Atsyz bu nesilºalygynda ilkinji hökümdar
bolýar, ol garaºsyzlyga ymtylypdyr, ýöne 1138 (533)-nji ýyldaky
gozgalaò üçin Soltan
Sanjar oòa temmi berýär – Köneürgençden kowýar.
(130-njy
sah.)
Soòky seljuk türkmen soltany Soltan
Sanjaryò soltanlygy Mesut soltanyò soltanlygynyò synyºy ýaly synýar!
Uly döwletiò soltanyny Balhyò töwereginde oturan oguz türkmenleri
bilen duºman edýärler. Soltan Sanjar öz halky bilen söweºmejek
bolup, köp çydaýar.
(223-nji
sah.)
Soltan Mälik ºanyò ogly soltan
Sanjar bolsa, türkmeniò ylmyna-medeniýetine uly üns beren adamdyr.
(227-nji
sah.)
Beýik seljuk türkmen döwletinde
tagt üstündäki dawalar artansoò, soltan Sanjar bu dawalary aradan aýyrmak
üçin özüne tabyn ýerlerde döwletler döredip ugrady. Olaryò biri
Yrakdaky seljuk türkmenleriniò döwletidir, 1118-nji ýylda oòa hökümdar
edip, dogany Muhammet Taparyò ogly Mahmydy goýdy.
(231-nji
sah.)
Türkmen öz däbi — ýoly
üýtgän ýerinde ýeòilýär. Oòa mysal Merw, Maru-ºahu-jahan. Mary 4 müò
ýyl mundan ozal gülläp ösen, türkmenleriò ata-baba topragynyò ösen
merkezi ºäheri bolupdyr. Türkmen hanlyklary döräp, Sanjar soltan
bolan döwründe iki milliondan gowrak ilaty bolupdyr. XIII asyryò baºynda
Çingiz han bu ºäheri weýran edipdir.
(294-nji
sah.)
Seljuk soltanlary zamanasynda türkmenleriò
aga-ýana döwran sürüp ýaºan döwründe soltan Sanjar Enweriniò
bir rubagysyny okap görüpdir-de, ony köºge çagyrypdyr.
Pelegiò gerdiºi, melgun dünýesi,
Azap berip köp çekdirdi külpeti.
Ýerden-gökden gelýän bela soraýar:
«Niredekä Enweriniò külbesi?!»
Soltan Enweriniò rubagysyny okap bolýar-da:
— Eý, ºahyr, ähli
bela-beterler diòe seniò öýüòi sorag-ideg edip, seniòkä gelýän
bolsa, täleýiòden nalap oturman, oýlan. Meniò özümde bir günä
bar bolaýmasyn diý. Sebäpsiz çöp baºy gymyldaýan däldir. ªol
gymyldaýan çöp seniò bolºuòdan habarlydyr — diýipdir.
Enweri soltanyò näme diýmek isländigine — kül
üstünde otursa-da, göwnüniò Kap dagyndadygyny, islegi bilen ýaºaýºynyò
deò gelmeýändigini, oòºuksyzlygyny, bir ýerde uzak durmaýandygyny
göz öòünde tutýandygyna düºünipdir.
(307-nji
sah.)
|