Mukaddes Ruhnamada söz

Nuh pygamber neberelerine — ýigitlere gaýratlylyk, ruhubelentlik, mertebelilik, birsözlülik, iºewürlik öwretdi.

(10) 


Gyzlara erkek adamyò ýüzi düºende ýeòi bilen gözüni ýapmagy, pesah (nälaýyk) sözleri eºideninde, ýeòini diºlemegi buýurdy.

(10-11) 


Ol ºunda çagalara: «Ata-eneòiziò ýüzüne garap sözlemäò, gyòralmaò. Buýran iºini hökman ýerine ýetiriò!» diýip, hoºamaýlyk etdi.

(11) 


Türkmen, tapawut goýmazdan, ähli adamlar bilen dogruçyl bolmalydyr, kezzaplyk etmeli däldir, ýalan sözlemeli däldir, göriplik etmeli däldir, utanjaòlyk, ýumºaklyk, mähremlik oòa ýaraºýan ahlak sypatlaryndandyr.

(18) 


Adamzadyò paýhasly ýaºaýºy onuò aly hezretleri Kitaby — Sözi keramatlaºdyryp bilen zamanyndan baºlanýar. ªol keramatly kitaplar Musa, Dawut, Isa, Muhammet pygamberlere inderildi. Hakyò resuly biziò pygamberimiz Muhammet Alaýhyssalam bolsa, Gurhandan baºlap, dört sany beýik kitabyò asmandan inendigine kepil geçdi. Sözi Allanyò derejesine çenli belende göterdi.

Söz — beýik Allatagalanyò ynsana eçilen iò keramatly peºgeºidir.

Söz — ynsanyò miwesi. Ýöne ol miwe adama Alla tarapyn berilýändir.

Mukaddes, keramatly kitaplaryò döremegi bilen adamzadyò gara güýje sežde edýän zamanasy tamamlanyp, Söze — Paýhasa sarpa goýýan zamanasy baºlandy. Bular adamzadyò taryhyndaky iki sany äpet eýýamdyr.

(20) 


Ruhnama — bitewilik kitabydyr. Çünki ol türkmen milletini wagt-taryhy taýdan bitewileºdirjek bir düýpli esasdyr. ªu wagta çenli türkmeniò döredijilik taryhynda köpsanly aýry-aýry Sözler, hususy Sözler, anyk Sözler boldy, emma Bitewi bir Söz bolmady. Ruhnama hut ºu ýetmeziò öwezini dolmalydyr.

(22) 


Ynsanyò jemaly — sözüniò haklygyndadyr.

(43) 


Zeminde gürläp, pikirlenip, sözläp bilýän jandar diòe Adam däl!

Zeminde ýaºap ýören ähli janly-jandarlar, haýwanlar pikirlenip hem bilýär, gürläp hem!

Zeminde ösüp oturan ähli ösümlikler hem özara sözleºýär, olar diòläp hem bilýär, gürläp hem bilýär!

(55-56) 


Türkmen sözüne ygrarly, lebzine wepaly! Türkmende ulynyò sözi — kiçi üçin perman!

(59) 


Bu toprakda kesewiòi dürten ýeriò bagy-bossan bolýar, ýaýyòdan okuòy gaçyrsaò, bu toprak altynbaº bugdaý öndürýär, söz gaçyrsaò, dana pähim bolup galkynýar bu toprak, ýaºasaò rysgal-bereket bolup göterilýär bu toprak!

(78) 


Ogry-haramynyò jezasy ºu görnüºde ýerine ýetiriler.

— Üç bilimdaryò ylalaºan sözüni, her ýerde diýmek bolar. Bolmasa oòa ynam etmek bolmaz. Öz sözüòi we gaýry kiºi sözüni ºol bilimdarlar sözüne barabar et. Eger muwapyk bolsa, ony sözlemek bolar, bolmasa sözlemezlik gerekdir.

(88) 


Atamyz Oguz han Türkmen — ullakan ýurduò ºasy, gylyjyny gynyndan çykarmagyò deregine, gursagyndan Allanyò salan sözlerini çykarýar. Tamdyrdan çykan çörek ýaly sözler bilen dünýäni alýar, ol mukaddesligi bize wesýet edýär:

— Biri maòa söz diýse, men oòa ýok diýmedim. (Haýyºyny bitirdim).

— Haýyr bilen ºeriò ahyryna garap, maksadyma ýetdim.

— Barça maksadymy iliò gözüne görkezip, halkymy ynandyrdym.

— Elime ýarag alman, süýji dil bilen halky ýola saldym.

— Adyllyk ýoluny tutup, öz ilimi jem kyldym.

— Birewe kast etmedim, jebir etmedim, özüme jebir edilse, sabyr etdim.

— Kim deòlik ýolundan dogry ýörese, onuò ýoly ºumlyga barmaz.

— Eger seniò tutan ýoluòy il oòlamasa, görjegiò gowulyk bolmaz.

— Kim öz raýatyna zulum etse, öz gabryny özi gazar.

— Kim raýatyna zulum etse, ol duºmanyò etjek iºini edýändir. Beýle ýagdaýda diòe duºmanlar ºat bolar.

— Adyllykdan özge ýol patyºaga laýyk däldir.

(92-93) 


Aýdylýan sözler meòzeº hem bolsa, täsiri üýtgeºik.

(95) 


...Elli asyrlyk geçmiºimizden türkmene baý hazyna, azym-azym ºäherler, belent-belent ymaratlar haraba bolup miras galypdyr. Ol mirasy sowady bolan okap düºünip bilmeýär, oòa Gurhany düºündiren ýaly ºerh gerek, teswir gerek, keramatly Gurhany okan ýaly sözleriò, setirleriò, sözlemleriò aºagyndaky pynhan manysy bilen düºünmegi öwrenmek gerek! 

(95-96) 


Beýik danamyz Magtymguly Pyragy: «Öòüò gara, ardyò gözle, hoº sözüò diý, gahryò gizle, sözläbilseò ýagºy sözle, halk ýamanyò bizarydyr»  diýip, takyk belläpdir.

(158) 


Bu topragyò gursagyna atylan söz pähim-paýhas bolup gögerýär.

(166) 


Diliò arassalygyny saklamak nesilleriò arasyndaky üznüksizligi üpjün edýär we milletiò ömrüni uzaldýar. Sowet döwründe biziò dilimize gerekmejek sözleri salmaga synanyºdylar. Garaºsyzlygyò ilkinji aýlaryndan baºlap, türkmen diliniò ºireliliginiò, many goýazylygynyò, duýgy örüsiniò artyp ugrandygy tötänleýin zat däldir. Garaºsyzlyk türkmen dilini ýasamalykdan, dar galypdan halas etdi. Garaºsyzlyk diòe bir türkmen halkyna däl, eýsem türkmen diline-de azatlyk berdi.

(175) 


Umuman, söz sungaty — edebiýat bilen bilelikde saz sungaty türkmeniò esasy milli genisiniò ýüze çykýan ugrudyr.

(176) 


Türkmen adam hakda aòsat-aòsat ýaramaz söz aýtmaz. «Kemi bar adamyò, artykmaç ýerem bardyr»  diýer. «Allanyò ýaradan bendesi, hiç bolmanda sençe-mençe bardyr»  diýer.

(185) 


Dönük ýasama söz, özem türkmende ýeke-täk manydaº sözi bolmadyk söz!

Mertlik, watanparazlyk sözleriniò onlarça manydaº sözleri bar!

(189) 


Ýagºy sözler, röwºen jümleler, ºuglaly sözlemler ýürekden çykar hem göni ýürege barar. Öz bähbidini unudyp, il-ulus üçin ýaºap ýören derwüºler edil mährem, nurly sözleriò kalba giriºi ýaly ynsanlaryò kalbyna girip gider.

(192) 


Men hasam taryhy çeºmeleri okanymda, öwrenenimde türkmen sözüniò soòky 50 ýyldan gowrak wagtda türk sözi bilen çalºylandygyny anykladym.

(210) 


Oguz han Türkmeniò dil hakda aýdanlary:

…Söz ýürekden çyksa güýçli.

Sözi paýhas bezär.

Göwni baýyò sözi — jaý.

Paýhasly söz bakydyr…

(212) 


Bilge hanyò meºhur sözleri bardyr:

«Eý, oguz-türkmen begleri, millet, eºidiò; ýokarda gök çökmese, aºakda ýer dilinmese, türkmen milletiòi, iliòi, kanunyòy kim bozup biler!»

(217) 


Sözleri ýalkymly, kalby ºuglaly  
Ýüregi, gül ýüzi — nurly türkmensiò!

(276)