E

Mukaddes Ruhnama sözlügi.
I. Ýer-ýurt atlary

A | B | Ç | D | E | Ä | F | G | H | I | J | K | L | M | N | O | Ö | P | R | S | ª | T | U | Ü | W | Y | Ý | Z


ERDEBIL [Erdebi:l] (240) – Eýranda Balahan çaýynyò ýakasynda ýerleºýän gadymy ºäher (rus we Ýewropa çeºmelerinde onuò ady Ardebil görnüºinde ýazylýar). Bu ºäher Sefewi türkmenleriniò döwletine adyny geçiren ªeýh Sefiniò – Sefieddin Ishak Erdebilliniò (1252-1335 ý.) ºu ýerde ýaºanlygy, kümmetiniò hem ºu ýerdeligi bilen meºhurdyr. ªeýh Sefi Sefewi türkmen döwletiniò düýbüni tutan ºa Ysmaýylyò ata-babasy bolup, özi heniz aýatdaka keramatlylyk derejesine ýeten ºahsdyr.

Iòòän irki eýýamlardan baºlap, Seljuklaryò hereketi döwründe-de, ondan soòam Erdebil sebitleri oguz-türkmenleriò ýaýlasy, sefewi dini toplumyò dörän ojagy bolupdyr. Araplaryò çozuºy döwründe-de Erdebil ºu sebitiò iò uly we esasy harby-diwanhana merkezi bolup, onuò ilatynyò köp bölegini oguzlar hasyl edipdir.

 

ERJIª (237) – Türkiýäniò Wan ilinde, Wan kölüniò gündogarynda ýerleºýän kiçeòräk orta asyr ºäheri. Erzurum, Mosul ýaly uly ºäherler bilen birlikde Erjiº ºäheri Garagoýunly türkmenleriò döwletiniò binýadynyò tutulan ýeridir.

 

ERMENI DAGY [... da:gy] (236) – Esasy bölegi Türkiýede, azrak bölegi-de Eýranda we öòki SSSR-iò çäginde ýerleºen daglyk ýaýla. Ararat dagynyò etekleri hasaplanýan bu daglyk 400 müò inedördül kilometr meýdany eýeleýär. Ärtogrul gazynyò 1270-nji ýýlda Söwüdi wizantiýalylardan basyp alany üçin Seljuk soltany Alaeddin Keýkubat oòa we iline Söwüdi oturmak üçin, Domaniç we Ermeni dagyny bolsa ýazlamak üçin peºgeº berýär.

 

ERMENISTAN [Ermenista:n] (126, 138) – Kawkazda bir döwlet. Tutýan meýdany 29,8 müò inedördül kilometr. Paýtagty – Ýerewan ºäheri. Ýurduò ýerli halky tarapyndan Aýastan («aýlar, ýagny ermeniler ýurdy») diýilýän bu daglyk ülke irki eýýamlardan häzire çenli türkmenler bilen ýakyn gatnaºykdadyr.

 

ERMENISTANDAKY TÜRKMEN ªALARY [Ermenista:nda:ky ... ºa:lary] (126) - 1110-njy ýylda Sukmanul-Kutby tarapyndan esaslandyrylan, 1110-1207-nji ýyllar aralygynda Ermenistanda höküm süren türkmen ºalygy.

 

ERZINJAN [Erzinja:n] (237) – Türkiýäniò demirgazyk-gündogarynda, Erzurumdan 140 kilometr günorta-günbatarda ýerleºýän il we onuò merkezi ºäheri. Ýewfrat derýasynyò sag goºandy bolan Garasuw çaýynyò hasylly topragynda bina edilen gadymy ºäher. 

Seljuklaryò günbatara ýöriºi döwründe Erzinjan sebitlerine ençeme türkmen taýpalary ornaºýarlar. Garagoýunly Türkmen döwletiniò düýbi tutulandan (1380-nji ýyldan) esli wagt soò, bu döwletiò meºhur hökümdary Gara Ýusup XV asyryò baºynda Erzurum sebitlerini, ºol sanda 1410-njy ýylda Erzinjany basyp alýar. Bu ºäher 1469-njy ýýldan soò Akgoýunly Türkmen döwletiniò, soòra hem Türkiýäniò düzümine girizilýär.

 

ERZURUM [Erzuru:m] (237) – Türkiýäniò demirgazyk-gündogarynda, Ýewfrat derýasynyò gözbaº goly bolan Garasuw çaýynyò iki ýakasynda ýerleºýän il we ºol iliò merkezi ºäheri. Seljuklar hereketinden öò hem, ondan soòra-da Erzurum sebitleri türkmen-oguzlaryò köpçülikleýin ýaºan we ýaýlan ýerleridir. Baryp 1380-nji ýylda Garagoýunly Türkmen döwletiniò binýadynyò ºu ºäherde we onuò ýakynyndaky Erjiº, Mosul töwereklerinde tutulmagy ýöne ýerden däldir.

Häzirki döwürde Erzurum ºu sebitiò uly ºäheri bolup, onda türkmenleriò taryhyna degiºli gymmatly ýadygärlikleriò ençemesi saklanyp galypdyr. 

Erzurumyò ady nusgawy türkmen ºahyrlarynyò döredijiliginde-de köp duº gelýär.

ªam, Mekge, Medine, Erzurumy, Reý, Termiz...  
Andguý, Kelif, Balh, Badahºanda tapylmaz.  
    (Seýdi).

 

ETREK (172) – Günbatar Türkmenistanyò (Etrek, Esenguly etraplarynyò) we Eýranyò çäklerinden akýan, joºanda Hazara guýýan derýa. Ol gözbaºyny Türkmen-Horasan daglarynyò 3060 metr belentliklerinden alýar. Derýanyò uzynlygy 669 kilometr, Türkmenistanyò çäginde 204 kilometr. Geçmiºde Etregiò suwy bol eken, ºonuò üçin orta asyrlarda derýanyò ýakalaryndaky düzlüklerde dürli ekinler ekilipdir. Mukaddes Ruhnamada-da bu sebitde (Dehistanda) çekilen gadymy suwaryº desgalary: noburlar, nowhanalar, ene ýaplar, uly ýaplar ýatlanylýar.

 

ETREK – GÜRGEN (172) – Etrek hem Gürgen derýalarynyò töwereklerini öz içine alýan sebit.

Ençe ýyllar döwran süren  
Etrek-Gürgen ilim bardyr. 
(«Aºyk Çanly»).

 

EÝRAN [Eýra:n] (44, 56, 104, 163, 169, 219, 224, 225, 233, 240, 241, 242, 294) – Eýran Yslam Respublikasynyò gysga ady (1935-nji ýyla çenli onuò resmi ady Persiýa), Türkmenistan bilen 1500 kilometre golaý umumy serhedi bolan uly we dostlukly goòºy döwlet. Türkmenistan bilen Eýranyò we olaryò halklarynyò arasyndaky iºjeò ykdysady, syýasy, medeni, etnik gatnaºyklaryò köki taryhyò jümmüºine aralaºyp gidýär we ol häzirem dowam edýär. Seljuk türkmenleriniò Günbatara ýöriºlerinden soò Eýranyò çäginde olaryò guran Kerman (1092-1307), Salgyr (1147-1284), Ildeòizli (1146-1225), Sefewi (1501-1736), Owºar (1736-1796), Gajar (1779-1924) ýaly türkmen ºalyk we hökümdarlyklarynda türkmen we pars halklarynyò ykballary bir bolup, olar garylyp-gatylyp ýaºapdyrlar. Sowet häkimiýetiniò ýowuz ýyllarynda bu iki ýurduò arasyna berk serhet çekilip, aragatnaºyk ýiteòkirledi, sanlyja adamyò bu ýurda negada bir baryp-gelmesi hem Moskwanyò üsti bilen amala aºyryldy. Türkmenistan özüniò mukaddes Garaºsyzlygyny alandan soò, bu ýurtlaryò ilatynyò gatnaºygy üçin baryº-geliº gapylarynyò ençemesi açyldy. Aºgabat-Tähran aralygyna howa ýoly bilen uçarlar gatnasa, Tejen-Sarahs-Maºat demir ýoly arkaly ýolagçy we ýük otlularynyò yzygider gatnawy ýola goýuldy.

Beýik Saparmyrat Türkmenbaºynyò göreldesi bilen bu iki ýurduò arasyndaky araçäk dostluk serhetine öwrüldi.

 

EÝRAN-TÜRK DÖWLETI [Eýra:n-...] (241) – ser. Sefewi türkmenleriniò hökümdarlygy.

 

EÝRAN-TÜRKMEN DÖWLETI [Eýra:n-...] (241) – ser. Sefewi türkmenleriniò hökümdarlygy.

 

EÝÝUBY DÖWLETI [Eýyu:by …], (232) – ser. Eýýuby türkmenleriò döwleti.

 

EÝÝUBYLAR [Eýyu:bylar] (126, 232) – ser. Eýýuby türkmenleriò döwleti.

 

EÝÝUBYLAR DÖWLETI [Eýyu:bylar …] (232, 233) – ser. Eýýuby türkmenleriò döwleti.

 

EÝÝUBY TÜRKMENLERINIÒ DÖWLETI [Eýyu:by …] (232) – Salahaddiniò atasy Eýýubyò ady dakylyp, Müsürde 1171-1252-nji ýyllar aralygynda höküm süren türkmen döwleti. Mosuldaky türkmen atabegleri bilen garyndaº bolan we goºun serkerdesi hökmünde Müsüre ýollanan Salahaddin aòsatlyk bilen Müsüri alyp, täze döwletiò düýbüni tutýar. Bu ýerde öòden bar bolan Fatimi döwletiniò harby iºgärlerini oguz-türkmen ýigitleri bilen çalºyp, bu döwletde oguz däp-dessurlaryny ýola goýýar.


A | B | Ç | D | E | Ä | F | G | H | I | J | K | L | M | N | O | Ö | P | R | S | ª | T | U | Ü | W | Y | Ý | Z


(awtorlar: Kasym Nurbadow, Soltanºa Atanyýazow, Ata Gylyjow)