|
OGUZBOÝY
(Uzboý)
(150) – ser. Uzboý.
OGUZ
DERÝASY
[... derýa:sy] (381) – Amyderýanyò Garagumuò içinden akan gadymy
hanasynyò – Uzboýuò ady. Mukaddes Ruhnamada bu at ºeýle düºündirilýär:
“Uzboý – Oguzyò hatar-hatar öý tutup oturan ýeri diýen manyny
beripdir. Geçmiºde Amyderýanyò köne hanasynyò boýuna türkmen
halkynyò oba-ºäherleri monjuk düzülen ýaly düzülip oturypdyr.
Bag-bakjalaryò, ynsanlaryò jemlenen ýerleriniò daºyny tertibe
salmak üçin suw, agaç, gül, ot biri-birinden aýry bolman, sazlaºykly
topragy bezäp otyrlar. Muòa türkmen bagy-bossany diýipdirler” (380
s.)
OGUZ
DÖWLETI
(216, 218, 220) – ser. Beýik Oguz-türkmen döwleti.
OGUZ
ILI [... i:li] (211,
216) – ser. Beýik
Oguz-türkmen döwleti.
OGUZ-TÜRKMEN
DÖWLETI (209,
218, 220, 232) – ser. Beýik
Oguz-türkmen döwleti.
OGUZ
TÜRKMENLERINIÒ BEÝIK HUN DÖWLETI
[... Hu:n ...] (213) – ser. Beýik Hun döwleti.
OGUZ-TÜRKMEN
ÝABGU DÖWLETI
(218) – ser. Beýik
Oguz-türkmen döwleti.
OGUZ
ÝURDY [...
ýu:rdy] (211, 225) – Oguz hanyò we onuò nebereleriniò hökümdarlyk
eden ýer-ýurtlarynyò tutuº ady.
ORHON
[Orho:n] (147) – Mongoliýa Halk Respublikasynda derýa, Selenga derýasynyò
sag goºandy (ýurduò paýgaty ºu derýanyò kenarynda ýerleºýär).
Orhon, ºeýle-de Sibiriò uly derýasy bolan Ýeniseý derýalary geçen
asyrda olaryò kenarlaryndan VII-XI asyralara degiºli bolan we mazarüsti
türkmen ýazgylarynyò tapylanlygy bilen meºhurdyr. Mukaddes Ruhnamada
ol hatlaryò köne türkmen elipbiýinde ýazylandygy, diliniò hem türkmençedigi
tassyklanýar.
ORSÝET
(55, 243) – ser. Orsyýet.
ORSYÝET
(52) – Russiýa döwletiniò türkmenler tarapyndan ulanylan ýörgünli
ady. Mukaddes Ruhnamada bu at Russiýa Federasiýasy bilen Garaºsyz Türkmenistanyò
arasyndaky döwletara ylalaºyklar, ºeýle-de halkymyzyò Orsyýet
bilen gadymy gatnaºyklary baradaky ýatlamalarda agzalýar.
ORTA
AZIÝA [... A:ziýa] (181,
215) – Öòki SSSR-iò Aziýa sebitiniò bir bölegi. Ol Türkmenistan,
Täjigistan, Özbegistan, Gyrgyzystan, Gazagystan döwletleriniò çäklerini
öz içine alýar. Tä 1924-nji ýylyò serhet bölüniºigine çenli bu
ülke Türküstan diýilýärdi., çüòki ol türki halklaryò gatyºyp-garyºyp
ýaºaýan gadymy ýurdudy. Orta Aziýanyò topragynyò milletara bölüniºiginden
soòra rus häkimiýetleri Türküstan diýen ady Orta Aziýa adalgasy
bilen çalºyrdylar.
ORTA
HINDI ÝAÝLASY [...
ýa:ýlasy] (234) – Hindistan ýarym adasynyò orta gürpünde, häzirki
Hindistanyò we Päkistanyò serhetiniò iki tarapynda ýerleºen ülkeleri
öz içine alan giò ýaýla. Hindistanyò Deli, Agra, Jaýpur ýaly ºäherleri
ºu toprakda ýerleºipdir. Mukaddes Ruhnamada bu ýaýlanyò ady Delidäki
türkmen soltanlyklarynyò hökümini ýöreden ülkeleri hökmünde
agzalýar.
ORTAÝER
DEÒZI
(9) -
Atlantik ummanynyòÝewropa, Afrika we Aziýa aralygyndaky uly deòzi.
Gadymy Rim imperiýasynyò ortasynda (merkezinde) ýerleºendigi üçin,
rimliler (latynlar) oòa mare Mediterraneum (“ortadaky, merkezdäki deòiz”)
diýip at dakypdyrlar. Ruslar bu ady göni terjime edipdirler (“Sredizemnoýe
more”).
Rus dilindenem ol türkmen diline sözme-söz geçipdir („Ortaýer deòzi”).
Rum türkmenleri bu deòze Ak deòiz diýýärler. Türkiýäniò (Rumuò)
demirgazygyny Gara deòiz, günortasyny hem Ak deòiz gurºaýar.
OSMAN
DÖWLETI
(235, 237, 239-241) – ser. Osman
türkmenleriniò döwleti.
OSMANLY
(240) – ser. Osman
türkmenleriniò döwleti.
OSMAN
TÜRKMENLERINIÒ DÖWLETI
(235) – 1299-1922-nji ýyllar aralygynda dünýäniò üçden bir bölegine
hökümini ýöreden uly imperiýa. Dünýäde iò uzak ömür süren
Osmanly imperiýasynyò binýady seljuklaryò Kiçi Aziýa ýöriºiniò
ikinji tapgyrynda Marydan Anadola gelen türkmenleriò neberesi, Ärtogrul
gazynyò ogly Osman gazy tarapyndan tutulýar. Bu döwlete ºu ºahsyò
ady dakylýar. Osman imperiýasynyò gülläp ösen döwri XVI-XVII
asyrlardyr. I Jahan urºunda Germaniýanyò we onuò tarapynda söweºen
Türkiýäniò ýeòilmegi Osman döwletiniò garamagyndaky köp ýurtlaryò
özbaºdaklyk gazanmagyna, ºeýlelik bilen, uly imperiýanyò
dargamagyna getirdi.
OTLUKBILI
[Otlukbi:li] (240) – Türkiýäniò Anadolu böleginiò günbatarynda
ýer ady, gala. Bu ýerde 1473-nji ýylyò Alp Arslan aýynyò 11-inde
Akgoýunly türkmen döwletiniò güýçli hökümdary Uzyn Hasan begiò
we Osmanly hökümdary Fatyh soltan Mämmediò arasynda gazaply söweº
bolup, bu uruºda Uzyn Hasan ýeòilýär, Orta we Günbatar Anadolyny
hem elinden giderýär.
OTRAR
[Otra:r] (131) – Gazagystanyò ªymkent welaýatynyò çäginde, Arys
atly derýanyò sag goºandynyò Syrderýa guýýan ýerinden 10-12
kilometr uzaklykda ýerleºen gadymy ºäher. Onuò ady b. e. öòki I
asyrda-da duº gelýär. Orta asyrlarda ol Garahytaý döwletiniò paýtagty
bolupdyr. XVI asyrdan soò ýaºaýyº kesilen bu ºäheriò gadymy
ornuny kesgitlemekde taryhçylaryò arasynda birlik ýok. Köplenç, ony
ºu ýerde bar bolan Farap (Parap) ºäheriniò ornundan gözleýärler.
Mukaddes
Ruhnamada Köneürgenç soltany Alaeddin Muhammediò Gurly türkmenler (garahytaýlylar)
bilen alyp baran söweºleri, 1210-njy ýyllar çemesinde onuò basyp
alan ülkeleri we ºäherleri ýatlananda Garahytaýly Gur hanyò paýtagty
Otraryò hem ady agzalýar.
OWGANYSTAN
[Owga:nysta:n] (140, 143, 169, 243) – Türkmenistanyò günortasynda
ýerleºen dostlukly goòºy döwlet. Paýtagty – Kabul ºäheri.
Irki
eýýamlardan häzire çenli türkmenler
bu ýurduò köp welaýatlarynda köpçülikleýin ýaºaýarlar,
onuò ähli syýasy, medeni ugurlaryna öz goºnatlaryny goºýarlar.
Mukaddes
Ruhnamada Owganystanyò ady dostlukly gatnaºyk edilýän ýurtlaryò
hatarynda, ºeýle-de onuò çäginde gurlan Gaznaly we Gurly türkmen hökümdarlyklary
barada berilýän maglumatlarda agzalýar.
OWªAR
TÜRKMENLERINIÒ DÖWLETI (110)
– ser. Owºar türkmenleriniò
hökümdarlygy.
OWªAR
TÜRKMENLERINIÒ HÖKÜMDARLYGY
[... hökümda:rlygy] (241) – 1736-1796-njy ýyllarda Eýranda höküm
süren türkmen döwleti. Onuò binýadyny tutan Nedir (Nedirguly,
Tahmaspguly) han bolup, onuò asly Oguz hanyò Ýyldyzhan atly oglunyò
neberesindendir. Nediriò önüp-ösen ýerleri häzirki Kaka etrabynyò
çäklerini öz içine alýar. Goºun serkerdeliginden ilki Horasanyò,
soòra tutuº Eýranyò hökümdary derejesine ýeten Nedir öz hökümdarlyk
edýän ýurduny kuwwatly döwlete öwürmegi, onuò çäklerini giòeltmegi
baºarýar. Ilki ol öz agalygyny ýöredýän ükesini owganlaryò
agalygyndan azat edýär, soòra ol Owganystana, Hindistana, Buhara, Köneürgenje,
Kawkaza, Yraga, Dagystana ýöriºler guraýar. 1747-nji ýylyò Oguz aýynda
Eýranyò Goçant ºäheriniò eteginde Nedir ºanyò garºysyna dildüwºük
guran esgerler bu gazaply ºany öldürýärler. ªu wakadan soòra Owºarlar
döwleti barha güýçden gaçýar, ahyrynda-da dargaýar.
|