D

Mukaddes Ruhnamadaky taryhy ºahslar

A | B | Ç | D | E | Ä | F | G | H | I | J | K | L | M | N | O | Ö | P | R | S | ª | T | U | Ü | W | Y | Ý | Z


DAG HAN (79, 80, 82, 405) – Oguz hanyò alty oglunyò bäºinjisi. Onuò dört ogly bolupdyr. Olar: Salyr, Eýmir, Alaýuntly we Üregir. «Sagyndan türkmene Dag hany. solundan Deòiz hany garap dur» (Mukaddes Ruhnama, 79s.). «Degre-daºymyzdan bakyp duran Dag han atamyz tanyg bolsun, türkmeniò kalby belent baºly daglar deýin belent bolsun!» (405s.)

DANYªMENT (115-116) Siwasda, Kaýsaryda we Malatýada höküm süren Danyºment türkmenleriniò begligini esaslandyryjy. Ol Beýik Seljuk-türkmen soltanlary Alp Arslanyò, Mälik ºanyò serkerdeleriniò biri bolupdyr. Taryhçy Ibn’ül-Esiriò maglumatlaryna görä, Danyºmendiò hakyky ady Toýly bolup, türkmenleriò arasynda mugallymçylyk edendigi üçin oòa Danyºment lakamy berlipdir. «Danyºment» lakamy, «maslahatçy», «geòeºdar» manylaryny hem berýär. Käbir çeºmelerde Danyºmendiò wizantiýalylar bilen söweºde ölen gahryman Battal Gazynyò neslindendigi, käbirlerinde bolsa Anadolyny eýelän Süleýman bin Gutalmyºyò daýysydygy aýdylýar. Malazgirt ýeòºinden soòra Danyºment Gaza Siwas we onuò töwerekleri ykta edilip berlipdir. Danyºment Gazy takmynan 1080-nji ýylda Siwas töwereklerine gelip ýerleºipdir. Ýaºylyrmak töwereklerini eýleläpdir. Amasýa, Tokat, Niksar, Kaýseri, Zamanty, Çorum sebitlerini öz begligine düzümüne goºupdyr. Ýogalansoò ýerine ogly Kümüº hökümdar bolýar.        

DAWUT (124, 125) –Seret. ªemsesdin Dawut.

DAWUT MUZAFFAR (124,125) Artykly türkmenleriò Mardin ºahasynyò hökümdary (hökümdarlyk ýyllary 1367-1376). Artykly türkmenleriò döwletiniò hökümdary Ahmet Mansur aradan çykandan soòra tagta onuò ogly Mahmyt Salyh geçýär. Onun hökümdarlygy bary-ýogy dört aýa çekipdir. Onuò ýaºlygyndan peýdalanyp, daýysy Dawut Muzaffar 1367-nji ýylda häkimiýeti öz eline alypdyr. Onuò dokuz ýyllyk hökümdarlygy Garagoýunly türkmenleriniò döwleti bilen gapma-garºylyklarda geçipdir. Ýerine ogly Mejdeddin Isa Zahyr hökümdar bolupdyr.

DEÒIZ HAN (79,80,83,405) – Oguz hanyò iò kiçi, altynjy ogly. Onuò dört ogly bolupdyr. Olar: Igdir, Bükder, Ýiwe we Kynyk. «Demirgazykdan türkmen ýurduna ýagyº-ýagmyr ýollap duran Deòiz han atamyz tanyg bolsun, türkmen deòiz kimin joºdy, türkmen galkyndy, iliò güýji, siliò güýji diýendirler, biziò alnymyzda müºgil iº bolmaz» (Mukaddes Ruhnama, 405s.).        

DÖWLETMÄMMET AZADY (43, 301-302) – Seret: Azady

DUKAK (I) (220) Seljuklar neberesiniò nesilbaºysy. Orta asyr taryhy çeºmelerinde Dukagyò kynyk taýpasyndan bolandygy barada maglumat berilýär. Dukak beg oguz ýabgularynyò döwletinde sözi diòlenýän, ýokary derejedäki goºunbaºylaryò – sübaºylaryò biri bolupdyr. «Seljuk Dukak güýçli serkerde bolupdyr. Taryhçylar dürli çeºmelerde onuò adyny «demir ýaýly» hökmünde terjime edýärler» (Mukaddes Ruhnama, 220s.). Dukak Beýik Oguz-türkmen döwletiniò baºtutanynyò – oguz ýabgusynyò iò ýakyn geòeºdarlarynyò biri bolupdyr. «X asyryò ortalarynda bu döwletiò içinde gapma-garºylyklar ýüze çykyp ugraýar. Bir tarapdan yslam dininiò çalt ýaýramagy musulmanlygy kabul edýän oguzlary Oguz-türkmen döwletinden daºlaºdyryp baºlaýar. ªol bir wagtda Demir-Ýaýly lakamly Dukak serkerdäniò Oguz döwletiniò hökümdary bilen düºüniºmezligi, soò ogly Seljugyò bu döwletden çekilip, musulmanlygy kabul etmegine getirýär» (Mukaddes Ruhnama, 220s.).

Taryhy çeºmelerde berilýän maglumatlara görä, oguz ýabgusy musulman ilatyò üstüne ýöriº etjek bolanda, Dukak garºy çykypdyr. Hökümdar Dukagyò bu bolºuny halaman, gylyjynyò dessesi bilen urupdyr. Dukak oòa garºylyk görkezip hökümdaryò kellesini ýaralapdyr. Kynyk taýpasynyò hökümdaryny öldürmegi buýran Oguz ýabgusyna nökerleriò hiç haýsy boýun bolmandyrlar. Soò aksakgallar, ýaºulylar Dukak bilen Oguz ýabgusyny ýaraºdyrypdyrlar. Dukagyò ogly Seljuk takmynan 900-nji ýylda doglupdyr. Seljuk takmynan 17-18 ýaºyna baranda kakasy Dukak aradan çykypdyr.    

DUKAK (II) (114, 230) – Seljuk türkmenleriniò ªamdaky döwletiniò hökümdary. Täjüddöwle Tutuºyò ogly. Tutuº 1095-nji ýylda aradan çykansoò, döwlet onuò ogullarynyò arasynda paýlaºylypdyr. Rydwan Halapda, Dukak bolsa Damaskda özbaºdaklygyny yglan edipdir. Dukak emir Sawteginiò çagyrmagy bilen Damaska gelip, bu ýerde seljuklaryò ªamdaky döwletiniò Damask ºahasyny esaslandyrypdyr. Rydwanyò onuò elinden Damasky almak üçin guran ilkinji iki sapary ºowsuz tamamlanypdyr. Kinnesrin söweºinden (1097ý.Nowruz aýynyò 22-si) soò Dukak agasynyò öz üstünden hakimligini boýun almaga mejbur bolupdyr. Dukak atabegi Tugtegin (ser.Zahyreddin Tugtegin) bilen bilelikde haçparazlara garºy iºjeò göreºipdir. Dukak 1104-nji ýylyò Oguz aýynyò 8-inde aradan çykypdyr. Atabeg Tugtegin onuò bir ýaºly ogly Tutuºyò adyna hutba okapdypdyr. Soòra onuò 12 ýaºly dogany Ärdaºy hökümdar diýip yglan edipdir. Dukagyò ölümi bilen Damaskyò hökümdarlygy Börüogullarynyò eline geçipdir.

DUMAN BEÝGI (TEOMAN) (214) – Oguz türkmenleriniò Beýik Hun döwletiniò hökümdary. Mukaddes Ruhnamada nygtalyºy ýaly, Duman Beýgä Çyn-Maçynça Teoman diýipdirler. Ol b.e.öò 380-nji ýyla çenli döwletiniò serhedini Çyn-Maçyna çenli giòeldipdir. Duman Beýgi ulu ogly Metäni Hun döwleti bilen goòºuçylykda ýerleºen ýuwežileriò köºgünde gulluk etmäge iberipir. Duman Beýgi dawa ýüze çykandygy üçin ýuwežileriò üstüne ýöriº gurapdyr. Ogly Mete han özüniò ugurtapyjylygy bilen ýyndam atlaryò birine münüp, gaçmagy baºarypdyr. W.W.Bartoldyò ýazmagyna görä, oglunyò bu hereketine göwni ýeten Duman Beýgi oòa bir tümeni (10 müò adamly ilaty) dolandyrmaga beripdir. Duman Beýgi aradan çykansoò ogly Mete han b.e.öò 209-njy ýylda oguz türkmenleriniò Beýik Hun döwletiniò baºyna geçipdir.

DÜNDAR (236) – Osman-Türkmen döwletini esaslandyrjy nesilºalygynyò baºtutany Ärtogrul gazynyò dogany. Ärtogrul Gazy we onuò inisi Dündar begiò baºtutanlygynda 400 öýli gaýa türkmenleri Marydan göç eden biraz wagt Sürmeliçukurda ýaºapdyrlar. Soòra Orta Anadola göç edipdirler. Seljuk türkmenleriniò Rumdaky döwletiniò soltany Alaeddin Keýkubada ýüz tutupdyrlar. Netijede, Ärtogrul Gazynyò ýolbaºçylygyndaky gaýa ili Ankaranyò günbataryndaky Garajadag etraplaryna ýerleºipdir. Ärtogrul Gazy 1281-nji ýylda 93 ýaºynda aradan çykansoò ýerine inisi Dündar begiò geçmek arzuwy bardy. Emma Ärtogrulyò körpe ogly Osmanyò mertligini, batyrlygyny we ahlak sypatlaryny göz  onuò gaýa boýuna mynasyp hökümdar bolmagyna sebäp bolupdyr.


A | B | Ç | D | E | Ä | F | G | H | I | J | K | L | M | N | O | Ö | P | R | S | ª | T | U | Ü | W | Y | Ý | Z


(awtorlar: Jepbarguly Hatamow, Jumamyrat Gurbangeldiýew, Orazgeldi Aºyrow)