Ü

Mukaddes Ruhnamanyò diliniò altyn sözlügi

A | B | Ç | D | E | Ä | F | G | H | I | J | K | L | M | N | O | Ö | P | R | S | ª | T | U | Ü | W | Y | Ý | Z


ÜFLIS - elinden iº gelmeýän, sal-sal eºikli, ebtini agdyryp ýören.
-«Öýüò hapa bolsa, özüò üflis, hapa-hasy bolarsyò» diýýärdi ./12/

ÜMEZ - howada, käte gözüò öòünde emele gelýän gubar, ýukajyk duman, kümüºsöw reòkli açyk ümür.
- Gözleriòe ýukajyk ajy ýaº aýlanýar. Göroglynyò duran daglaryna ümez ýaly bolup duman çökýär...  /97/.

ÜMI ALYªMAK - biri-birine gowy düºüniºmek, ümüni, yºaratyny, hereketini oòlamak, edýän hereketleri iºleri, pikiri bilen ylalaºmak.
- Adam diòe ýüregine ýakyn, ümi alyºýan kiºisi bilen dost bolýandyr /356/.

ÜMÜRSIN TOKAÝ - sümme tokaý, ümre basyrylyp oturan gür tokaýlyk, jeòòellik.
- Emma ýedi yklymy aýlanyò, siz türkmeniò dagyndan ýüz esse gözel, goýny jennet bilen barabar ümürsin tokaýly daglara duºarsyòyz, emma ol daglar ne siziò diliòize düºüner, ne siziò gursagyòyzdaky derdiòizi bölüºer /163/.

ÜNDEW - öwüt, nesihat, wesýet sözleri bilen bir manyda ulanylýan söz.
- Serkerdeler ýigitlerine: «Eger duºmany ýeòeýin diýseòiz, eger diri galaýyn diýseòiz, söweºe girmezden burun ölümiòizi boýun almalydyr!» diýip, ündew eder ekenler /170/.

ÜNJI - alada, gaýgy, iòkis sözleri bilen manydaº söz.
- Gömüp goýlan puldan saòa-da, ile-de haýyr ýokdur, ol diòe seniò gorkyòy, howsalaòy, ünjiòi, ºübhäòi artdyrar /362/.

ÜZÒE - arasy üzük, baglanyºyksyz, aýry, aýratyn.
-... sebäbi geçmiº hiç kime sen geljekden üzòe bolsaòam bolar diýip dil haty bermeýär /278/.

ÜZÒELIK - arasy üzülen, biri beýlekisinden aýrylan, biri-birinden arasy açylanlyk.
- Ine, biz türkmen taryhynda dürli nesilleriò hem döwürleriò üzòeligini görýäris /63/.


A | B | Ç | D | E | Ä | F | G | H | I | J | K | L | M | N | O | Ö | P | R | S | ª | T | U | Ü | W | Y | Ý | Z


(awtor: Halkara türkmen-türk uniwersitetiniò dosenti Sapar Güjükow)