Ç

Mukaddes Ruhnama sözlügi.
I. Ýer-ýurt atlary

A | B | Ç | D | E | Ä | F | G | H | I | J | K | L | M | N | O | Ö | P | R | S | ª | T | U | Ü | W | Y | Ý | Z


ÇANDYBIL [Çandybi:l] (30, 78, 274) - “Görogly” ºadessanynyò baº gahrymany türkmen Görogly begiò ýurdy. Bu ºadessanyò türki we türki däl halklaryò dillerindäki nusgalarynda Çandybil ady, Çamlybil, Çambil ýaly görnüºlerde duº gelýär.

Çandybil ºahyryna at bolup, ol Çardagly Çandybil, Çardaglar görnüºinde-de ulanylýar. Beýik Serdarymyz Garaºsyzlygymyzdan birnäçe ýyl öò, talyplyk ýyllarynda ýazan, soò mukaddes Ruhnamanyò ºuglaly sahypalaryna siòdiren: “Çardaglarym gandallydyr, Çandybilim gamly ildir” (30 s) diýen ºahyrana jümlesi hem muòa aýdyò güwä geçýär.

Baknalyk ýyllaryndaky “gamly ili gandaldan” halas eden Beýik Saparmyrat Türkmenbaºynyò mukaddes Ruhnama taglymatynda “Çardagly Çandybil” diýip ady tutulýan ýurt biziò ajaýyp Watanymyz - Garaºsyz we hemiºelik Bitarap Türkmenistandyr. Munuò ºeýledigine biz mukaddes Ruhnamanyò sahypalarynda aýdyò göz ýetirýäris: “Dört tarapy, ümür-dumanly daglary asmana direýän bu ýer, bu diýar, Çardagly Çandybildir, Türkmenistandyr” (78 s).

Beýik Saparmyrat Türkmenbaºynyò goºgularynda Çardagly Çandybil ady köplenç Göroglynyò ady bilen baglanyºdyrylyp ulanylýar: 

Göroglynyò Çardagynda,
Garry Çandybiliò gözle.
         („Gözle”).

Çardagy bar Çandybilim -- geljek altyn zamandyr,
Bu daglarda Göroglynyò namasy bar diýdiler. 
        („Diýdiler”).

 

ÇARDAGLAR [Ça:rda:glar]  (30) – ser. Çandybil.

 

ÇARDAGLY ÇANDYBIL [Ça:rda:gly Çandybi:l] (78) ser. Çandybil.

 

ÇIKOLA [Çiko:la] (31) - Demirgazyk Osetiýa – Alaniýa Respublikasynyò paýtagty Wladikawkazyò 25 kilometr gündogarynda Iraf etrabyna (raýonyna) degiºli uly oba. Bu obanyò ilaty musulman osetinlerdir (töweregindäki obalarda hristian osetinler hem ýaºaýarlar). ªonuò üçinem Beýik Watançylyk urºunda gurban bolan musulman esgerleriò jesetlerini, ºol sanda Beýik Saparmyrat Türkmenbaºynyò kakasy, Türkmenistanyò Gahrymany Atamyrat Nyýazowyò  jesedini hem ºu obadaky doganlyk gonamçylygynda jaýlaýarlar. Bu gonamçylykda tutuº bir ýadygärlik bina edilipdir.

Aºgabat bilen gatnaºykda bolan osetin zenany Aletta Kanukowa bu gonamçylykda jaýlananlaryò ºahsyýetini anyklap, umumy ýadygärligiò ýanynda Atamyrat aga üçin özbaºyna ýadygärlik dikdiripdir (heýkeltaraº çikolaly Stanislaw Soriýew), onuò abadanlygyna seredipdir we wagtal-wagtal gül desselerini goýmak bilen hatyrasyny tutup durupdyr.

2000-nji ýylyò 7-8-nji maýynda Aºgabatdan baran wekiller topary Çikola obasynda bolup, bu ýadygärliklere gül desselerini goýdular, obanyò metjidinde ºol iliò dindarlary bilen namaza durdular we sadaka berdiler. Iraf etrabynyò ýolbaºçy iºgärleriniò, zähmet we uruº weteranlarynyò, dürli dindarlaryò gatnaºmagynda berlen sadaka Demirgazyk Osetiýa – Alaniýa Respublikasynyò Prezidenti Aleksandr Sergeýewiç Dzasohow hem gatnaºdy. 8-nji maýda – 1941-1945-nji ýyllaryò Beýik Watançylyk urºunda wepat bolan Türkmenistanyò Milli Gahrymanlarynyò Ýatlama gününde uzakdaky Çikola obasyndaky doganlyk gonamçylygynda jaýlanan Türkmenistanyò Gahrymany Atamyrat Nyýazowyò guburyndan getirilen mukaddes topragy onuò dogduk mekany Gypjak obasynda ýere dulamak dessury berjaý edildi.

 

ÇYN-MAÇYN [Çyn - Ma:çyn] (213, 214, 215, 216, 218, 227, 243) - Merkezi we Gündogar Aziýada ýerleºip, ilat sany boýunça dünýäde birinji orny eýeleýän uly döwlet, Hytaý. Iòòän irki eýýamlardan  bäri türki halklar bilen ýygy ykdysady, söwda, syýasy, harby, medeni we etnik gatnaºyklarda bolan bu döwlete türkmen diliniò köne ýazuw ýadygärliklerinde Çyn-Maçyn, soòky çeºmelerde Hytaý diýilýär. Nusgawy edebiýatda bu atlaryò ikisine-de duº gelinýär:

Owazyò Çyn-Maçyn daglar aºasy,
Seni görenleriò akyly çaºasy…       (Magtymguly).    

Çawy düºup Hytaý bilen Hotana…   (Magtymguly).

Çyn-Maçyn diýen at has giò manyda bolup, ol orta asyrlarda Hindihytaý ýarym adasynda ýerleºen ýurtlar, Günorta-Gündogar Aziýa, hatda Uzak Gündogar manylarynda-da ulanylypdyr. Ýusup Balasagunlynyò (XI asyr) “Kutadgu bilig” eserinde bu at Ýokarky we Aºaky Hytaýy aòladypdyr. Adyò „Çyn” bölegi mongol topar dillerinde geplän çžurçženleriò bir taýpasynyò 1115-1234-nji ýyllar aralygynda guran döwletiniò we nesilºalygynyò ”szin” diýen adynyò biraz üýtgän görnüºidir /szin – çin - çyn/. „Maçyn” hindileriò „Maha-Çin” (“Uly Çin”) sözünden bolup, ol ilki Gündogar Hytaýy aòladypdyr. „Hytaý” sözi hem Merkezi Aziýa halklary bilen ýakyn gatnaºykda bolan we soòra garahytaý diýen at bilen bu sebitiò halklarynyò düzümine siòen kidan diýen mongol taýpasynyò adyndandyr.

Çyn-Maçyn ýazuw çeºmelerinde türkmen halkynyò gadymy taryhyna degiºli gymmatly maglumatlar saklanýar. 


A | B | Ç | D | E | Ä | F | G | H | I | J | K | L | M | N | O | Ö | P | R | S | ª | T | U | Ü | W | Y | Ý | Z


(awtorlar: Kasym Nurbadow, Soltanºa Atanyýazow, Ata Gylyjow)