Ä

Mukaddes Ruhnamadaky taryhy ºahslar

A | B | Ç | D | E | Ä | F | G | H | I | J | K | L | M | N | O | Ö | P | R | S | ª | T | U | Ü | W | Y | Ý | Z


Ärsak  (43) – Beýik Parfiýa döwletiniò düýbüni  tutujy, onuò ilkinji hökümdary, ärsaklar ºaneslini esaslandyryjy. Taryhçy Öwez Gündogdyýew «ªu güne deòiç Ärsagyò ýaºan ýyllary barada doly maglumat ýok. Onuò nesilleriniò Parfiýany dünýäniò iò beýik döwletleriniò birine öwrendikleri baradaky hakykat bolsa, bize belli» diýip ýazýar.

Aleksandr Makedonskiý ýogalandan soòra onuò imperiýasy öz goºun serkerdeleri tarapyndan paýlaºylýar. Onuò imperiýasynyò Aziýadaky bölegi  tutuºlygyna diýen ýaly Selewk (b.e.öò 312-280) tarapyndan eýelenýär. Selewkiò guran döwleti grek-makedon esasly bolanlygy sebäpli, häzirki  Türkmenistanyò çäklerinde yaºan halklaryò olara garºy gozgalaòy baºlanýar. Oòa  Ärsak  baºtutanlyk edýär. Ärsak häzirki Gürgen sebitlerinde grekleriò goýan ýerli hökümdaryny öldürýär we Gürgeni, Hazar deòziniò günorta-gündogar taraplaryny, Nusaýy eýeleýär. B.e.öò 250-nji ýylda Ärsak eýelän ýerleriniò özbaºdaklygyny jar edip, täze döwletiò düýbüni tutýar. B.e.ö. 247-nji ýylda bolsa ol ºalyk täjini geýýär, döwlet ºol ýyldan öz resmi taryhyny baºlaýar. Ol taryhda beýik Parfiýa döwleti, ony dolandyryjylar bolsa ärsaklar nesilºalygy ady bilen meºhurdyr.

Ärsak barada Arrian, Sinkel, Strabon, Pompeý Trog, Moiseý Horenskiý ýaly  gadymy döwrüò taryhçylarynyò iºlerinde maglumat tapmak bolýar. Guwandyrýan ýeri ol döwrüò alymlarynyò iºleriniò aglabasynda Ärsagyò adynyò yzynda uly harp bilen baºlanýan «Batyr» lakamynyò  bolmagydyr. Gynanmaly ýagdaý bolsa gündogaryò beýik ºahyry Abulkasym Firdöwsiniò «Ärsaklaryò nesil daragtynyò köki gysga, olaryò aslynyò ºöhratlydygyny hiç kim aýdyp bilmez» diýip bellemeginiò esaslydygy. Professor K.B.Treweriò pikiriçe, Ärsagyò ady «Edermen sak» diýlip terjime edilýär. Türk alymy M.F.Kirzioglu Ärsak adynyò türkmenleriò Artyk (Artak) adynyò ºiwe görnüºidigini tekrarlaýar.

Ärsagyò sak-massaget toparlanyºygyna degiºli dah taýpa birleºmesinden bölünip aýrylan parnlardandygyny taryhçylar subut etdiler. Parfiýa döwletiniò ady hem parn taýpasynyò adyndandyr. Ýöne «Parfiýa döwletini dörediji  Ärsagyò dogany Tridatdyr» diýen çaklama subut bolmady.

 L.N. Gumilýow «Kaspiniò töweregindäki müòýyllyk» atly iºinde parfiýalylaryò sarmatlara garyndaº halkdygyny aýdyp, Ärsagyò aslynyò saklardandygyny tekrarlaýar. Gadymy taryhçylardan Strabon özüniò «Geografiýasynda» Ärsagyò aslynyò Oh derýasy sebitlerinde ýaºan parnlardandygyny aýdyp, ºol eserinde «beýleki taryhçylar welin onuò aslyny Baktriýaly diýip ýazýarlar» diýýär. Köp taryhçylar Oh häzirki Tejen derýasy diýip tassyklasalar, käbirleri ony Etrek derýasy diýýärler. Arheolog Hemra Ýusupowyò pikiriçe welin ol Uzboý bolmaly. 

Takmynan b.e.ö. 237-nji ýylda Selewk II Ärsagy ýeòliºe sezewar edýär. Ärsak apasiaklara tarap, ýagny Uzboýyò aºak akymyna çekilipdir. Soòra Ärsak Selewkidler bilen urºy dowam etdirýär we ºol ýyl (b.e.ö. 237-nji ýyl) uly ýeòiº gazanmagy baºarýar. Soòra ºol gün «Azatlyk baýramy» diýlip bellenilipdir.

Ärsak ilki-ilkiler ºa adyny götermändir. Ol ony has soò alýar. Garaºsyzlyk adatça öz puluòy (teòòäni) zikgelemek bilen esaslandyrylýar. Muòa Ärsagyò zikgleden teòòelerindäki ýazgylarda ilki diòe «Ärsak», soòra «ºa Ärsak», has soòra bolsa  «ylahy ºa Ärsak» diýilmegi-de ºaýatlyk edýär.

Keseýerlileriò sütemini ýok eden, Turanyò özbaºdaklygyny gazanyp, soòra oòa Eýrany, häzirki Päkistandan Ýakyn  Gündogara çenli aradaky  ýurtlary birleºdiren,  Ärsagyò ady öz döwründe-de, birnäce wagt geçenden soòra-da, hatda häzirem hormat bilen tutulýar.  Beýik Saparmyrat Türkmenbaºy Mukaddes Ruhnamada ol barada ºeýle belleýär: «Türkmen taryhynda beýik Parfiýa döwletini gurup, rimliler bilen darkaº guran Ärsak ºa öz döwründe ylahy Ärsak ºa adyny göteripdir... Türkmen taryhynda pygamber kibi yz goýan, ylahy adyny göteren ºahslar Ärsak ºadan baºga-da gaty köp, biz olary keseki halklaryò boýnuna dakmakdan daºda, emma özümiz olaryò keramatly adamlardygyna ynanýarys, ynamymyza hem daº atdyrmarys» (43). 2001-nji ýylda çap edilen Ý.G. Jadkonyò «Ýüz beýik nesilºalyk» atly kitabynda ärsaklaryò nesilºalygynyò öòhatarda agzalmagynyò ýöne ýerden däldigi düºnüklidir. Ärsagyò nebereleriniò tagallasy bilen beýik Parfiýa döwleti birnäce ýerleri eýeläp, Rim imperiýasy bilen bäsleºýän, dünýä täsirini ýetirýän iri imperiýa öwrülipdir.

Ärsak köp ýaºapdyr. Moiseý Horenskiýniò «Ermenistanyò taryhy» atly iºinde berýän maglumatyna görä, Ärsak  makedon agalygyny syndyrandan soòra 31 ýyl patyºalyk edipdir. Ärsagyò jesedini Köne Nusaýda ºalaryò gonamçylygynda jaýlan bolmaklary mümkin. Çünki ärsaklar döwletiò çäklerini näçe giòeltseler-de, hatda ýurduò paýtagtyny üç gezek çalyºyp, Günbatara ºüýºseler-de ata mekanlaryny we onuò merkezi Nusaýy hiç wagt ünsden düºürmändirler. Gadymy awtor Ýustin Pompeý Troga salgylanmak bilen «Ärsak hakyndaky ýatlamany parfiýalylar ºeýle bir belent turýardylar welin, ºol pursatdan baºlap Parfiýa ºalarynyò ählisi Ärsak diýen ady özlerine hemra edindiler» diýip ýazypdyr.

 Ärsagyò döreden döwletiniò synan döwri hökmünde 224-nji ýyldaky  pars-parfiýa söweºinde parfiýalylaryò ýeòlen wagty ykrar edilýär we ºoòa esaslanyp, bu döwletiò 471  ýyl ýaºandygy aýdylýar (käbir maglumatlarda 226-njy ýyl). Ýöne Ermenistandaky 62-428-nji ýyllarda hökümdarlyk eden ärsaklar nesilºalygynyò hökümdarlary beýik Parfiýada hökümdarlyk eden ärsaklar bilen garyndaºdyrlar we ol döwlet  Parfiýanyò dowamydyr. Parfiýany ýeòen sasanylar döwleti ärsaklar ºanesliniò halkyò aòyndan ýok bolmagy barada alada edipdirler. ªol sebäpli bolsa gerek Ärsagyò döreden döwleti barada köplenç gadymy grek-rim taryhçylarynyò ýazanlary saklansa-da parfiýalylaryòky saklanmandyr. Grek-rim  taryhçylarynyò iºlerini Parfiýany öz gözleri bilen görmän, ondan-mundan eºidip, ýazandygyklary sebäpli doly hakykat hökmünde kabul etsek ýalòyºjakdygymyz düºnüklidir.

ÄRTOGRUL GAZY (136, 235, 237) – Osman-Türkmen döwletiniò binýadyny goýujy (1188-1281). Dünýäniò üç sebtiniò – Aziýanyò, Ýewropanyò, Afrikanyò çatrygynda alty asyrdan gowrak häkim bolan Osman-Türkmen döwletini esaslandyryjylar türkmenleriò gaýa  boýundan bolupdyr. Bu taýpa oguz türkmenleriniò Bozok ganatyna degiºlidir.

Taryhy senenamalarda gaýalaryò miladynyò IX asyryndan baºlap, Jeýhun derýasyndan geçip, seljuk türkmenleri bilen bilelikde Horasana gelendigi ýazylýar. Gaýalar ilki Horasanyò Merw we Mahan töwereklerine ýerleºipdir. Soòra mongol çozuºlarynyò howpundan çekilip, Häzirbegjana we Gündogar Anadolynyò Ahlat etraplaryna gelipdirler.

Taryhy maglumatlara görä, gaýa boýunyò bir bölegi seljuk türkmenleriniò Anadolydaky döwletiniò soltany Alaeddin Keykubad I-niò döwründe Ankaranyò günbataryndaky Garajadag sebtine ýerleºipdir. Beýik Saparmyrat Türkmenbaºy mukaddes Ruhnamada Ärtogrul gazynyò 400 atlysy bilen Marydan gidiºi barada ºeýle ýazýar: «1277-nji ýylda Söwütde, Anadolyda mesgen tutan türkmen toparlary özleriniò daºary ýurt duºmanlary tarapyndan her hili horluklara sezewar edilýändigini, howandar, goldaw isleýändiklerini aýdyp, ata Watana — Maryda ýaºaýan howandarlaryna, Ärtogrul gaza ýörite habar ýetirýärler. ªol habar esasynda Maryda ähli türkmen taýpalarynyò gatnaºmagynda maslahat geçirilýär. Netijede, Ärtogrul gazy 400 sany ýigidi bilen Anadolydaky türkmenlere goldaw-kömek bermek üçin ugraýar» (136).

Gaýalar oguzlaryò iò gadymy, iò kökli-kökenli, iò hormatly boýy bolupdyr. Osman türkmenleriniò neberesiniò gaýa boýundandygyny ilkinji gezek tekrarlan Ýazyjyogly atly taryhçydyr. Faruk Sümer «Oguzlar – türkmenler» kitabynda Ýazyjyoglunyò Osman beg hakda ýazan aºaky goºgusyny getiripdir:

Osman, Ärtogrul oglusyò,
Oguz Gara han neslisiò,
Hakyò bir sadyk gulusyò,
Ystambuly aç, güzer sal.

Ärtogrul bege din ugrundaky edilen söweºlerde görkezen edermenlikleri üçin «Gazy» derejesi berlipdir. Ärtogrul gazy seljuk türkmenleriniò Anadoludaky döwletiniò hökümdary Alaeddin Keýkubat I-niò hyzmatyna durupdyr. Seljuk türkmenleriniò däplerine görä söweºlerde edermenlik görkezen serkerdeler döwletiò çet-gyraky serhetlerinde ýerleºdirilip, olara mülk berlipdir.

Wizantiýalylara garºy göreºdäki üstünlikleri üçin seljuk türkmenleriniò soltany Alaeddin Keýkubat Söwüdi we onuò töweregindäki ýerleri Ärtogrul Gaza hemiºelik beripdir. Söwüt gaýalaryò gyºlag, Domaniç bolsa ýazlag mekanyna öwrülipdir.

Ärtogrul gazy Söwüde ýerleºenden soò, Wizantiýanyò serhetlerine gaza ýöriºlerini gurapdyr. Bu ýöriºlerde Akjagoja, Samsa Çawuº, Gara tekin, Aýgut Alp, Goòur Alp ýaly türkmen ýigitleri onuò ýanynda bolupdyr. Ärtogrul Gazy beýleki türkmen beglikleri bilen hem dostana gatnaºyklary saklamaga ymtylypdyr. Oguz han atamyzyò «Biziò güýjümiz agzybirlikdedir» diýen pähimini elmydama özüne pent tutupdyr. ªu pende uýmagy unudan, diòe öz bähbidine çapýan türkmen begliklerini sylap goýmandyr. Ärtogrul gazy Anadola baran türkmenleriò önüòde birleºmek, bütewülik wezipesini goýupdyr. Geljekde bu maksat dünýäniò üç böleginde 600 ýyldan gowrak dowam etjek uly döwletiò – Osman türkmenleriniò guran döwletiniò baº ýörelgesine öwrülipdir.

Ärtogrul Gazy 1281-nji ýylda 93 ýaºynda aradan çykypdyr. Beýik Saparmyrat Türkmenbaºy Mukaddes Ruhnamada Ärtogrul gazynyò ogly Osmana wesýetini getirýär: «Kakasy Ärtogrul gazy ölüm ýassygynda ýatyrka, ºeýle wesýet edipdir diýip taryhy çeºmelerde görkezilýär: «Oglum! Ölümine boýun egmän dünýä gelen hiç bir adam ýokdur. Maòa-da Hezreti Allanyò emri bilen ölmüm ýakynlaºdy. Bu döwleti saòa amanat edýärin. Seni hem Taòra tabºyrdym. Her iºiòde adalaty ýokarda goý». (296). Ärtogrul gazy Söwüt ilçesinde ýörite türbede depin edilipdir. Ärtogrul gazynyò Sary batyr (Sawçy), Gündiz we Osman atly üç sany ogly bar eken. Osman beg 1299-njy ýylda Osman-Türkmen döwletini esaslandyrypdyr.

1983-nji ýylda Söwütde geçirilen «Osmanly simpoziumynda» türk alymy Refet Ýynanç Ärtogrul Gazy baradaky çykyºynda ºeýle sözleri getiripdir: «Ärtogrul Gazy öz emri astyndaky topraklarda ýaºaýan halk tarapyndan çäksiz söýülýän bir ynsandy. Ony hristianlaram ýürekden söýüp, hormatlaýardy. Ärtogrul gazynyò ölüminden soòra Söwütdäki hristianlar (rumlular) özleriniò bu ýerdäki bir bagyny we onuò töweregindäki ekinzarlygyò ýarysyny Ärtogrulyò ruhuna bagyº edipdirler. Ýokarky zatlaryò Ärtogrul Gazy wakfyna peºgeº berlendigi  bize mälimdir». Munuò özi adalatlylygy bilen ähli ynsanlara özüni söýdürip bilen Ärtogrul gaza berlen mynasyp bahadyr.

Halk Ärtogrul gazy baradaky hatyralaryny asyrlar boýy unutman gelýär. Günbatarly awtorlaryò biri Baptistin Poujulatyò Ärtogrul gaza ºeýle baha beripdir: «Gabat gelen türklerimiò arasynda öz doglan wagtyny takyk bilýän az adama gabat geldim. Ýöne, olaryò arasynda Ärtogrulyò adyny we türbesiniò ýerleºýän ýerini bilmeýäni ýok. Bu at musulmanlarda iò bir mukaddes at. Hiç bir halk öz hökümdaryny Taòra ºeýle ýakyn tutmaýar».


A | B | Ç | D | E | Ä | F | G | H | I | J | K | L | M | N | O | Ö | P | R | S | ª | T | U | Ü | W | Y | Ý | Z


(awtorlar: Jepbarguly Hatamow, Jumamyrat Gurbangeldiýew, Orazgeldi Aºyrow)