|
ÖLÜP-ÖÇÜP BARMAK
- biriniò ugrunda janyòdan geçmäge häzir bolmak, tüýs ýürekden,
çyndan söýmek.
- Ölüp-öçüp aýalyny söýüp barýan bolmasa-da, aýalyna hormat
goýup, aýaly bilen dostana bolup, aýaly bilen sözsüz düºüniºip
bilýän adamlar zeminiò ýalkan adamlarydyr /371/.
ÖNJEÝLI - has köp,
agramly, aòry ýany bilen ýeterlikli, uly.
- Hemiºe bolºy ýaly, býujet seriºdeleriniò önjeýli bölegi
durmuº pudagyna, onuò ösüºine gönükdirilýär /282/.
ÖÒE TUTULÝAN - beýleki
zatlardan ähmiýetli, ileri tutulýan, has ähmiýet berilýän, has möhüm.
- Döwletde we jemgyýetde milletara we sebitara ylalaºygyò, geçirimliligiò,
durmuº hyzmatdaºlygynyò ykrar edilmegi biziò içerki syýasatymyzyò
öòe tutulýan ugrudyr /280/.
ÖRK - bir zat bilen
ikinji zady birleºdirýän bag, daòy.
Bu ýerde: ynsany baglanyºdyrýan berk bag.
- Ruhubelent adamyò ýüreginiò örki, bagrynyò bagy onuò eziz
Watanydyr /309/.
ÖRLEMEK - aýak üstüne
galmak, örä, ýaýla çykmak, ýaýramak.
Deresinde gaplaò gürlän daglar baºy dumandyr,
Depesinde bürgüt ýerlän daglar mydam juwandyr.
Eteginde iller örlän eziz diýar amandyr... /274/.
ÖRMEK - turmak, ör-boýuna
galmak, jem bolup durmak.
- Bir ojakdan örsün türkmen,
ªirdir türkmen, ärdir türkmen /286/.
ÖRÒEMEK - köpelip,
san taýdan artyp, ýaýrap gitmek, baº sany köpelmek, ösmek.
-Ol köpelip, öròäp gitdi /10/.
- Sährany ýurt tutundy, nesli öròedi, ýurt mährini duýdy /291/
ÖRTEMEK - ýakyp-ýandyrmak,
ruhy-maddy taýdan kösemek, çykgynsyz ýagdaýa sezewar etmek,
horlamak, ejir baryny bermek.
- Ilki ýüregimiò, soòra gündeligimiò bir ýerine «Ir dana bor,
bu dünýäniò örtäni» diýip ýazan sözüme kalbymy ýyladyp
gezdim /154/.
ÖRTMEK - ýapmak, ýaºyrmak,
gizlemek, üstüni ýapmak, basyrmak.
-Çünki gybat hem ýalan günäòi, haramlygyòy örtmegiò, gizlemegiò
seriºdesidir /332/.
ÖTE GYZYKLANMAK -
has, aºa, köp, çakdanaºa ähmiýet bermek, beýleki zatlardan has
artyk meºgullanmak, bir zada köp üns bermek.
- Adamy ýekelik basýar: sebäbi ol maddy dünýä bilen öte
gyzyklanyp, ruhy dünýä bilen, asman bilen aragatnaºygyny ýitirdi
/58/.
ÖTEGÇI - geçip
gidiji, hemiºelik däl, wagtlaýyn.
- Millet-bakylykdyr, tire-taýpa-wagtlaýynlyk, ötegçilikdir /204/
ÖTLEM-ÖTLEM -
yzygiderli gaýtalanýan, biri-biriniò yzyndan gelip, üznüksizlik
emele getirýän; gatbar-gatbar.
- Ol öz ºahsyýet birligini ötlem-ötlem nesilleriò üzülmez
zynjyryndaky bir halka hökmünde duýup ugraýar /64/.
Öwezini dolmak - hakykatdan bolmaly, ýöne ýetmeýän
zadyò ýerini doldurmak, ýetmeýän zada derek degerli bir zat bermek,
ýetmezini doldurmak.
- ªu wagta çenli türkmeniò döredijilik taryhynda köpsanly aýry-aýry
Sözler, hususy Sözler, anyk Sözler boldy, emma Bitewi bir Söz
bolmady. Ruhnama hut ºu ýetmeziò öwezini dolmalydyr
/22/.
ÖWÜSGIN - assa öwüsýän
ºemal, janyòa hoº ýakýan ºemaljyk, çalaja öwüsýän ýel.
- Emma ol aýtjak zatlaryny Garagumuò üstünden burulyp-burulyp gelýän
ºemallaryò, Hazaryò depesinden taýyp-taýyp gelýän ýelleriò, Köpetdagyò
gerºinden düòderilip gaýdýan öwüsginleriò dilinde aýdýar
/288/.
ÖWܪGIN - ýukajyk
ºöhle, ýylpyldy, reòkleriò köpdürlüligi.
- Türkmen milleti döräli bäri onuò milli ruhy bolupdyr, her döwürde
ºol ruh dünýäniò özgermegi bilen öz öwüºginini tapypdyr, emma
gymmatlygyny ýitirmän, kämilleºip, bäº eýýamy geçipdir /290/.
ÖZELENMEK - gaty çynyò
bilen ýalbarmak, janyòdan syzdyryp haýyº etmek, gaýtalap-gaýtalap
towakga etmek.
-Ejemden galan ol ýylgyryºlar meniò hazynam, meniò baýlygym, ol ýylgyryº
ýaly eziz zady men dünýäden zer döküp satyn alyp bilmerin, haýyº
edip, ýalbaryp-özelenip alyp bilmerin, agtaryp tapyp bilmerin! /339/.
ÖZEN - bu ýerde:
bir zadyò düýp manysy, köki, esasy, birnäçe zady özünde jemleýän
düýp, bitewileºdirýän maýa, binýat.
- Milletiò özeni onuò aòyýetidir. Milletiò ähli maddy we ruhy
barlygy-dili, dini, medeniýeti, döwletliligi, jemgyýeti - bary ºol
özeniò üstünde gurnalýar/402/.
ÖZGE - baºga, beýleki,
gaýry manylardaky söz.
- Türkmen öz taryhçylaryna we özge taryhçylara türkmen bäº müò
ýyl ýaºan millet diýdireni üçin beýikdir /66/.
ÖZ
GÜNI BILEN BOLMAK
- baºga zada baº galdyrman, öz güzerany bilen bolmak, diòe asuda
durmuºa gümra bolmak.
- ªonuò üçin, bu eýýamda türkmen kän öýünden çykman, daºaryk
seretmän, öz güni bilen boluberdi /293/.
|