Türkmenistan «Gyzyl» imperiýanyò düzüminde
Ozalky SSSR-iò 
Döwlet Gerbi
Ozalky Türkmenistan SSR-iniò Döwlet Baýdagy Ozalky Türkmenistan SSR-iniò Döwlet Gerbi

«Gün güýçlüniòki, gowurga diºliniòki»
Men sowet döwründe ýaºap, ýaºlykdan türkmen halkymyzyò göwnüçökgünligini, ruhy pesligini, adalata ynamynyò ýokdugyny gördüm-duýdum, halkymyz durmuºa-ýaºaýºa akyl ýetirmekden mahrumdy, il arasynda pikir bardy: «Gün güýçlüniòki, gowurga diºliniòki», näme etseòem baýamarsyò diýlerdi.

(13-nji sah.) 


Türkmen alamançam däl, çapawulçam!
Türkmene soòky iki ýüz ýylyò dowamynda alamançy, çapawulçy diýlen töhmet atylyp gelindi, ºol töhmet ºu asyryò otuzynjy ýyllarynda basmaçy sözi bilen çalºyldy. Ol tagma türkmeniò ýurduny basyp almak üçin gaýry bir bahana tapmadyk ýurtbasarlaryò goýan bahana ýaragydy. Biz, eziz türkmen halkym, geçmiºi sapak edinmegi baºarmalydyrys. Bu meselede size eliòizdäki Ruhnama kömek eder!

(145-nji sah.) 


Pajygaly 30-njy ýyllar
1930 — 1937-nji ýyllarda milletçi, halk duºmany, basmaçy atlandyrylyp atylanlaryò, sürgün edilenleriò sanyny anyklamak kyn, her gijede obalardan, ºäherlerden adamlar sessiz-sedasyz ýiterdiler, olary hatda soramaga-idemäge hem gorkardylar... Türkmen halky ºeýle ruhupeslikde ýaºady...

(296-njy sah.) 


Gara daga azym uran, dag ýigitler kanda galdy?
Pelek bilen döwüº guran, beg ýigitler gamda galdy.
Alp erenler ºehit bolup, munda garyp bende galdy,
Düòle çöller dükge düºüp, iòòildeýär, Jygalybeg!
 

Döwletli baýlar basylyp, hupbat çekip, Sibir gitdi,
ªir ýigitler söweº kylyp, ºehit bolup gabyr gitdi.
Ýetim ogluò gan aglaýyp, aram-karar-sabyr gitdi,
Ulus-illerim eòreºer, ýurt derbe-der, Jygalybeg!

(30-njy sah.) 


Syýasy garaºsyzlygyò ýasamalygy
Biz özümiziò hemiºe ýepbeklenip durmagymyza öwreniºipdiris. Sowet döwrüniò bütin 74 ýylynda biz hemiºe tankyt astynda bolupdyk, biz muòa çydaýardyk, sebäbi biz, iò bärkisi ses bermek hukugyndan hem mahrumdyk. SSKP MK-nyò islendik býurosynda ýa plenumynda islendik umumysoýuz maslahatynda, mejlisinde Moskwada hökmany suratda türkmenleri tankyt edýärdiler. Munuò özi düzgüne giren kysmy bir zatdy. Bizi «geçmiºiò zyýanly galyndylary üçin, jemgyýetçilik aòynyò yza galýanlygy üçin, ykdysady taýdan gowºak ösenligimiz üçin» kötekleýärdiler, gepiò gysgasy, bular akylyòa sygjak we sygmajak zatlardy. Emma hiç kim ºu «yzagalaklygyò» sebäpleri barada oýlanmaýardy, hiç kim we hiç haçan näme üçin hemme zat erbet diýen sowaly özüne bermeýärdi. Biz bolsa olar bilen ylalaºýardyk. Soòra has-da beteri bolýardy, biz öz-özümizi masgaralap baºladyk, ony kada-düzgüne öwürdik. Bu babatda döredijilik ussatlary aýratyn «üstünlik gazandy»: her bir wekili diýen ýaly döºüne urup, öz halkynyò däp-dessurlaryny, ahlagyny tankyt edip baºlady. Munuò özi halkyò, milletiò içinde özara aýyplamalara baryp ýetdi. Milli buýsanç, öz halkyòa, onuò taryhyna bolan buýsanç unudyldy. Köp babatda ºu zatlary hut türkmeniò öz eli bilen ºeýtdirdiler.

(269-njy sah.) 


Ykdysadyýetde merkeze baknalyk
SSSR döwründe, türkmen, diliòi ýitirip barýardyò, rus dilini bilmeseò okuwa-da, iºe-de almaýardylar, diniòi ýitirdiò, däbiòi-dessuryòy ýitirdiò, ykdysadyýetde iò yza galan respublikadyò, milletimiz obalarda, ºäherlerde hor ýaºardylar, goý, ýaºulular, ak saçly enelerimiz ýaºlara ºolary düºündirsinler.
Türkmenistan SSSR-iò hazynasyna her ýylda 10-18 milliard dollarlyk girdejini berýärdi (nebit, gaz, pagta, himiýa önümleri), yzyna 1 milliony hem gaýdyp alyp bilmezdi. ªu ýagdaýda ruhy gymmatlyklar ýitip, haramylyk, binamyslyk, göwnüçökgünlik, ynamsyzlyk, aldawçylyk adaty zada öwrülip baºlady.

(296-njy sah.) 


Milli medeniýetiò kemsidilmegi
Sowet döwründe biziò dilimize gerekmejek sözleri salmaga synanyºdylar.

(175-nji sah.) 


SSSR döwründe, türkmen, diliòi ýitirip barýardyò, rus dilini bilmeseò okuwa-da, iºe-de almaýardylar, diniòi ýitirdiò, däbiòi-dessuryòy ýitirdiò.

(296-njy sah.) 


Beýik Saparmyrat Türkmenbaºynyò Garaºsyzlyk ugrundaky ilkinji ädimleri
XX asyryò baºynda zorluk, zulum, uly gan dökülip gurlan kommunistik SSSR döwletinde 1987-nji ýyldan baºlap jemgyýetiò dürli gatlaklarynyò, milletleriniò agzalalygy, haramçylygyò çenden çykanlygy sebäpli döwletde hökümet, häkimlik gowºady, tertip-düzgün ýitip baºlady. ªol taryhy pursatda syýasy-ykdysady ýagdaýyò SSSR-de erbetleºýändigini duýup, özygtyýarlylygy isläp, 1990-njy ýylyò 22-nji awgustynda men Türkmenistanyò Ýokary Sowetiniò adyndan Jarnama bilen çykyº etdim. ªonda Türkmenistanyò bütin çäginde häkimiýetiò hökmürowanlygyny, özbaºdaklygyny, doly ygtyýarlylygyny, mizemezligini, daºary ýurtlar bilen gatnaºyklarda özüniò garaºsyzlygyny we deòhukuklylygyny, döwlet özygtyýarlylygyny kanuny taýdan durmuºa geçirjekdigimizi yglan etdim.

Soòky iki aýyò içinde döwletdäki syýasy, ykdysady gatnaºyklar doly diýen ýaly kesildi. Durmuº öz talaplaryny öòe sürdi. SSSR-iò düzüminde garaºly, ygtyýarsyz ýagdaýda uzaga gidip bolmajakdygy, halky bagtyýarlykda ýaºadyp bilmejekdigimiz aýdyòlaºdy.

(46-njy sah.)