Iwan Semýonowiçiò Atamyrat aga baradaky gürrüòi

Bir gezek kitaphanada kitap okap otyrkam, ýaºlary köneliºen, gözleri äýnekli bir rus adamsy maòa tiòkesini dikip bir eýläk geçdi, bir beýläk geçdi.

Men oòa üns bermedim, kimdir birine meòzedýändir diýip çakladym, ol goja ahyry ýanyma gelip, ýene tiòkesini dikdi. Men giòdirin weli, onuò bolºuny halaman:

— Atam, näme, tanajak bolýaòyzmy? — diýip, her hal sypaýyçylyk etdim.

— Tanajak bolýan ogul, tanajak bolýan, arman, gözler çöòòelipdir.

Men gojany kemsiz synlaýaryn, tangyram bolsam, ýadyma düºenok. Emma bu kiºi bilen men soò otluda içgin tanyºdym.

Goja:

— Eger men ýalòyºaýsam ýüregim çatlar, eger ýalòyºmasam, ýene ýüregim çatlar! Ýa Alla, menlik bol! — diýip, hamana tutuº ömrüne dalaº edýän töwekgelligine ýüz urýan dek, sag goluny aºak ýatyrdy: — Sen kim bolsaòam, Atamyrat Annanyýazyò ogly bolmaly!

Dogrusy, meniò depämden bir bedre gyzgyn suw guýlan ýaly boldy, ýüregim jigläp gitdi. Kakamyò adynyò tutulmagy, onda-da bütinleý ýat adam tarapyndan tutulmagy meni lerzana saldy...

Tanºyp otursam, bu professor kakam bilen bir ýerde gulluk edip, bir döwüm çöregi paýlaºyp iýip, duºmanyò okuna bile döºüni geren adam eken. Biz bu kiºi bilen gahrymançylykly, pajygaly uruº barada, soòky döwür barada köp gürrüò etdik. Ol görgüli kakamyò yzyny deròäp Aºgabada iki ýola hat ýazyp, maglumat sorapdyr. Ikisinde-de «Atamyrat Annanyýazyò aýaly, çagalary ýer titremede wepat boldy» diýip, maglumat berlipdir. Ol meni diri görüp hamsykdy, aglady, begendi...

— Seniò kakaò atýüzräk ýigitdi, seniò keºbiò, hereketleriò edil Atamyradyòky-da! Uruº kiparlap dynç alynýan pursatlary aýdym-saz edilse, oglanlar kakaò daºyna üýºäýerdi ýöne. Haýsy saz guraly bolsa oýnardy, ºahandazdy, tans edende dagy tansyò ussady kawkazlylaram telpek goýardy.

Saparmyrat jan, kakaò tüpeòden çykan gülledi, ýaýdan çykan okdy, gözsüzbatyr diýilýänlerdendi. Men oòa «Atamyrat, yzyòda ýaºajyk çagalaryò bar, özüòi gora» diýsem, «Men özümi gorasam çagalarymy kim gorar?!» diýerdi. Ol ºir bolup söweºerdi...

Goja kiºi pajygaly bir söweºde tutuº bölümiò daºynyò gabawa alnyp, ýesir düºmäge mejbur bolandygyny jikme-jik gürrüò berdi.

— Biz ýesir düºmeli bolduk... Ony biz çözmedik, bizden ýokardaky ýolbaºçylarymyz çözdi. Geçen uruºda beýle ýagdaýlar gaty köp bolupdy. Onda esgerleriò günäsi ýokdy. Emma ºonda-da seniò kakaòa ýesir düºdi diýip bolmaýar. Seniò kakaò Atamyrat ýesirligiò ilkinji pursatynda kommunist hökmünde atyldy. Kakaò kommunistlerçe, merdanalyk bilen ölüme döºüni germegi baºardy. Hawa, Saparmyrat jan, Iudanyò Isany satyºy ýaly, seniò kakaòy hut obadaºlary satdylar.

Seniò kakaò gahrymandy, hakyky gahrymandy. Men onuò bir söweºdäki gahrymançylygyny beýan edip eser ýazdym, men ýazyjy däldim, ýöne ýazman bilmedim. Dostumyò söweº edermenligini dünýä ýaýasym gelip ýazdym, onuò ruhunyò öòünde jogapkärligim üçin ýazdym. «Mosfilmdäki» tanyºlarymyò birine okatdym. Kinorežissýoram, kinostudiýa-da ony gaty halady, emma olar iò soòky pursatda:

— Baº gahrymany gruzin ýigidi edip üýtgetmesek bolmaýar, türkmen diýsek, ony hiç kim tanamaýar — diýdiler.

Iwan Semýonowiç uludan demini aldy, elýaglygyny çykaryp, äýnegini süpürip, ýaòadan geýdi:

— Men olara-da düºünýän... Stalin zamanasydy. Emma men baº gahrymanyò üýtgedilmegine garºy bolup, eserimi yzyna aldym... Saparmyrat jan, oglum, kakaò hakyky gahrymandy, onuò ykbalyny, söweº ýoluny hökman öwrengin...

(33-nji sah.)