ajaýyp aýdym-sazlarymyz bar
biziò! Lallara dil açdyryp, saýradyp bilýän läle-reýhan ýazlarymyz
bar biziò! Biz ºu gözel diýaryò eýesi!
(26-njy
sah.)
Eziz
halkym!
Men türkmen ilime, türkmen
topragyma guwanýaryn. Bu keramatly toprak meni ºahyr deýin joºa
getirýär.
Bu toprak guba çöllerinde Hydyr
gezen, dumanly daglarynda Kowus gezen, möwçli deòzinde Kyýas gezen türkmen
topragy bu!
Türkmen topragyna bereket saçagy hökmünde
sygynýandyr. Muòa her bir gysym gumy zer, göwher, dür Türkmenistan
diýerler! Bu topragyò üsti hem hazyna, asty hem hazyna, dagy hem
hazyna, deòzi hem hazyna. Bu toprakda ýylyò ähli paslynda önüm önýär,
hasyl ýygnalýar, atan her bir dänäò müò bolup gaýdyp gelýär.
Keremli erenler-pirler gezen, türkmeniò
ojagy deý mukaddes, lebzi ýaly halal, buýsanjy ýaly beýik, ynamy ýaly
keramatly Türkmenistandyr bu!
Bu topragyò mawy asmanyna toýnuk
gurup durnalar geler, guba gazlar bilen gözleriò ýagyny iýip barýan,
ýüregiòi daglap barýan älemgoºar ýaly owadan ýazlar geler! Bu
topragyò asmanyndan owsun atyp ýagyºly-ýagmyrly, ýyldyrymly
bulutlar gelip, türkmeniò ýurduny läle-reýhan kylar. Türkmen ýazynyò
joºy kalbyna sygman, hatda türkmeniò asmany hem gürlär, daºlary
hem güllär!
Biz
bu topraga myhman bolup gelene «Hoº gelipsiòiz, sapa gelipsiòiz!»
diýip, gujak açýarys. Dünýäniò jahankeºdeleri, geliò, geçiò,
gapymyz hem açyk, kalbymyz hem açyk, syýahat ediò! Oguz
hanyò, Gorkut atanyò, Seljuk
hanyò, alplar alpy Alp Arslanyò, Mälik
ºanyò, Soltan Sanjaryò, Göroglynyò,
Magtymgulynyò topragyna syýahat ediò!
Eziz ildeºlerim, emma siz jahankeºde
dälsiòiz, siz bu topraga zyýarat ediò, geçip giden beýik-beýik
pirleriò, serdarlaryò, ata-babalaryò gadamlaryny togap kylyò.
Bu toprak mukaddes, keramatly
toprakdyr!
Ruhnama — bu topraga
edilen zyýaratdyr. Ruhnama bu topragyò geçmiºine, geljegine edilen
zyýaratdyr, Ruhnama türkmeniò kalbyna edilen zyýaratdyr, Ruhnama ºu
toprakda biten, kemala gelen datly ruhy miwedir.
(28-nji
sah.)
Dag ýerinde dagy, düz ýerinde düzi,
çöl ýerinde çöli, deòiz ýerinde deòzi, derýa ýerinde tereò
derýalary bolan bu toprak türkmeniò çüwen bagty, Allanyò ýalkap
beren eziz diýary! Ynsaply, kanagatly türkmene: «Bar, dünýäni aýlan-da,
ýurt tutun» diýseò-de, türkmen ºundan gowy topragy saýlamazdy. Dünýäde
ýetmiºden gowrak uly-uly döwletleri, soltanlyklary döreden türkmen,
aýlanyp-öwrülip, ýene ºu topraga gaýdyp gelipdir.
Bu toprakda düºünip hem, düºündirip
hem bolmaýan ata mähremligi, ene ezizligi bar!
Bu diýara müòlerçe ýyl türkmeniò
mähri siòipdir, belki, bu diýaryò türkmene mähri siòendir, ýöne
bir zat weli aýan: türkmen bilen bu toprak ruhdur göwre ýaly bütewi!
Bu toprak türkmene keramatly toprak,
bu topragyò goýnunda erkin ýaºaýyº, abadan ýurt üçin baºyny goýan
ärleriò, ºirleriò gubury ýatyr. Gudraty bilen külli yslam dünýäsini
baglan, paý-u-pyýada aýlanyp doga okap, zikr eden Mäne babanyò
katra-katra gözýaºy ýatyr bu toprakda. Säher-saba daglar bilen, daºlar
bilen ºöwür çeken Magtymgulynyò ahy ýatyr bu toprakda! Gyratyny
ýüzin salyp barýan Göroglynyò ruhy ýatyr
bu toprakda!
Bu toprakda kesewiòi dürten ýeriò
bagy-bossan bolýar, ýaýyòdan okuòy gaçyrsaò, bu toprak altynbaº
bugdaý öndürýär, söz gaçyrsaò, dana pähim bolup galkynýar bu
toprak, ýaºasaò rysgal-bereket bolup göterilýär bu toprak!
(78-nji
sah.)
Beýik-beýik derýalar hem daglaryò
goýnundaky çeºmeleriò birikmeginden peýda bolýandyrlar.
Beýik-beýik daragtlaram kiçijik
tohumyò ýarylmagyndan peýda bolýandyrlar.
Emma derýalar öz suwuny içmeýärler,
baglar öz miwelerini iýmeýärler.
(161-nji
sah.)
«Gorkut atanyò» gahrymanlarynyò çaýlara, sähralara gatnaºygy, Göroglynyò
daglara bolan üýtgeºik sarpasy hem mähri ýadyòa düºýär. Türkmeniò
milli aýratynlygynyò mähek daºy bolan tebigylyk, ýüz görmezlik,
gönümellik hem ºundan gelip çykýar.
(180-nji
sah.)
Türkmen
ogly ýalòyzlyk basyp, gussa laýyna batanynda hem, mes bolup, kalby
gursagyna sygmaýan çagy hem tebigata, daglara, deòze, derýa
ýakasyna, çölüstana çykýar. Zawlarda, derelerde paý-pyýada
aýlanyp, kötel geriºlere çyksaò, göwnüò çaga batböregi ýaly
gökde gaýyp baºlaýar, ºol pursat ýalançy atlandyrylýan
dünýäniò ähli derdi-azaryny unudyp, adam öz ruhy dünýäsine
garylýar. Emma ýedi yklymy aýlanyò, siz türkmeniò dagyndan ýüz
esse gözel, goýny jennet bilen barabar ümürsin tokaýly daglara duºarsyòyz,
emma ol daglar ne siziò diliòize düºüner, ne siziò gursagyòyzdaky
derdiòizi bölüºer. Siz ºu ýurtdan baºga ýerde kalbyòyzdaky
derdi sokga sorýan çöllerem, deòizlerem, türkmençe aýdym aýdyp,
türkmençe saz çalyp ýagýan çabgalaram tapmarsyòyz.
Bizi saçak ýaly daºyna jemläp duran diòe ene
dilimiz, döwletimiz, ganymyz, ruhumyz, gylyk-häsiýetlerimiz, ýüz-keºpler
meòzeºliklerimiz, däp-dessurlarymyz däl, tebigatymyz hem daºyna jem
edip dur. Çünki türkmen diýmek — bitewilik diýmekdir.
Bitewilik türkmen aòynda aòrybaº uly gymmatlyk hökmünde aòlanylýar.
Tebigat hem ruhyýet — türkmen
bitewiligini hasyl edýän gymmatlyklardyr.
Biziò zamanymyz üçin millet bilen döwletiò
arasynda, tebigat bilen adamyò arasynda bolºy ýaly sazlaºykly
gatnaºyklar gerekdir. Döwletimizde tire-taýpa tapawutlar bolmaly
däldir, milli bitewiligiò ähli esaslary barha köpelmelidir. Milletiò
ýüzi — geljege sary, tire-taýpaparazlyk bolsa, türkmeniò
geçmiºidir.
Türkmen topragynyò mylaýym ýelleri türkmençe
öwsüp, kalbyòyzdan mylaýym akyp geçýär.
Türkmeniò baºyny asmana diräp duran gara daglary
türkmençe söhbet edip, size arka bolup dur, ümmülmez giò
çöllerem türkmençe gürläp, pasly baharlar siziò kalbyòyzda lälezar
bolup açylýar.
Türkmeniò tereò derýalary türkmençe gürleºip,
ykbalyòyzyò içi bilen akyp geçýär, möwçli deòzi türkmençe
gürleºip, goýnunda ruhuòyza ruh goºýar.
Siziò ruhuòyz ata-baba ruhy bilen birleºip, siziò
kalbyòyza buýsanç, hyruç, söýgi bolup dolýar.
(163-nji
sah.)
Ata-babalarymyz bu topragy
keramat saýyp sežde kylyp, alnyna togap edipdirler. Bu toprakda
mukaddeslige öwrülen ata-babalarymyzyò guburlary ýatyr.
Türkmeniò mele topragy onuò
tamdyrdan çykan mele çöregi ýaly keramatlydyr, mähribandyr, mähremdir.
Bu toprak ºeýle toprakdyr,
munda yhlas bilen kesewini dikseò hem gögerýär.
Bu topraga atan her bir dänäò
müò, iki müò, üç müò däne bolup gaýdyp gelýär.
Bu topragyò gursagyna atylan söz
pähim-paýhas bolup gögerýär.
Bu topraga atylan ýaý oklary bu
gün altyn baºly bugdaý bolup ülpüldeýär.
Bu topraga ata-babalarymyzyò
jesedi tohum kimin atylypdyr, ondan beýik Watana bolan çäksiz söýgümiz,
buýsanjymyz, mukaddesligimiz hasyl bolupdyr.
Bu toprakda biziò yhlasymyz, söýgümiz,
alyn derimiz — rysgal-bereket bolup türkmen saçagyna
dolanýar.
Men ömrümi ºu topragy söýmeden
baºladym, men ºu topragyò goýnuna söýgi bolup hem dolanaryn.
Toprakdan beýik hiç hili
mukaddeslik hem, keramat hem ýokdur!..
Türkmen — topragyòa
bolan söýgüden baºlanýar!..
Biz ºu topragy söýüp, ºu
toprak üstünde birleºip türkmen atly millet bolandyrys.
(166-njy
sah.)
Türkmen topragynyò gudraty bar.
Ata-babalarymyz dünýäniò gözel-gözel ýerlerini basyp alan-da
bolsalar, gözellige ýa-da ymgyr köp lagly-göwhere, baýlyga göz
gyzdyryp basyp alan ýerlerinde ýurt tutunaýmandyrlar. Ýogsam dünýäniò
iò owadan, iò baý ýerinde mesgen-ýurt tutunjak diýselerem han
özleri, soltan özleri bolupdyr. Ýöne biziò pederlerimiz nirä
ýöriº etseler-de, olja-baýlyga eýe bolsalar-da, ahyry ýene ýakyp-ýandyryp
barýan yssy ýurduna dolanypdyrlar.
Bu toprak üçin döº gerip göreºipdirler, gorapdyrlar. Bu
toprakda ajy alyn derini saçyp, bol bereket öndüripdirler.
(177-nji
sah.)
Eý, gardaºym, türkmen hudaýly
mawy asmanynyò astynda, pirli topragynyò üstünde elli asyrlap
ata-babalarynyò ýaradan keramatlarynyò arasynda millet bolup
kemala gelip, watany bilen bagryny badaºdyrandyr. Biz ºu eziz
Watandan gögerip çykyp, ºu asman bilen bitewileºendiris.
(200-nji
sah.)
Bu topragyò her bir gatlagy
adamzat ösüºiniò altyn sahypalaryndan ybaratdyr, hakykatdanam,
bu toprak adamzadyò açylmadyk diwany...
Bu toprak dünýä ençeme ösen
eýýamlary bagyº eden toprakdyr!
Bu topragyò aºagynda nebit, gaz
hazynasy bilen birlikde ähli ýerasty baýlyklary ýatyr. Ýerasty
baýlyklaryò köplügi boýunça dünýä döwletleriniò arasynda
türkmenleriò iò baý döwletdigini, esasy dünýä gazynyò we
nebitiniò ýüzden 30 böleginiò Türkmenistandadygyny
bellemelidiris.
(246-njy
sah.)
Daýhanlarymyz bu topragyò her
bir gysym gumunyò zerden-göwherden gymmat hazynadygyny, dünýädäki
ilkinji ekerançylygyò ºu toprakda baºlanandygyny, bu topragyò
ilkinji ak bugdaýyò Watanydygyny bilýärler! Bu toprakda bitýän
ir-iýmiºleriò, gök we bakjaçylyk, ekerançylyk önümleriniò
tagamlylygy, datlylygy, hümmetliligi boýunça bäsleºip biljek
ikinji bir döwlet ýokdur.
Eziz Türkmen, ynha, ºu toprak,
ºu daglar, ºu düzler, ºu çöller, ºu sähralar biziò ata-baba
Watan diýip mukaddeslige göteren ýerlerimiz! Biz ata-babamyz diýip
ata Watanymyza düºünýäris, ata Watanymyz diýip
ata-babalarymyza düºünýäris. Gylyjyò, gürziniò öòünde baºyny
dik tutup ýaºan türkmen ºu topragyò — ata-babalarynyò
öòünde dyzyòy epip, ºu topragy öpüp, sežde et sen!
(247-nji
sah.)
Türkmeniò
öz ýaºaýºyny tebigat bilen sazlaºykda gurnamagy
Biziò zamanymyz üçin millet
bilen döwletiò arasynda, tebigat bilen adamyò arasynda bolºy ýaly
sazlaºykly gatnaºyklar gerekdir. Döwletimizde tire-taýpa
tapawutlar bolmaly däldir, milli bitewiligiò ähli esaslary barha
köpelmelidir.
(164-nji
sah.)
Türkmeniò tebigat, ýaºaýan
tebigy giòiºligi bilen arabaglanyºygynyò täsin aýratynlyklary
bar. Türkmeniò ruhy hem maddy medeniýeti onuò ýaºaýan tebigat
giòiºliginden reòk alypdyr. Türkmen hemiºe tebigatyò goýnunda,
öz ruhy hem maddy medeniýetiniò jümmüºinde ýaºapdyr. Türkmen
taryhynyò durnuklylygyny, türkmen ýaºaýºynyò taryhy gözelligini
bir zatda görýärin: biziò milletimiz öz ýaºaýºyny tebigata
garºylyk görkezmek, onuò garºysyna çykmak usulynda däl-de,
tebigat bilen sazlaºyk esasynda gurnapdyr. Tebigat bilen garºydaº
däl-de, hyzmatdaº bolup ýaºaýan milletiò taryhy ömri bolsa,
edil tebigatyò özi ýaly uzak hem hasylly bolýar. «Oguznamalary»
alyp görüò, ýa bolmasa, «Gorkut atany»
ýa-da «Göroglyny» okap görüò: tebigat bilen ºeýle näzik, mährem gatnaºyklary
görersiòiz. Bu ataly ogluò gatnaºyklaryny ýada salýar. Megerem,
ºonuò üçin türkmen milleti watanyna «ata Watan»
diýip ýüzlenýändir. ªeýle gatnaºyk türkmen ruhuna özge
ýerde duº gelmeýän tebigylygy hem sagdynlygy, ruhubelentligi hem
gözelligi çaýýar. ªu ýerde «Gorkut atanyò»
gahrymanlarynyò çaýlara, sähralara gatnaºygy, Göroglynyò
daglara bolan üýtgeºik sarpasy hem mähri ýadyòa düºýär. Türkmeniò
milli aýratynlygynyò mähek daºy bolan tebigylyk, ýüz görmezlik,
gönümellik hem ºundan gelip çykýar.
(180-nji
sah.)
Zandynda tebigylyk, tebigy
arassalyk bar halkymyzyò tebigat bilen bir jan, bir ten bolup ýaºamagy,
gadymy halka mahsus parasadyna parasat, päkligine päklik goºýar.
(198-nji
sah.)
Türkmen tebigaty — türkmen
milletiniò gönezligidir.
Türkmen tebigaty — türkmen
milletiniò gönezligidir.
Türkmen tebigaty — türkmeniò
ruhy dünýäsine düºünmegiò iò ilkinji hem esasy açarydyr.
Türkmen tebigaty — türkmen
milletiniò ruhy diliniò harplygydyr.
(180-nji
sah.)
Dört
paslyò gözelligi
Möwç urup ýatan däli deòizleriò
göwni bulut bolup göterilip, çabga bolup Zemine gaýdyp geler. Baºy
dumanly gara daglaryò söýgüsi çeºme bolup, çaý bolup Zemine
owsun atyp Zemine geler. Dünýäniò bir künjünde çar pasly
bahar parç bolsa, onuò baºga bir ýerinde nazy-nygmatly tomusdyr,
onuò bir ýerinde bereketli güýz rysgal saçagyny açandyr, onuò
ýene bir ýerinde gunduz ýaly ak garly gyº, täze baharyò
aladasy bilendir.
(200-nji
sah.)
Türkmen
tebigaty ýaly giò bol!
ªu giò ülkede ýaºap, ºu giò
ülkeden hem giò bolmasak, aýypdyr, onda bize bu türkmen ýurdunyò
giòligi haýypdyr.
(200-nji
sah.)
Uzboýuò
gözelligi
Uzboý — Oguzyò
hatar-hatar öý tutup oturan ýeri diýen manyny beripdir. Geçmiºde
Amyderýanyò köne hanasynyò boýuna türkmen halkynyò oba-ºäherleri
monjuk düzülen ýaly düzülip oturypdyr. Bag-bakjalaryò,
ynsanlaryò jemlenen ýerleriniò daºyny tertibe salmak üçin suw,
agaç, gül, ot biri-birinden aýra bolman sazlaºykly topragy bezäp
otyrlar. Muòa türkmen bagy-bossany diýipdirler.
(380-nji
sah)
Näme üçin oguz Uzboýdan göterilipdir?
Oguz derýasynyò suwy gurapdyr. Suwuò ýok ýerinde ýaºaýyº ýok.
Suwsuzlyk sebäpli oguz ýurduny täzelemeli bolupdyr.
Jeýhun derýanyò öz ýoluny
üýtgedip, Oguzboýuny terk edenine birnäçe asyr geçen-de bolsa,
ºindizem onda-munda kölçe-kölçe suw görünýär. Gyralary gamyº-gajarlyk,
ýylgynlyk, toraòòylyk! Ol kölçelerdäki suwuò käbiri ýerden
çykan suw, käbiri ºindizem ºoramadyk suw. Uzboýuò ýakasynda
ºindem türkmen çarwalarynyò obajyklary bar. Mal üçin müsür,
haýwanat üçin jennet! Awlaglaryò mesgeni!
Türkmenistanda suw gyt. Ýogsam
munda ýatan ahmyrly-armanly ata-babalarymyzyò hatyrasyna Uzboýy
ýaòadan akdyrardyk, ýaòadan bu ýere ýaºaýºy getirerdik.
Garaº Uzboýum, garaº, nesip
bolsa, sen täze görke gelersiò, bu mekanda Türkmen kölüni döredip
baºladyk. Ertir onuò aòyrsy-bärsi görünmeýän suwuny süýjediji
enjamlaryò kömegi bilen süýjedip, bol suwy akdyrarys. Türkmen
halky ata-baba ýoluny ýöredip, ýaòadan Uzboýuò boýunda ýaºaýºyò
tuguny, Ýaºyl tuguny parladar!
(381-nji
sah.)
***
Tebigat hem ruhyýet — türkmen
bitewiligini hasyl edýän gymmatlyklardyr.
(164-nji
sah.)
Tebigaty
söýüò!
Size gujagyny gerip, ºady-horram
bolup oturan tebigaty, ýaºyl ºowhun bolup hellewleºýän
daragtlary söýüò!
(340-njy
sah.)
Adam tebigata garylyp, tebigat ýaly
päk, owadan bolup biler.
Aòyrda Allatagala alysda däldir.
Uly ummanlar, däli deòizler
tupan turup, ºemal bolup, tolkunmasa, umman möwç urmasa, ummanlar
görkünden aýrylar, üstesine-de suwy sadyr atar.
Ýeriò ýüzünde mylaýym ýeller
seýran edip gezip ýörmese, kim ynsanyò ýüzüni sypalar, kim dünýäniò
howasyny sypalar, täzelär!
Däli ummanlaryò möwçleri,
zeminiò mylaýym ýelleri — olaryò ýylgyryºlarydyr.
(340-njy
sah.)
|