|
Türkmen
milli sazy — milletiò kalbynyò owazy. Türkmen sazynyò
arassalygynyò, özboluºlylygynyò hem hiç bir özge halkyòka
meòzemeýänligini dünýä ykrar edýär. Türkmen sazy çuòòur
pelsepä ýugrulanlygy bilen tapawutlanýar. ªol häsiýet onuò many
goýazylygyna eýe bolmagyna getiripdir. Umuman, söz sungaty — edebiýat
bilen bilelikde saz sungaty türkmeniò esasy milli genisiniò ýüze
çykýan ugrudyr. Türkmen dutarynyò owazy bu milletiò döredijilik
paýhasynyò gaty aòyrdanlygynyò gözli ºaýadydyr.
(176-njy
sah.)
|
Bu gün ol ruh bedewe öwrüldi. Bu eýýamyò ruhy diòe
bir deprek, gopuz, dutar, gyjak däl, eýsem, ähli 72 saz guralynyò
birleºmeginde, bitewilikde çalynmagynda, ýaòlanmagynda beýan edilýär.
(297-nji
sah.)
Toýlaryò, baýramlaryò bezegi sazlar barada. Ata-babalarymyz
«Aýdym we dabara ynsany terbiýeleýän iki hususdyr. ªolardan dabara
ten älemine, saz bolsa ruh älemine degiºlidir. Saz bilen dabara
birleºen wagty ynsanyò teni we ruhy älemi terbiýelenýär» diýip
kesgitläpdirler. Men: «Döwletleriò, milletleriò häsiýetlerine düºünmek
üçin olaryò sazyna serediò, maºgalanyò bagtyýarlygyny bilmek
üçin ºol öýde aýdym-sazyò owazynyò ýaòlanyºyna serediò!»
diýmek isleýärin. Biziò ata-babalarymyz söweºe çykanda saz
toparlaryny, tugy we baýdaklary esgerleriò ruhuny galdyrmak üçin
ýörüºe ýany bilen alypdyrlar. Deprekleriò gök gürrüldisini
ýadyòa salýan gümmürdisi, surnaýlaryò ýürekleri endiredýän
düòòürdisi, gyjagyò mukaddes mukamy... taryhda türkmen
jemgyýetiniò güýç, ylham we gaýrat çeºmesi eken. Her saz
toparynda ýediden on ikä çenli saz gurallary ulanylypdyr. Indi, Garaºsyz
döwletde, ata-babalaryò ruhuna eýerip, türkmen sazlarynyò baýlygynyò
dowamyny köp dürli saz gurallarynyò üsti bilen, milli öwüºginli,
mährem owazly, jana lezzetli edip öz-özümize subut etmelidiris,
aç-açan subut etmelidiris!
(378-nji sah.)
|