Beýik Saparmyrat Türkmenbaºy Ruhnama barada

Türkmen, ruhuòy belent tut, eden iºiòi halal et, baýa, baýat ýurduòy! Türkmeni türkmen etjek türkmendir!

Eziz türkmen halkym, ºol iºleri bitirmek üçin oý-pikiri oýarar ýaly, ýüregiòde özüò-özüòe doly ynam bolar ýaly, saòa gollanma bolsun diýip, Ruhnama kitabymy ýazdym, bu gün men özümiò kitabymy saòa teklip edýärin.

(16-njy sah.) 


Öz ruhy dünýäsi hakynda alada edýän we özüniò beden hem-de akyl taýdan ösmegine üns berýän çyn türkmeniò gürsüldäp duran ýüreginiò, teºne ruhunyò, duýgur kalbynyò, ºahyrana göwnüniò belent bolmagyny, isleg döredýän joºgunly hyjuwlarynyò öçmezligini üpjün edýän egsilmez ruhy çeºme — Ruhnama bolmalydyr.

(18-nji sah.) 


Meniò baº taglymatym — Ruhnamadyr. Dünýägaraýºyò ulgamy bolan Ruhnama meniò öòe süren ähli syýasy ýörelgelerimiò, ykdysady hem durmuºy, medeni häsiýetli maksatnamalarymyò taglymat esasydyr, onuò jemgyýetiò dürli ugurlarynda amal ediliºiniò usulydyr.

(19-njy sah.) 


Ruhnama kitaby türkmeniò Altyn asyryndaky maksadynyò hasyl bolmagyny, türkmen ýüreginiò hemiºe hyjuwly, aýdyò paýhasly urmagyny üpjün edýän güýç bolmaly.

(21-nji sah.) 


Öz ruhy dünýäsi hakynda alada edýän we özüniò beden hem-de akyl taýdan ösmegine üns berýän çyn türkmeniò gürsüldäp duran ýüreginiò, teºne ruhunyò, duýgur kalbynyò, ºahyrana göwnüniò belent bolmagyny, isleg döredýän joºgunly hyjuwlarynyò öçmezligini üpjün edýän Ruhnama bolmalydyr.

(22-nji sah.) 


Ruhnama — bitewilik kitabydyr. Çünki ol türkmen milletini wagt-taryhy taýdan bitewileºdirjek bir düýpli esasdyr. ªu wagta çenli türkmeniò döredijilik taryhynda köpsanly aýry-aýry Sözler, hususy Sözler, anyk Sözler boldy, emma Bitewi bir Söz bolmady. Ruhnama hut ºu ýetmeziò öwezini dolmalydyr. Ruhnama milletiò eline bitewi bir taryhy ugry, bitewi bir durmuº ýörelgesini, bitewi bir ruhy joºguny bermelidir. Meniò baº pelsepäm — Bitewilik pelsepesidir.

(22-nji sah.) 


Ruhnama türkmen halkynyò ýüzüniò hem kalbynyò tuwagy! Ol türkmen halkynyò baº kitaby, baº ýörelge kitaby. Ol türkmen halkynyò köp müòýyllyk taryhynda eden iºleriniò, akyl-paýhasynyò, edim-gylymlarynyò, däp-dessurlarynyò, niýet-pälleriniò, etsem-goýsamlarynyò jemi! Ol biziò taryhdan edinen ýagºy sapaklarymyzyò üstüni dolduryp, geljekki nesillere goýjak mirasymyz! Ruhnama kitabynyò bir baby ylmyò gözi ýetmeýän garaòky geçmiºimiz bolsa, beýleki baby biziò geljegimizdir! Ruhnamanyò bir baby Asman, beýleki bir baby Zemindir!

(24-nji sah.) 


Watandaºlarym, ºu günki, ertirki türkmen halky özüni tanamaly! Öz beýikliginem, pesliginem, öz üstünliginem, ejizliginem, öz danalygynam, nadanlygynam bilmeli! Derdiò nämedigini bilen lukman, dessine derdiò eminem tapyp bilýär! Özüne akyl ýetirip bilen halk, öz kemçiliklerindenem ºonça tiz saplanyp bilýär! Ruhnama türkmeniò özi hakyndaky Kitabydyr!

Ruhnama diòe türkmen üçin däldir! Ruhnama biziò aramyzda ýaºap, ºatlygymyza ºatlanyp, buýsanjymyza buýsanyp, biziò bilen ºu toprakda Altyn asyrymyzy döredip ýören beýleki halklaryò — doganlarymyzyò hem öz kitabydyr!

Ruhnama dünýäniò ýakyn-u-alys, goòº-u-garyndaº halklarymyzyò hem kitabydyr! Adamy tananyòdan soò dost bolunýar! Ruhnamany okan her bir özge halkyò wekili bizi basym tanar, basym dostlaºar, biziò dünýä özümizi aldyrmaga barýan ýolumyzda alysymyz ýakyn bolar, tanºymyz dost bolar!

(25-nji sah.) 


Meniò Ruhnamany ýazmakdan ötri ýalòyz maksadym, taryhyò baºynda ykbaly göterilip, dünýä ýaò salyp, soòky ýedi-sekiz asyrda bolsa kiçelip galan halkymyzyò san taýdan az hem bolsa kiçi halk däldigini, ýurdy uly hem bolmasa, uly halkdygyny, beýikleriò arasynda orny bolmasa-da, ummasyz beýik halkdygyny, onuò aòynda, ruhunda, ganynda, tutuº süòòünde ata-baba beýikliginiò ýatandygyny subut etjek bolýaryn. Türkmen halkynyò Beýik Britaniýa ýaly, beýik hindi halky ýaly, beýik hytaý halky ýaly dünýäniò taryhynda ajaýyp yzlary galdyryp, dünýäniò ylmyna, edebiýatyna, medeniýetine, umuman, dünýä ösüºlerine ummasyz goºantlary goºan halkdygyny äºgär etjek bolýaryn.

(60-njy sah.) 


Ruhnamany milletim öz geçmiºini bilsin, beýikligine göz ýetirsin diýip ýazdym. Emma gep diòe bir geçmiº hakynda däldir. Kitap geçmiºde ýüze çykan türkmene mahsus ruhy aýratynlyklar hakyndadyr. ªu tarapdan Ruhnamanyò öòki ýazylan milli taryhy namalardan tapawutlaryna ünsi çekesim gelýär. Men häzir türkmen akylyna gaty gadymy döwürlerden bäri mahsus bolan oguznama ýazmak däbini göz öòünde tutýaryn.

(62-nji sah.) 


Ruhnamanyò döwründe bolsa göwnüò çeºmesi pelsepedir. Ruhnamada hem aslymyzyò beýikligine guwanalyò, buýsanalyò diýip ýazýaryn. Emma bu maksada diòe wakalary hem maglumatlary bermek bilen däl-de, olaryò ruhy manysyny, pelsepesini bermek bilen ýetilýär. Munuò özi diòe bir taryhy geçmiºi däl-de, eýsem, taryhy hakydany dikeldýär.

(63-nji sah.) 


Ruhnamany ýazmak bilen baº maksadym — batyl galan buýsanç çeºmesini täzeden arçamakdyr. Pelsepe emi arkaly göwne jan bermekdir, howaýylyga dönen geçmiºi türkmen tebigatynda ösüp oturan arçalar kimin janlandyrmakdyr. Çünki howaýylyk juda agyr hossa we uly derdeserdir.

Emma ºahsyýetiò aòynda taryhy hakyda oýananda, ol eýýäm taryhyò dowamaty bolýar. Onuò içki ýaºaýyº hem durmuº ukyplary we hyjuwlary täzeden göz açan çeºme kimin gaýnap ugraýar. Onuò aòy hem ýüregi taryhy-ruhy dowamatyò meýdanyna öwrülýär. Atalaryò ruhy, atalaryò ýady, atalaryò ykbaly, hatda atalaryò emer-damary onda dikelýär. Ol ene topragyò mährini, ata Watanyò howandarlygyny duýup, syzyp ýaºamak ukybyna eýe bolýar. Ol öz ºahsyýet birligini ötlem-ötlem nesilleriò üzülmez zynjyryndaky bir halka hökmünde duýup ugraýar. ªeýle adam ruhy ýalòyzlykdan we bigänelikden azat bolan adamdyr. Enºalla, Ruhnamanyò pelsepe çeºmesiniò dury suwundan ganan nesiller ruhy ýüki ýetik, ruhana adamlar bolup ýetiºerler.

Adamy — durmuº, ºahsyýeti — taryh terbiýeleýär.

Ruhnama göwün açyjy (göwün — çeºme manysynda) we paýhasy gandyryjy (paýhas — teºne manysynda) kitapdyr.

(64-nji sah.) 


Ruhnamanyò düýp aýratynlygy — men geçmiºi diòe geljegiò nazaryndan beýan edýärin. Meniò üçin geçmiº geljegiò ýüze çykma mümkinçiligidir. Men geçmiºden geljegi agtardym.

Men Ruhnama arkaly geçmiºi, ºu güni hem geljegi bir sapaga düzdüm.

(65-nji sah.) 


Ruhnamada türkmeniò müòýyllyklarda kemala gelen taryhy paýhasy we ruhy güýç-kuwwaty toplanandyr.

Ruhnama bir gämidir. Ol gämi türkmen taryhynyò uç-gyraksyz deòzinde geçmiºiò habaryny geljege gowºurýar.

Ruhnama bir çapardyr. Ol çapar geçmiºiò syrly hem zerur habaryny geljege gowºurýar.

ªonuò üçinem men aýdýaryn:

Türkmen ruhy bir älem bolsa, Ruhnama ol ruhy älemiò deregini doly tutup bilmez. Bu, iò bolmanda, giòiºlik barabarlygy taýdan mümkin däldir.

Emma Ruhnama ºol Älemiò Merkezi bolmalydyr. ªol älemde dörän hem dörejek ähli älem jisimleri onuò geriminde we ýörelgelerinde ýaºaýºyny dowam ederler.

(69-njy sah.) 


Mähriban halkym!

Indi meniò Ruhnamany ýazmagymyò içki, ºahsy sebäpleri we itergileri hakynda aýdasym gelýär. Döwlet baºtutanynyò pelsepe ýazyp oturmagyna nähili düºünmeli? Muny döwrüò aýratynlygy we meniò öz gerdenime düºýän ýüke garaýºym bilen düºündirmelidir. Elbetde, hil taýdan baºgarak döwür bolanlygynda men hem, belki, diòe döwlet, syýasat iºleri bilen meºgullanyp oòardym. Emma biziò döwrümiz — müòýyllyklaryò çalyºýan döwrüdir. Häzir biziò milletimize ýöne bir bäº ýa on ýyllyk döwlet maksatnamasy asla ýeterlik däldir. Häzirki pursatda diòe bir döwlet gurujylyk däl, eýsem milleti döredijilik iºi talap edilýär. Çünki millete has uzaga  gidýän ruhy ýörelgeler we gözükmeler zerurdyr. Döwür näçe çylºyrymly bolsa, ºonça-da has uzaga seretmeli we has uzakdan görmeli bolýar. ªeýle görüº bolsa diòe düýpli ruhy iº arkaly, diòe taryhy-ruhy pelsepe arkaly mümkindir.

Beýik taryhy öwrüliºik bilen alamatlanýan döwür adaty döwlet baºtutanynyò gerdenine düºýän ýükden has uly zatlary gerdene goýýar. Jemgyýetiò ähli esaslary bir taglymatyò üsti bilen gurnalmalydyr. Çünki millete anyk, bitewi hem gutarnykly ýaºaýyº ölçegi gerek. Ruhnama ºeýle ölçegleriò baº nusgalaryny berer.

(69-njy sah.) 


Men Ruhnamany türkmen milletiniò ýetmeli menziline ºamçyrag bolsun diýen ýagºy niýet bilen döretdim.

(149-njy sah.)