|
SALYRLAR
DÖWLETI (233)
– ser.
Salyr
türkmenleriniò hökümdarlygy.
SALYR
TÜRKMENLERI
(127, 128) – ser. Salyr
türkmenleriniò hökümdarlygy.
SALYR
TÜRKMENLERINIÒ DÖWLETI
(109) – ser. Salyr türkmenleriniò hökümdarlygy.
SALYR
TÜRKMENLERINIÒ HÖKÜMDARLYGY
[… hökümda:rlygy] (111, 233) – Eýranyò Fars böleginde Oguz hanyò
Salyr agtygynyò nebereleri tarapyndan gurlan atabeglik (1147-1284 ý.).
XII asyryò ortasynda Lebapdan Eýrana göç eden salyr ili bu ýerde döwlet
gurup, ªiraz ºäherini paýtagt tutunypdyr. Bu atabeglik döwleti
edara etmekde seljuk-türkmen döwletleriniò ýol-ýörelgelerini nusga
hökmünde kabul edip, medeniýeti, binagärligi ösdüripdir. Bu döwletden
Sagdy ªirazy ýaly görnükli ºahyrlar hem çykypdyr.
Salyr
türkmen döwletiniò hökmürowanlygynyò sönky ýyllarynda sebitde
mongollaryò täsiri barha güýçlenip, Salyrlar döwleti gitdigiçe
pese gaçýar. Döwletiò baºyna geçen soòky hökümdarlaryò, ylaýta-da
ahyrky 22 ýyl biregne häkim bolan Abyº hatynyò döwleti dolandyrmaga
ukypsyzlygy netijesinde bu atabeglik ýykylyp, mongol hökümdarlygy
bilen çalºyrylýar.
SAMANLY
DÖWLETI
[Sa:ma:nly …] (218) – Mawerannahrda samanlylar neºilºalygy
tarapyndan 875-nji ýylda düýbi tutulyp, 999-njy ýyla çenli höküm
süren döwlet.
Araplaryò
garºysyna Rafi ibn Reýsiò 806-810-njy ýyllarda turzan gozgalaòyny
basyp ýatyrmaga eden kömegi üçin, Arap halyfatynyò Mawerannahrdaky
hökümdarlary asly Balhly Saman (Samanhuda) diýen baý mülkdara
819-njy ýylda Buhara sebitlerinden uly mülkleri peºgeº berýärler.
Arap halyfatynyò gowºap baºlan döwründe (875-nji ýylda) Samanly
nesilleri bu mülklerini özbaºdak döwlet diýip yglan edýärler, oòa
uly atalary Samanyò adyny dakýarlar. Bu ºäherde Samanly ºalaryò
guburynyò üstünde gurlan kaºaò hanakalar häzire çenli saklanýar.
Garahanly
türkmenleriò döwletiniò hökümdary Mansur 2-njiniò 999-njy ýylda
Buharany almagy bilen X asyryò I ýarymynda has güýçlenen Samanly döwleti
dargaýar, onuò Mawerannahr bölegi Garahanly, Amyderýanyò çep
kenaryndaky ülkeler bolsa Gaznaly türkmen döwletleriniò ygtyýaryna
geçýär.
SAMANLYLAR
[Sa:ma:nlylar] (140) – ser. Samanly döwleti.
SAMARKANT
(131, 141) – Häzirki Özbegistanyò çäginde, Zerewºan jülgesinde
Merkezi Aziýanyò gadymy ºäheri, adybir welaýat. B. e. öòki
329-njy ýylda bu ºäher Marakanda ady bilen duº gelýär. Samarkant
ºäheri we welaýaty irki eýýamlardan häzire çenli türkmenleriò
hem köpçülik bolup ýaºan we ýaºaýan topragydyr. Etnik topar hökmünde
Seljuk türkmenleriniò kemala gelen we Günbatara ýöriºinden öò
uly topar bolup üýºen ülkesi hem Samarkantdyr, hatda Seljuk serkerdäniò
agtyklary Togrul beg we Çagry beg hem ýetginjekkä Samarkantyò Nurata
daglaryndaky türkmenleriò içine getirilip, ºu ýerde harby sungaty
ele alýarlar, Samarkantdan Mara, soòra hem Eýranyò üsti bilen Kiçi
Aziýa ülkelerine aºyp, Beýik Seljuk imperiýasynyò düýbüni tutýarlar.
Moskwaly
alym W. G. Moºkowanyò ýazyºyça, Samarkant welaýatynda jemi 51, bu
welaýatdan bölünip aýrylan Zerewºan welaýatynda hem 23 sany türkmen
obasy bar. Irki eýýamlardan häzire çenli türkmen halkynyò ºeýle
ýakyn gatnaºyk eden ülkesi bolany üçin, Samarkantyò ady geçmiº
ºahyrlarymyzyò goºgularynda we halk döredijiliginde köp gaýtalanýar:
Samarkant
tagtynda gurlan ýaýlara…
(Magtymguly).
Agtarsam
Samarkanty, Hojant, Kaºgary birle…(Seýdi).
Mukaddes
Ruhnamada-da Samarkantyò ady Gaznaly türkmen döwletiniò ºasy soltan
Mahmydyò XI asyrda, Köneürgenç hökümdary Alaýeddin Muhammediò
hem 1210-njy ýylda bu ºäheri öz garamagyna geçiriºi bilen baglanyºykly
ýatlanýar.
SANJAR
(119-121, 232) – Häzirki Yragyò çäginde ýerleºen gadymy ºäher.
Zeòni türkmen hökümdarlygy (1127-1250/59) bu ºäheri özüne tabyn
edýär.
SANJAR
HÖKÜMDARLYGY
[… hökümda:rlygy] (122) – Yragyò gadymy Sanjar ºäherinde gurlan
türkmen atabegligi, Zeòòiler nesilºalygynyò Mosuldaky hökümdarlygynyò
garamagyndaky beglik (1149-1233).
SARAHS
(188, 221, 225, 226, 392, 393) – Türkmenistanda gadymy ºäherleriò
biri. Tejen derýasynyò ýakasyndaky giò düzlükde ýerleºip, ir eýýamda
ekerançylaryò merkezi bolan bu ºäher Merw bilen Nyºapuryò
aralygyndaky möhüm düºelge hasap edilýär. Gadymy Sarahs galasy häzir
harabaçylyga öwrülip, 120 gektar meýdanda belent, dörtburç depe görnüºinde
howalanyp görünýär. Gadymy Sarahs ºäheri takmynan 2500 ýyl töwerekleri
mundan ozal gurlupdyr. Sarahsyò orta asyra degiºli binagärlik
ymaratlaryndan Abul Fazlyò gümmezi has ajaýyp binadyr. Ýerli ilat
ony “Sarahs babanyò gümmezi” diýip atlandyrýar. Ol XI asyrda
bina edilipdir. Abul Fazl X-XI asyryò belli alymy Abu Seýit Abyl Haýyr
– Mäne babanyò mugallymydyr.
1925-nji
ýylda ºu sebitde döredilen etraba, onuò merkezi ºäherçesine, Beýik
Saparmyrat Türkmenbaºy eýýamynda Tejenden Eýranyò Maºat ºäherine
çekilen demir ýoluò ºu ýerdäki menziline hem gadymy Sarahs
galasynyò ady dakyldy.
Mukaddes
Ruhnamada Sarahs ady türkmenleriò gadymy oturymly ýerleriniò biri hökmünde,
ºeýle-de seljuklar eýýamynda we Hywa hanlary bilen türkmenleriò
arasynda Sarahsda bolup geçen uruºlar zerarly ýatlanýar.
Ahal
welaýatynyò Sarahs etrabynyò ilat sany 63 müò 400 adam (2002-nji ýylyò
Gorkut aýynyò baºyna çenli).
SASANILER
(216) – III-VII asyrda Ýakyn we Orta Gündogarda höküm süren döwlet
(224-651 ý.). Ol öz adyny ilkinji pars patyºasy Papagyò kakasy
Sasanyò adyndan alypdyr. Sasanyò agtygy Artaºir I 224-nji ýylda
Parfiýa ºalygynyò ornunda ºalyk gurýar we oòa atasynyò adyny dakýar.
Gülläp ösen döwründe bu döwlet Eýran, Owganystan, Amyderýanyò günorta
ülkeleri, Merw, Kawkaz, käbir arap ýurtlary ýaly ençeme hökümdarlyklary
özüne birleºdiripdir. Sasanileriò soòky hökümdary Ýezdegerd III
642-nji ýylda araplardan ýeòilýär, on ýyl olardan gaçyp, ahyrda häzirki
Mary welaýatynyò Türkmengala sebitinde 651-nji ýylda tutulýar we öldürilýär.
Sasaniler döwleti hem dargaýar.
Mukaddes
Ruhnamada Göktürkmen döwletiniò güýçli goòºulary hökmünde
ilkinji nobatda Sasanileriò, soòra Rumustan bilen Çyn-Maçynyò
atlary tutulýar.
SAÝRAM
(220) – Oguz-türkmenleriniò gadymy we uly ºäheri. Ol Gazagystanyò
Çimkent ºäheriniò gündogarynda, Badamçaýyò kenarynda ýerleºipdir.
Häzir bu ýerde Saýram diýen oba bar. Alymlaryò bir topary irki
Isfijan ºäherini Saýram hasap edýärler. Mahmyt Kaºgarly (XI asyr)
Saýram sözüni “ak ºäher” diýip düºündirýär. XIV asyr
taryhçysy Reºideddiniò ýazmagyna görä, Oguz han döwründen galan
Saýram ºäherine Garry Saýram diýlip, ol 40 derwezeli uly ºäher
bolupdyr, hatda onuò bir çeti bilen beýleki çetiniò arasy bir günlük
ýol eken.
Mukaddes
Ruhnamada-da Saýram ºäheri Beýik oguz-türkmen döwletiniò Ýaòykent,
Garajyk, Jent ýaly esasy ºäherleri bilen bir hatarda goýulýar.
SEFEWILER
(241) – ser. Sefewi türkmenleriniò döwleti.
SEFEWI
TÜRKMENLERI (144)
– ser. Sefewi türkmenleriniò hökümdarlygy.
SEFEWI
TÜRKMENLERINIÒ DÖWLETI
(110, 240) – ser. Sefewi
türkmenleriniò hökümdarlygy.
SEFEWI
TÜRKMENLERINIÒ HÖKÜMDARLYGY
[… hökümda:rlygy] (240) – XV asyryò baºynda Eýranda (Erdebilde)
geljekki uly hökümdar hem-de ºahyr ºa Ysmaýyl Hataýy tarapyndan düýbi
tutulyp (1501/02 ý.), tä 1736-njy ýyla çenli dowam eden we özüniò
iò giòän döwründe Eýranyò, Gündogar Horasanyò, Yragyò, Gürjüstanyò,
Dagystanyò, Türkmenistanyò ýerlerini, Gündogar Arabystanyò
kenarlaryny, Gündogar Anadolynyò käbir böleklerini öz içine alan
uly döwlet. Erdebil ºäherinde yslam dini taglymatynyò bir ugry –
sefewi derwüºçilik-sopuçylyk ojagy döräp, oòa ºu toplumy döreden
sowatly we dindar ºahsyò – ªefi (Sefieddin) Ishak Erdebilliniò
(1252-1335) ady geçýär (Sefi - Sefewi). ªeýh Sefiniò soòky
nebereleriniò biri, geljekki hökümdar ºa Ysmaýylyò (1487-1524) döwründe
bu dini ojak barha güýçlenip, onuò tarapdarlary gitdigiçe köpelýär.
Garagoýunly hökümdarlary bilen tersleºen ençeme türkmen taýpalary
hem Anadoludan Eýrana çekilip, Ysmaýylyò toparyna goºulýarlar. Bu
kuwwatly topar ilki ªirwan ºasy Farruh Ýasary, soòra Akgoýunlylary,
ahyrda-da Maryda ªeýbany soltany ýeòip, olaryò garamagyndaky ähli
ýer-ýurtlary öz ygtyýaryna geçirýär.
Sefewi
türkmen döwletiniò güýçli ºalary hökmünde ºa Ysmaýyl Hataýynyò
(1487-1524), Eýrany kuwwatly döwlet derejesine göteren ºa Apbas I-iò
(1571-1629) we Tahmasp ºanyò (1524-1576) atlaryny tutmak bolar. Öz döwründe
Eýran-Türkmen, Eýran-Türk döwleti diýen atlar bilen hem belli
bolan bu hökümdarlykda sefewiler pars medeniýeti bilen hereket eden
bolsalar-da, özleriniò türkmenligini gorap bilendikleri Mukaddes
Ruhnamada beýan edilýär. Muòa döwletiò düýbüni tutan ºa Ysmaýylyò
Hataýy diýen edebi lakam bilen türkmençe goºgularyò uly toplumyny
ýazyp galdyrandygy-da güwä geçýär.
SELJUK
DÖWLETI
[Selju:k …] (222) – ser. Beýik
Seljuk türkmenleriniò döwleti.
SELJUKLY
TÜRKMENLERIÒ ªAMDAKY DÖWLETI
[Selju:kly … ªa:mda:ky …] (109) – ser.
ªamdaky Seljuk türkmenleriniò
döwleti.
SELJUK-TÜRKMEN
DÖWLETI
[Selju:k …] (110, 113, 230) – ser.
Beýik Seljuk türkmenleriniò döwleti.
SELJUK
TÜRKMENLERINIÒ KERMANDAKY DÖWLETI
[Selju:k … Kerma:ndaky …] (109) – ser.
Kermandaky Seljuk türkmenleriniò
döwleti.
SELJUK
TÜRKMENLERINIÒ SOLTANLYGY
[Selju:k … solta:nlygy] (209) – ser.
Beýik Seljuk
türkmenleriniò döwleti.
SERHEDABAT
[Serheda:ba:t] (246) – Mary welaýatynda ºäher we etrap. Bularyò öòki
ady Guºgy bolup, ol öòki SSSR-iò günorta nokady hasaplanýardy.
1885-nji ýylda Pendi sebitlerini basyp alan rus esgerleri 1890-njy ýylda
ºu ýerde – Owganystan bilen Türkmenistanyò serhedinde berk galanyò
düýbüni tutup, oòa Kuºka diýip at dakypdyrlar. Türkmenistanyò
ilkinji we ömürlik Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaºynyò
1999-njy ýylyò Bitaraplyk aýynyò 29-yndaky Permany bilen Guºgy ºäherine
we etrabyna Serhedabat diýen täze at berildi.
Serhedabat
etrabynyò ilat sany: 40 müò 300 adam (2002-nji ýylyò Ruhnama aýynyò
baºyna çenli).
SEÝHUN
[Seýhu:n] (131) – Syrderýanyò bir ady. Beýik Saparmyrat Türkmenbaºy
Seýhun sözüniò Hun derýasy diýen manyny berýändigini “Türkmen
ilim aman bolsun” atly goºgular kitabynda düºündirýär (47 sah.).
Ýene:
ser. Syrderýa.
SEÝHUN
BILEN JEÝHUN ARASY
[Seýhu:n … Jeýhu:n a:rasy] (211, 218) – Syrderýa bilen Amyderýa
aralygynyò (Mawrannahryò, Transoksaniýanyò) Beýik Saparmyrat Türkmenbaºy
tarapyndan ulanylan ady. Ýene: ser.
Seýhun, Jeýhun, Mawerannahr.
SIBIR
(31, 147, 214) – Öòki SSSR-iò Aziýa çäkleriniò uly bölegi. Onuò
günbatar araçägi Ural daglary, gündogary Ohot deòziniò
kenarlaryndaky dag geriºleri, demirgazygy Demirgazyk Buzly umman, günortasy
hem Gazagystan baýyrlyklary bilen Mongoliýa serhetleridir. Meýdany on
million inedördül kilometr bolan bu giò ülke Günbatar Sibir we Gündogar
Sibir diýen iki uly bölege bölünýär. Mukaddes Ruhnamada Günbatar
Sibiriò hem ady tutulýar (147).
SIWAS
[Siwa:s] (115, 116, 239) – Türkiýäniò Anadolu böleginde welaýat
we onuò Gyzylyrmak derýasynyò ýakasynda ýerleºýän merkezi ºäheri.
ªäheriò gadymy atlary Kabira, Diospolis we Sebastiýa (soòky at
Sebaste görnüºde Mukaddes Ruhnamada-da Siwasdan soò ýaý içinde ýatlanypdyr
- 115). Siwas sebitleri seljuk türkmenleriniò köpçülikleýin göçüp
gelen we höküm süren ülkesidir. Bu ýerde 1097-1165-nji ýyllar
aralygynda Danyºment türkmenleriniò guran döwleti rowaç bolupdyr.
SOLTANIÝE
[Solta:niýe] (237) – Eýran Häzirbegjanynda, Tähran we Erzurum ºäherleriniò
aralygynda, Gyzylözen derýasynyò ýakasynda ýerleºen ºäher. Eýranda
1256-njy ýyldan XIV asyryò ortalaryna çenli höküm süren Ilhanlylar
(Hulagulylar) tarapyndan 1305-nji ýylda düýbi tutulan bu ºäheri
Uljeýtu (1309-1316) özüne paýtagt tutunýar. Bu ülkäni Teýmirleò
basyp alandan soò, sapaly we amatly jülgede ýerleºen Soltaniýe ºäheri
hökümdarlaryò düºelgesine, ºeýle-de Eýranyò bu sebitiniò söwda
merkezine öwrülýär. Geljekki hökümdar we münejjim alym, Teýmirleòiò
agtygy Ulugbeg hem 1394-nji ýylyò Nowruz aýynyò 22-sinde ºu ºäherde
dogulýar.
Soltaniýe
töwerekleri türkmenleriò hem gadymy oturymly mesgenidir. Hatda
1826-1828-nji ýyllarda Eýran bilen Orsyýetiò arasynda bolup geçen
urºuò ýaraºyk ºertnamasy hem Soltaniýäniò ýakynyndaky Türkmençaý
obasynda 1828-nji ýylyò Baýdak aýynyò 22-sinde baglaºylýar. Bu
uly obada bolsa türkmenler ýaºaýarlar. Mukaddes Ruhanamada-da
Soltaniýe ºäheriniò ady Garagoýunly hökümdarlarynyò basyp alan
ülkeleriniò hatarynda sanalýar.
SOMNAT
[Somna:t] (140) - Hindistanyò demirgazyk-günbataryndaky Güjerat welaýatynda,
Arap deòziniò kenarynda gadymy ºäher. Gaznaly türkmen döwletiniò
hökümdary Mahmyt soltan Hindistana eden köp sanly ýöriºleriniò
birinde, 1024-nji ýylda bu ºäheri basyp alýar.
SOWET
DÖWLETI
(256, 257) – 1917-nji ýyldan 1991-nji ýyla çenli hökmürowan bolan
we uly çäkleri öz içine alan döwlet, SSSR.
Ýene:
ser. SSSR.
SÖWÜT
(136, 236) – Türkiýäniò Marmara bölgesiniò (ülke) Bilejik welaýatynda
ºäherçe. ªu ýerdäki belentligi 1307 metre ýetýän baýyrly dagyò
bagly-bakjaly, söwütli jülgesinde gurlan bu ºäherçä wizantiýalylar
Thebizon, araplar Beldeýi safsaf (“söwütli ºäherçe”) diýipdirler.
Bu sebiti 1270-nji ýylda Ärtogrul gazy özüniò 400 atlysy bilen
wizantiýalylardan basyp alandan soò, Seljuk soltany Alaeddin Keýkubat
oòa bu ýeòºi üçin Söwüdi gyºlag hökmünde sowgat berýär. Ärtogrulyò
ogly Osman beg Osmanly türkmen döwletiniò düýbüni tutan döwürlerinden
tä 1336-njy ýyla çenli Söwüdi paýtagt tutunýar (soòra paýtagt
Bursa ºäherine göçürilýär).
Ärtogrul
gazy 1281-nji ýylda aradan çykandan soò, ony Söwüdiò bir kilometr
demirgazygynda jaýlap, üstüne gümmez galdyrýarlar, daºyna hem
howly edýärler. Onuò nebereleriniò gümmezli aramgähleri hem ºu
howluda ýerleºýär. Bu wakadan soòky geçen 720 ýylyò her Ruhnama
aýynyò ikinji hepdesiniò anna we dynçgün günlerini Söwüt
sebitiniò ilaty “Ýörük
türkmen baýramy” ady bilen dabaraly belläp geçýär. Soòky ýyllarda
bu dabarany “Ärtogrul gazynyò hatyra günleri we Söwüt baýramçylygy”
diýip atlandyrýarlar. 1993-nji ýylda ºu baýramçylygyò 712-nji ýyldönümi
mynasybetli geçirilen dabaralar türk we türkmen halklarynyò bilelikdäki
uly toýuna öwrüldi. Oòa Türkmenistanyò ilkinji we ömürlik
Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaºynyò orunbasarynyò ýolbaºçylygynda
döwlet iºgärleri hem-de 125 adamdan ybarat medeniýet we sungat
ussatlarynyò topary gatnaºdy. Olaryò arasynda döwlet tans topary, meºhur
ºahyrlar, suratkeºler, aýdymçylar, jigitler we beýleki hünärmenler
bardy. Bu ýere türkmeniò alty ganat ak öýleri, ahalteke atlary, ºaý-sepleriò
sergisi hem getirilipdi. ªonuò ýaly-da, Türkmenistandan getirilen
azyk önümlerinden türkmen tagamlary taýýarlanyp, baýramçylyga
gelenlere hödür-kerem edilipdi.
Garyndaº
iki halkyò bilelikde tutan bu dabaraly toýuny bezän ºeýle ºanly
waka hem boldy: baýramçylyk mynasybetli Osmanly Türkmen imperiýasynyò
tugunyò ilkinji dikilen ýeri bolan Söwüt ºäherçesinde täze etrap
döredilip, oòa Beýik Saparmyrat Türkmenbaºy etraby diýen at
dakyldy we ýadygärlik ýazgy dikildi. Bu etrap ºäherçäniò merkezi
bölegini, ºol sanda Ärtogrul gazynyò we onuò nebereleriniò aramgählerini
öz içine alýar.
Iki
doganlyk halkyò arasynda geçirilen bu dabaraly toý we hyzmatdaºlyk Türkiýe
hem Türkmenistanyò tutuº ilaty, jemgyýetçiligi we hökümet ýolbaºçylary
tarapyndan uly kanagatlanma bilen garºylandy. ªol ýyldan bäri bu baýramçylyk
türk-türkmen hyzmatdaºlygynyò we agzybirliginiò nyºany hökmünde
her ýyl bellenip geçilýär. ªu ºanly wakadan soò, 1994-nji ýylyò
Oguz aýynda iki doganlyk ýurduò ilatynyò arasynda ýygy gatnaºygy,
mähirli ysnyºygy we dostlugy barha ösdürmek üçin, bu ýurtlaryò
10 ºäheri biri-biri bilen doganlaºdyrlar. ªonda Söwüt Türkmenistandaky
Gökdepe etraby bilen doganlaºdy. Doganlaºan ºäherleriò beýlekileri
ºulardyr: Aºgabat – Ankara, Mary – Ystambyl, Türkmenabat –
Izmir, Adana – Daºoguz, Türkmenbaºy – Iskenderun, Hazar –
Marmaris, Arçabil – Paýas, Gypjak – Gurtgulagy, Balkanabat –
Antakýa.
Doganlaºmak
babatda agzalan ºäherleriò häkimlikleri ilki karar çykardylar, ol
kararlar welaýat häkimleri, soòra iki ýurduò Içeri we Daºary iºler
ministrlikleri tarapyndan tassyklandy. Ahyrynda Ankarada ýörite
guralan dabarada iki ýurduò hökümet ýolbaºçylarynyò gatnaºmagynda
häkimler resmi kagyzlara gol çekiºdiler. ªol dabarada Türkmenistanyò
ilkinji we ömürlik Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaºy söz sözledi.
SSR
SOÝUZY
[… Soýu:zy] (49, 51-54) – SSSR diýen gysgaldylan goºma adyò
biraz türkmençeleºdirilen görnüºi. Ýene: ser.
SSSR.
SSSR
(45, 48, 49, 51, 52, 55, 270, 271, 296) – Soýuz Sowetskih Sosialistiçeskih
Respublik (“Sowet Sosialistik Respublikalar Soýuzy”) diýen rusça
goºma adyò baº harplaryndan düzülen,
gysgaldylan
görnüºi. 1917-nji ýylyò Sanjar aýynyò 7-sinde Oktýabr
sosialistik rewolýusiýasynyò üstün çykmagy bilen Sowet döwleti döredildi.
Orsyýetiò garamagyndaky bakna ülkeler we milletler hem bu döwletiò
düzümine girizildi. 1922-nji ýylyò Bitaraplyk aýynyò 30-ynda sowet
döwletiniò SSSR diýen resmi ady kabul edildi, çünki ºol gün bu döwletiò
düzümine kanun esasynda 4 respublika: Orsyýet, Urkaina, Belorussiýa
we Zakawkazýe girizildi. Türkmenistan bu birleºige 1925-nji ýylda
kabul edildi.
SUMBAR
(79) – Köpetdagyò geriºlerinden syrygýan suwlaryò hasabyna döräp,
ýurdumyzdaky Garrygala, Etrek etraplarynyò darajyk dag jülgesiniò düýbünden
akýan derýa, Etrek derýasynyò iò soòky sag goºandy. Derýanyò
uzynlygy 247 kilometr. Suw ýygnanýan meýdany 8517 inedördül
kilometr.
Subtropik
howaly Sumbar jülgesi mähriban Watanymyzyò iò gözel künjekleriniò
biridir. Bu jülgede nar, hoz, injir, hurma, badam ýaly subtropik
miweler oòat hasyl berýär. Mukaddes Ruhnamada-da bu jülgäniò ºu aýratynlygy
nygtalýar.
Beýik
Saparmyrat Türkmenbaºynyò goºgularynda Sumbar gözelligiò nyºany
ºahyranalygyò ylham çeºmesi hökmünde wasp edilýär:
Sumbar
– Pyragydan galan mekdebim,
Kitap açdym ýurdum diýe-diýe men.
(“Diýe-diýe men”).
SUMEÝSAT
[Sumeýsa:t] (122) – Yrakda Beg hökümdar türkmenleriniò
(1144-1233) öz atabegligine tabyn eden gadymy ºäheri. Häzirki döwürde
19 obanyò merkezi saýylýan bu ºäherçe Ýewfrat derýasynyò
demirgazyk-günbatarynda, Adyýaman diýen ýeriò ýakynynda ýerleºýär.
Çeºmelerde onuò ady Samsat, Semisat görnüºlerde hem duº gelýär.
SYRDERÝA
[Syrderýa:] (83, 131) – Merkezi Aziýanyò uly derýalarynyò biri.
Naryn we Garaderýanyò goºulyºmagyndan emele gelýän bu derýanyò
uzynlygy 2212 kilometr (Narynyò gözbaºyndan 3019 kilometr). Ir eýýamlarda
Ýaksart diýen at bilen belli bolan Syrderýa Aral deòzine guýýar,
ýöne häzir onuò suwy dolulygyna ekerançylyk üçin peýdalanylýar.
Esasy goºantlary Çyrçyk we Arys. Çeºmelerde derýanyò Seýhun diýen
ady hem mälimdir.
Mukaddes
Ruhnamada derýanyò iki adyna-da duº gelinýär. Geçmiºde Syrderýa
boýlary oguz-türkmenleriò ýaºan we ýaýlan ülkeleriniò biri
bolupdyr, oniò iki ýakasynda ençeme oguz ºäheri gülläp ösüpdir.
Ýene: ser. Seýhun.
|