K

Mukaddes Ruhnama sözlügi.
I. Ýer-ýurt atlary

A | B | Ç | D | E | Ä | F | G | H | I | J | K | L | M | N | O | Ö | P | R | S | ª | T | U | Ü | W | Y | Ý | Z


KANUJ (140) -  Hindistanyò Jamna-Gang jülgesinde, Kalinadi derýasynyò Ganga guýýan ýerinde 10 kilometr çemesi ýokarda ýerleºen gadymy ºäher. Oòa Kanauj galasy hem diýilýär. Bu at ºäheriò “Kanýakubja” diýen irki adynyò gysgalan görnüºidir. Kanuj ºäheri b. e. öòki I müòýyllygyò ortasynda Hindistanyò günorta Pançala welaýatynyò merkezi, b. e. VII asyryna çenli Demirgazyk Hindistanyò syýasy merkezi, VIII-XI asyrlarda Güjeratyò paýtagty bolupdyr. Hindistana 17 gezek ýöriº eden Gaznaly türkmen döwletiniò hökümdary Mahmyt Gaznaly 1018-nji ýylyò dekabrynda Kanujy birbada basyp alýar, ýöne soòra ony taºlaýar. 1199-njy ýyldan baºlap bu ºäher ymykly türkmen hökümdarlyklaryna tabyn edilýär.

 

KAªMIR [Kaºmi:r] (140, 234) – Aziýada Gimalaý we Tibet daglarynyò aralygynda, Hind derýasynyò ýokary akymynda, uzynlygy 200 kilometr, ini hem 60 kilometr bolan Kaºmir jülgesinde ýerleºen gadymy ülke. Oòa ºu ülkede ýaºap, yslamyò sünni mezhebine uýýan kaºmir diýen milletiò ady dakylypdyr.

Irki eýýamlarda-da, orta asyrlarda-da Kaºmir ºu sebitde dörän dürli döwletleriò düzümine giripdir. Mukaddes Ruhnamada-da bu ülke Gaznaly türkmen döwletiniò soltany Mahmydyò Hindistana ýöriºleri we orta asyrlarda Hindistanda gurlan türkmen döwletleri bilen baglanyºykly ýatlanýar.

Köne edebi çeºmelerimizde bu at “Keºmir” görnüºinde duº gelýär:

Keºmiri, Kaºan, Gumy, ªirwan, ªamahy… (Seýdi).

 

KAP DAGY [Ka:p da:gy] (308) – Rowaýatlara görä, Ýer togalagynyò daºyndan birnäçe (köplenç, ýedi) gezek aýlanýan iò beýik hyýaly dag. Bu at türkmen dessanlarynda hem köp duº gelýär:

Kuhi Kap dagynda eýlemiº mekan. (“Gül-Senuber”)

Afrikada, Günorta Afrika Respublikasynda Kap diýen dag bar. Ýöne türkmen rowaýatlaryndaky Kap dagynyò hakykatda bar bolan bu dag bilen dahylly ýeri ýok.

 

KAPPADOKIÝA [Kappado:kiýa] (115) – Kiçi Aziýanyò merkezinde, häzirki Türkiýe Respulikasynyò çäginde bir ülke. B. e. öòki II müòýyllykda bu ýerde Hett döwletiniò özeni emele gelipdir. ªol eýýamyò III-I asyrlarynda ol özbaºdak döwlet bolýar, soòra b.e. 17-nji ýylynda ony Rim imperiýasy basyp alýar we özüniò bir welaýatyna öwürýär. XV asyrda ol ymykly Osmanly türkmen döwletiniò düzümine girizilýär.

Mukaddes Ruhnamada bu at Danyºment türkmenleriniò hökümdarlygynyò (1097-1165) Kiçi Aziýada eýelän ýerleriniò atlary bilen bir hatarda tutulýar.

 

KAWKAZ [Kawka:z] (31, 34, 61, 112, 243) – Gara, Azow we Hazar deòizleriniò aralygynda 440 müò inedördül kilometr meýdany eýeleýän daglyk ülke. Bu ülkede Azerbaýjan, Gruziýa, Ermenistan döwletleri, Krasnodar, Stawropol ülkeleri, Çeçen-Inguº, Dagystan, Demirgazyk Osetiýa, Kabarda-Balkar awtonom respublikalary ýerleºýär.

Mukaddes Ruhnamada Kawkazyò ady Beýik Saparmyrat Türkmenbaºynyò kakasy Türkmenistanyò Gahrymany Atamyrat Annanyýaz oglunyò söweºen ýerleri, ºeýle-de gadymy ata-babalarymyzyò gatnaw ýoluny açan ülkeleri ýatlananda agzalýar.

 

KAÝF (123) – Türkiýedäki Diýarbekir ºäheriniò golaýynda gadymy gala, Artykly türkmenleriò döwletiniò (1101-1312) düýbüni tutan Artyk begiò ogly Sukman begiò hökümdarlyk eden döwründe begligiò merkezi bolan ºäherçe. Artykly türkmenleriò bu Kaýf ºahasy 130 ýyllap (1231-nji ýyla çenli) höküm sürüp, ylma-bilime sarpa goýýan beglik hökmünde taryha girýär.

 

KAÝSARY (115) – Türkiýäniò Anadolu böleginde il we onuò merkezi ºäheri. Mukaddes Ruhnamada onuò ady Danyºment türkmenleriniò hökümdary Kümüº serkerdäniò eýelän ºäherleriniò sanawynda agzalýar.

 

KAZWIN [Kazwi:n] (237, 242) – Eýranyò merkezi böleginde ýerleºýän gadymy ºäher. IV asyrda düýbi tutulan bu ºäher mongol ordalarynyò çozuºynda tozdurylýar, ol saòra ýene dikeldilýär. Sefewi türkmenleriniò döwletiniò ºasy Tahmasp I 1537-nji ýylda paýtagtyny Töwrizden Kazwine geçirýär.

ªäher ir eýýamlardan bäri türkmenleriò ýygy gatnaºyk eden, ýaºan ýeri bolupdyr, ata-babalarymyz onuò adyny Gazwyn, Gazmyn görnüºlerinde ulanypdyrlar, hatda “Gazmynda iman tap”, :Gazmyna giden ýaly” kimin aýtgylar hem döredipdirler. Geçmiº ºahyrlarymyzyò goºgularynda hem bu at köp duº gelýär: 

Býjnürdi-Gaýyn, Turºizu-Gazwyn, Garabagy… (Seýdi).

Mukaddes Ruhnamada ºäheriò ady Garagoýunly türkmenleriò döwletiniò hökümdary Jahanºanyò alan ºäherleriniò sanawynda, ºeýle-de gajar türkmenleriniò ýaýran ülkeleriniò hatarynda agzalýar.

 

KELEJAR [Keleja:r] (221) – Hindistanda bir gala, Gaznaly türkmenleriò hökümdary Mahmyt soltanyò Çagry beg bilen Togrul begiò kakasy Arslan hany bendi edip saklan ºäheri.

Ýurdumyzyò Gökdepe etrabynda hem Kelejar diýen oba bar. Bu atlaryò meòzeºligi türkmenleriò Hindistan bilen gatnaºyklarynyò kökleriniò has çuòluklara uzap gidýändiginden belli bir derejede habar berýär.

 

KERKI (38) – Lebap welaýatynda, Amyderýanyò çep kenarynda ýerleºýän Atamyrat ºäheriniò we etrabynyò öòki ady. Bu ºäher Beýik Saparmyrat Türkmenbaºynyò atasy Annanyýaz Artygyò 1932-nji ýylda sürgün edilenden soò, kakasy Atamyrat Annanyýazyò oglunyò dostlarynyò maslahaty bilen dogduk obasyndan göçüp gidip ýaºan we mugallym bolup iºlän ýeridir.

Atamyrat etrabynyò ilat sany: 97 müò 600 adam (2002-nji ýylyò Gorkut aýynyò baºyna çenli).

 

KERMAN [Kerma:n] (133, 136, 228, 237) – Eýranyò günorta-gündogarynda gadymy ºäher, adybir welaýatynyò merkezi. Bu ºäher XI-XV asyrlarda gurlan türkmen döwletleriniò (Gutlug han türkmenleriniò, Seljuk we Garagoýunly türkmenleriniò guran hökümdarlyklarynyò) garamagynda bolup, ºol döwürde türkmenleriò köpçülilkleýin ýaºan ülkesidir.

 

KERMANDAKY SELJUK TÜRKMENLERINIÒ DÖWLETI [Kerma:nda:ky …] (228) – Eýranyò Kerman welaýatynda we ºäherinde gurlan türkmen seljuk döwleti. Mukaddes Ruhnamada ýazylyºyna görä, Merwiò etegindäki Daòdanakan söweºinden soòra, bu sebit wagtal-wagtal seljuk türkmenleriniò garamagynda bolupdyr. Ilki bilen, Daòdanakan söweºiniò yzysüre Maryda bolan maslahatda Çagry begiò uly ogly Gara Arslan Gurda (çeºmelerde bu ºahsyò ady Kawurd, Kabard görnüºlerinde ýazylýar) Eýranyò Tebes we Kerman welaýatlary berilýär. 1040-1072-nji ýyllarda bu ýerde gurlan döwlet Mälik ºanyò döwründen soò özbaºdaklyk alyp, tä 1187-nji ýyla çenli höküm sürýär.

1222-1303-nji ýyllarda Kermanda Gutlug han türkmenleriniò guran döwleti rowaç bolupdyr (Mukaddes Ruhnama, 133 s.).

Gara Arslan Gurduò garamagyna berlen Kermandaky Türkmen-Seljuk döwletiniò (1092-1307) gülläp ösen döwri Mälik Gurduò häkim bolan ýyllaryna gabat gelýär. ªol döwürde Kerman halky bolçulykda we asudalykda ýaºapdyr. Ülkede kaºaò kerwensaraýlar, hammamlar, binalar gurlupdyr, ylym, medeniýet ösüpdir.

 

KESEARKAÇ (172) – Köpetdagyò arkajynda (gaýra eteginde) Kaka sebitinden tä Serdar ºäherine çenli kese aralygy tutup ýatan giò düzlük. Irki eýýamlarda bol hasyl alnan mes toprakly bu düzlügiò adyna geçmiº ºahyrlarymyz Kesearkaç bilen birlikde Keseetek görnüºinde hem ulanypdyrlar:

Kesearkaç, Mazanderan,
Gelerler permana, gökleò.
  (Magtymguly).

ªähri-Harazymda, ºähri-Kelady, 
Keseetekde, Horasanda tapylmaz.
  (Mollanepes).

 

KIÇI AZIÝA […A:ziýa] (108, 112, 115, 136) – Aziýanyò günbatarynda, esasan, Türkiýäniò çäklerini öz içine alýan ýarym ada (meýdany 506 müò inedördül kilometr). Onuò köp tarapyny Gara, Mermer, Egeý we Ortaýer deòizleri gurºap alýar. Aziýa ýurtlarynda bu ülkä Rum, Rumustan diýilýar.

 

KONÝA [Ko:nýa] (230) – Türkiýäniò günortasynda gadymy ºäher, adybir iliò (welaýatyò) merkezi. B.e. öò dörän bu ºäheriò ady ilki Ikoniý bolup, soòra biraz üýtgedilipdir. Seljuklaryò Ruma aralaºmagy bilen Konýa ºäheri türkmenleriò köp jemlenen ýerine öwrülýär. ªäherde orta asyrlardan galan binalar: metjitler, diòler, kerwensaraýlar örän köp. Olardan Inçemynar medresesi ähmiýetli ýadygärlikleriò biridir. Konýa ºäheri türkmen ºahyry Möwlana Jelaleddin Rumynyò ýaºan, döredijiliginiò gülläp ösen mekanydyr. ªahyryò bu ºäherdäki aramgähi ilatyò iò bir gelim-gidimli ýeridir.

 

KÖNEÜRGENÇ [Kö:neürgenç] 1. (150, 210, 211, 248) – Daºoguz welaýatynda etrap we onuò merkezi ºäheri. ªäheriò günorta eteginde zaratuºtra dininiò kitaby bolan ²Awestada² Gura görnüºinde ýatlanýan Merkezi Aziýanyò iò gadymy ºäherleriniò biri, b.e. öò V-IV asyrlarda düýbi tutulan Gürgenç ºäheriniò harabalary ýerleºýär. Bu ºähere ata-babalarymyz Ürgenç diýipdirler. Hytaý senenamalarynda onuò ady Ýuýe-Gän görnüºinde duº gelýär (I asyr). 712-nji ýylda bu sebite araplar aralaºandan soòra, Gürgenjiò ady Jürjan, döwletiò ady hem Jürjaniýa görnüºinde arapçalaºdyrylýar. 995-nji ýylda Gürgenjiò emiri Mamun ibn Muhammet bu döwletiò özbaºdaklygyny gazanyp, Köneürgenç türkmenleriniò soltanlarynyò nesilºalygyny ýola goýýar. Bu nesilºalygyò XI asyrdaky wekili Mamun ibn Mamunyò döwründe Köneürgenç döwleti öz ösüºiniò iò ýokary derejesine çykýar, Ürgenç ºäherinde onuò adyny göterýän ylymlar akademiýasy iºläp, bu ýerde Biruny (973-1050), Abu Aly ibn Sina (980-1037) ýaly görnükli alymlar zähmet çekýärler. 1097-nji ýýlda bu ülke Seljukly türkmen döwletiniò ygtyýaryna geçýär.

Gürgenç ºäheri 1221-nji ýylda Çingiz hanyò ordalary, 1388-nji ýylda hem Teýmir tarapyndan düýpli ýumrulýar. Soòky döwürlerde bu ºäheriò täzeden dikeldilmegine böwet bolan wakalar ýüze çykýar. Birinjiden, XV asyrdan soòra ºäheriò eteginden akýan Amyderýanyò akymynyò ugry üýtgedilýär, ºäher hem suwsuz galýar. Köneürgenç döwletiniò ºol wagtky hany Abylgazy 1646-njy ýylda paýtagty bu ºäherden derýanyò ýakasynda, köne paýtagtdan 190 kilometr uzaklykda gurlan täze ºähere göçürýär. ªu wakadan soò täze paýtagta Ýaòy (täze) Ürgenç, köne paýtagta hem Köneürgenç diýen at dakylýar. Ikinjiden, Ýewropa bilen Hytaýyò hem-de Hindistanyò arasynda deòiz ýoly bilen ýygjam gatnaºygyò ýola goýulmagy, ºeýle-de Amerikanyò açylmagy gadymy Beýik Ýüpek ýolunyò we onuò ugrunda ýerleºen ºäherleriò, ºol sanda Köneürgenjiò ähmiýetini pese gaçyrýar.

Türkmenistan öz Garaºsyzlygyna eýe bolandan soòra Köneürgenç ºäheri we tutuº ülke hakyky, uly ösüºleri baºdan geçirýär. Türkmenistanyò ilkinji we ömürlik Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaºy 1985-nji ýylda ýörite karar bilen gadymy Köneürgenji Döwlet taryhy-medeni goraghanasy diýip yglan etdi. 1985-nji ýylda öò ºäherçe hasap edilen Köneürgenç ºäher derejesine geçirildi. Häzir bu ºäher iò köp gelim-gidimli mekana öwrüldi.

Merkezi Aziýada iò beýik minara bolan boýy 60 metre ýetýän minara, Törebeg hanymyò, Tekeº soltanyò, Il Arslanyò atlary bilen baglanyºykly ymaratlar Köneürgenji bezeýän ajaýyp taryhy ýadygärliklerdir.

Mukaddes Ruhnamada türkmen döwletleriniò ençemesi gurlan we halkymyzyò at-owazasyny dünýä ýaýradýan Köneürgenç ºäheriniò we döwletiniò atlary öwran-öwran ýatlanýar.

Köneürgenç etrabynyò ilat sany: 142 müò adam (2002-nji ýylyò Gorkut aýynyò baºyna çenli).

2. (111, 113, 130, 224, 225, 226, 227) – ser. Köneürgenç türkmenleriniò döwleti.

 

KÖNEÜRGENÇ DÖWLETI [Kö:neürgenç ...] (61, 227, 228) – ser. Köneürgenç türkmenleriniò döwleti.

 

KÖNEÜRGENÇ TÜRKMENLERIÒ DÖWLETI [Kö:neürgenç ...] (131) – ser. Köneürgenç türkmenleriniò döwleti.

 

KÖNEÜRGENÇ SOLTANLYGY [Kö:neürgenç solta:nlygy] (61, 223) – ser. Köneürgenç türkmenleriniò döwleti.

 

KÖNEÜRGENÇ ªALARY [Kö:neürgenç ºa:lary] (117, 128, 131) – ser. Köneürgenç türkmenleriniò döwleti.

 

KÖNEÜRGENÇ TÜRKMEN DÖWLETI [Kö:neürgenç ...] (9) – ser.  Köneürgenç türkmenleriniò döwleti.

 

KÖNEÜRGENÇ TÜRKMENLERINIÒ DÖWLETI [Kö:neürgenç ...] (109, 110, 112, 133, 227) – Gadymy türkmen topragynda Oguz hanyò nebereleri tarapyndan gurlup, 1093-1231-nji ýyllar aralygynda gülläp ösen we Beýik Seljuk-türkmen impersiýasynyò gönüden-göni dowamy bolan uly döwlet. Bu döwlete ylmy çeºmelerde Anuºteginler ºalygy hem diýilýär, çünki ol Oguz hanyò Begdili agtygynyò neberelerinden bolan Anuº hökümdaryò ogly Kutbeddin Muhammet tarapyndan esaslandyrylýar. Muhammediò ogly Alaeddin Atsyzyò (1128-1156) höküm süren ýyllarynda döwletiò goºuny esasan türkmenlerden düzülip, onuò soraýan ülkeleri gaty giòeldilipdir. Köneürgenç döwletiniò soòky döwri türkmen dünýäsiniò iò gaýduwsyz soltany Jelaleddiniò hökmürowanlygyna gabat gelýär. Ol tagtda oturyp däl-de, basybalyjy mongol ordalaryna garºy aldym-berdimli söweº gurup, ömrüniò ahyryna çenli bedew atyò üstünde soltanlyk eden hökümdardyr. 1231-nji ýylyò Alp Arslan aýynda Kawkaz topraklarynda Jelaleddiniò ömür tanapynyò kesilmegi bilen, Köneürgenç türkmen döwleti öz ýaºaýºyny bes edýär.

 

KÖNEÜRGENÇ TÜRKMENLERINIÒ SOLTANLYGY [Kö:neürgenç ... solta:nlygy] (209) – ser. Köneürgenç türkmenleriniò döwleti.

 

KÖNEÜRGENÇ TÜRKMEN ªALYGY [Kö:neürgenç ... ºa:lygy] (220) – ser. Köneürgenç türkmenleriniò döwleti.

 

KÖNEÜRGENÇ TÜRKMENLERI [Kö:neürgenç ...] (130, 132) – ser. Köneürgenç türkmenleriniò döwleti.

 

KÖPETDAG [Köpetda:g] (83, 179, 211, 274, 288, 289) – Türkmen-Horasan dag ulgamynyò bir bölegi. Köpetdag günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara uzalyp, onuò geriºleri Tejen derýasynyò jülgesinden tä Bereket etrabynyò Dänata obasynyò töwereklerine çenli dowam edýär. Onuò uzynlygy 650 kilometr, ini demirgazyk-günbatarda 200 kilometr, orta böleginde 80-95 kilometr, günorta-gündogarda hem 40 kilometr töweregidir. Köpetdagyò iò belent ýerleri onuò merkezi böleginde ýerleºýär. Çopandag gerºinde belentlik 2889 metre, Erekdagda 2482 metre ýetýär. Garaºsyzlyk ýyllarynda Köpetdagyò suw baýlyklary tygºytly peýdalanyp, onuò baýyrdyr jülgelerinde dag tokaýlaryny ösdürip ýetiºdirmäge uly üns berilýär.

Köpetdagda Garrygala we Serdar etraplarynyò çäginde Sünt-Hasardag goraghanasy, Bäherden, Gökdepe, Ruhabat etraplarynyò çäklerinde Köpetdag goraghanasy ýerleºýär.

Beýik Saparmyrat Türkmenbaºynyò ºygyrlarynda Köpetdag türkmen topragynyò gözelligi, baýlygy, halkymyzyò buýsanjy hökmünde sypatlandyrylýar:

Köpetdag – ýurdumyò dagdan arkasy...  (²Diýe-diýe men²).

Baºy garly Köpetdagyò nagmasy bar diýdiler... 

Köpetdagym ýöne dag däl, bu bir bagtyò çüwmesi... (²Diýdiler²).

KÖPETDAGY [Köpetda:gy] (79) – ser. Köpetdag.

 

KÖÝTEN (274) – Türkmensitanyò Mukaddes Ruhnamada atlary tutulýan dört dagynyò biri, Köýtendag. Ol Pamir-Alaý dag ulgamynyò günorta-günbataryndaky gerºi bolup, Özbegistanyò we Türkmenistanyò çäkleri boýunça 100 kilometr çemesi uzalyp gidýär. Köýtendagdaky Aýrybaba belentligi Türkmenistanda dagyò iò beýik nokadydyr. Onuò beýiligi 3137 metrdir.

Dagyò Hojapil jülgesiniò günorta-günbatar tarapyndan gadymy geologik döwürde ýaºan Dinozawr diýilýän äpet haýwanyò aýak yzlarynyò  galmagy dünýä belli täsinlikdir.

Köýten, Gowurdak dag geriºleriniò eteginde dag-magdan we himiýa senagatly Köýten ºäheri ýerleºýär.

 

KUTUB ªALAR DÖWLETI [... ºa:lar ...] (238) – ser. Kutubºa türkmenleriniò döwleti.

 

 KUTUBªA TÜRKMENLERINIÒ DÖWLETI [Kutubºa: ...] (238) – Garagoýunly türkmenleriò Hindistanda guran döwletleriniò biri. Ony esaslandyran Öwezguly Piriò ogly, Garagoýunly hökümdary Gara Ýusubyò ýuwlugy Soltanguly Türkmendir.

Kutubºalaryò bitiren uly iºleriniò hatarynda olaryò Musi derýasynyò üstünde saldyran köprüsini, ºu derýanyò kenarynda 1590-njy ýylda Haýdarabat diýen täze ºäheriò düýbüni tutup, oòa paýtagty göçürendigini, Hindistanda musulman binagärçiliginiò taýsyz nusgasy hasaplanýan Çarminar ýadygärligini gurandygyny bellemek bolar.

 

A | B | Ç | D | E | Ä | F | G | H | I | J | K | L | M | N | O | Ö | P | R | S | ª | T | U | Ü | W | Y | Ý | Z


(awtorlar: Kasym Nurbadow, Soltanºa Atanyýazow, Ata Gylyjow)