N

Mukaddes Ruhnamanyò diliniò altyn sözlügi

A | B | Ç | D | E | Ä | F | G | H | I | J | K | L | M | N | O | Ö | P | R | S | ª | T | U | Ü | W | Y | Ý | Z


NAGRA - aýylganç, haýbatly ses bilen haýkyrma, elhenç arlama.
Baºy garly Köpetdagyò nagmasy bar diýdiler, 

Mahal-mahal ýanan är deý nagrasy bar diýdiler...   /274/.

NAGYM - uzyn, ýap ºekilli çuòluk, garym, tunnel.
- Uzynlygy birnäçe kilometre ýetýän käriz gazyp, gara dagyn astyna nagym-tunnel çekip, dag astynda ýatan bal ýaly suwy ekin meýdanlaryna akdyrypdyrlar /174/.

NAKGAª - binalaryò diwarlaryny bezeýän suratkeº.
- Dünýäde müòde bir hormatly dereje, mertebe görkezýän atlar bar: zähmet gahrymany, ussat aýdymçy, halk nakgaºy... /300/

NALA - ah, perýat, zeýrençli agy.
...Perýadyn duýdum käbämiò zaryn ýelleò nalasynda,
Ýeke galdym, ýalòyz galdym arºyò-kürsüò arasynda,
Ýanar ruhum, perýat-ahym, seždegähim Watandadyr /276/.

Nama - hat, ýazgy, ugur almak üçin ýörelgeler ýazylan kitap.
- Mundan-da baºga, biz Gudraty güýçli Allanyò özüniò beýleki Resullaryna hem ºeýle namalary peºgeº berendigine ynanýarys /21/.

NAMAZHON - bäº wagt namazyny yzygiderli okaýan, namazyny yrman okaýan.
- Goý, her bir ýere ol adalatly, düºbi we namazhon naýyby ibersin, ol hem ýygym barada salgytlarynyò ýazgysyny kitaba geçirsin we bu iºde dogry ýol bilen gitsin... /396/.

NAÝBAªY - iò ýokary hilli, beýik derejeli, nusga bolar ýaly, iò oòat, görüm-göreldeli.
- Biziò döwletimiziò beýik maksady dünýä edebiýatynda nus- galyk keºbi gözlenýän ruhubelent, beýik maksatly, gaýduw- syz, naýbaºy ynsany ýetiºdirmekden ybarat bolmalydyr/299/.

NAÝYP - tagtda hökümdar ýok wagty ýa-da hökümdaryò çagalyk döwründe döwleti dolandyrýan adam.
-... tejribeli, hoºgylaw, hudaýhon naýyplary ýurduò çet gyralaryna we merkezlerine, daº we ýakyn welaýatlaryna, ýurduò /dürli/ sebitlerine ýolladyk... /384/.

NAZAR - görüº, garaýyº, serediº, göz aýlaýyº.
- Bir zat aýan: dünýä, adamzada, ýaºaýºa diòe Allatagalanyò nazary bilen seretmeli! /185/.

NAZAR SALMAK - syny düºmek, gözden salmazlyk, sylamak, hormatlamak.
- Bu topraga, bu diýara beýik Allatagalanyò nazar salan diýary Türkmenistan - Garaºsyz, baky Bitarap Türkmenistan diýerler! /79/.

NEBERE - bir maºgaladan bolan dogan-garyndaºlar, nesilme-nesil dowam edýän hossarlar.
-Oguz hanyò nebereleri ºol ähtnama esasynda köp müòýyllyklarda höküm süren bolmaly... /100/.

NEP - peýda, haýyr sözleri bilen manydaº söz.
- Çünki nep, haýyr görmek jemgyýetçilik ýaºaýºyny üpjün etmegiò usulydyr /343/.

NEPES - dem, adamyò içine sorýan we çykarýan howasy.
- Dünýä-röwºen geljegine barýar, dünýäniò ýagºy niýetli, päli-nepesi düzüw adamlary hut ºeýle bolar diýip ynanýar /403/.

Ruh ynsan göwresine Allatagalanyò salan jan guºudyr, mübärek demidir, päkize, keremli nepesidir /304/.

NESILBAªY - nesliò, halkyò ilki baºyny baºlan, nesilde ilkinji adam: belli bir nesliò baºtutany.
- Oguz han atamyz türkmen halkynyò nesilbaºysy, türkmen halkynyò atasy /43/.

NESILªALYK - nesilden nesle geçýän ºalyk, bir nesliò dowam etdirýän hökümdarlygy.
- Onuò nesilleriniò biri ªuòkar beg Madud 1148    /543/-nji ýylda Pars welaýatyny eýeleýär we öz nesilºalygyny esaslandyrýar. /127/

NESÝE - nagt däl, tölegi soòa goýlan.
- Iºiò höziri nagtdyr, ýaltalygyò höziri nesýedir        /334/.

NÄGEHAN - betbagtçylykly, weýrançylykly, görlüp-eºidilmedik.
- Nägehan, elhenç ýer titremesi bir pursadyò içinde meni iki görejim deý iki doganymdan, käbäm ýaly mähriban ejemden aýryp, öýümi ýykdy /153/.

NÄLER - her näçe, halys, gara çynyò bilen, tüýs ýürekden.
- Ahun aga, biz sowet terbiýesini aldyk, Hudaýa näler ynanasym gelýär, emma ynanyp, özümi ynandyryp bilemok, ýaºam bir çene bardy... /324/.

NÄRSE - zatlar.
- Halala hem harama degiºli närseler baºdan-aýaga iºlenip, kemi-kösti goýulmandyr, emma türkmen yslamdan daºgaram, halala hem harama öz garaýºyny salýar /184/.

NOBUR - ýaýbaò we çuò gazylan uly ýap, hanasy giò ýap.
- Kesearkaçda, Balkan degresinde, Dehistanda, Misserianda, Hawaran düzlüginde, Merwde, Amulda, Ürgençde, Etrek-Gürgende... çekilen noburlar, nowhanalar, ene ýaplar, uly ýaplar tutuº ýurdumyzyò jan damarlary ýaly ýurduò endam-janynda eriº-argaç /172/.

NOGSANLYK - kemçilik, ýetmezçilik.
- Bu gün bize ºol nogsanlyklardan saplanmak aòsat düºenok.
/271/

NOGTA - maly iýtmek, tirkemek, daòmak üçin onuò kellesine salynýan kelleki, uýan.
- Nebis seniò içiòdäki iò uly belaòdyr. Onuò baºyna wagtynda nogta salaýmasaò, ol baºyòy iýmän dynmaz /359/.

NOWA - 1. Mallary suwa ýakmak üçin suw doldurylýan, süýri agaç ýa daº gap. 2. Bir zady daºamak üçin agaçdan ýasalan uzyn gap.
- Her otuz-kyrk metrden guýy gazyp, köwden çykýan daºy-gumy nowa bilen daºaryk çekýärler /174/.

NOWHANA - uly aryk, giò hanaly kanal, täze uly ýap.
- Kesearkaçda, Balkan degresinde, Dehistanda, Misserianda, Hawaran düzlüginde, Merwde, Amulda, Ürgençde, Etrek-Gürgende... çekilen noburlar, nowhanalar, ene ýaplar, uly ýaplar tutuº ýurdumyzyò jan damarlary ýaly ýurduò endam-janynda eriº-argaç /172/.

NYGMAT - iýilýän-içilýän zatlar, lezzetli tagamlar.
- Haktagala olara gowulyk eder, nygmatlar berer   /87/.


A | B | Ç | D | E | Ä | F | G | H | I | J | K | L | M | N | O | Ö | P | R | S | ª | T | U | Ü | W | Y | Ý | Z


(awtor: Halkara türkmen-türk uniwersitetiniò dosenti Sapar Güjükow)