|
DAGYÒ ETEGI - dagyò
damanasy, dagyò düýbündäki düzlük.
Deresinde gaplaò gürlän daglar baºy dumandyr,
Depesinde bürgüt ýerlän daglar mydam juwandyr.
Eteginde iller örlän eziz diýar amandyr... /274/.
DALAª ETMEK - haýsydyr
bir maksada ýetmek üçin çalyºmak, bir iºi durmuºa geçirmek üçin
jan etmek, göreºmek.
... Ýa, Alla, menlik bol! - diýip, hamana tutuº ömrüne dalaº edýän
töwekgelligine ýüz urýan dek, sag goluny aºak ýatyrdy /33/.
DARAW-DARAW - çylgym-çylgym,
zol-zol, zolak.
- Ata diºini gysyp çydaýar, arkasy daraw-daraw, gan-gabarçak
bolsa-da, merdanalyk bilen çekýär /316/.
DARKA ÝARYLMAK -
seslenip bölünmek, iki bölek bolmak, birden batly ses bilen çat açmak.
- Ýigit aýdylyºy ýaly edýär, birden gara dagyò gerºi darka ýarylyp,
derweze açylýar, ýigit içine girip gidýär /372/.
DARKAª GURMAK - garºysynda
durup birine garºy söweºmek, söweºde gidiºmek, garºysyna çykmak.
- Türkmen taryhynda beýik Parfiýa döwletini gurup, rimliler bilen
darkaº guran Ärsak ºa öz döwründe ylahy Ärsak ºa
adyny göteripdir... /43/.
DAªGYN - bu ýerde:
joºma, galkynma, öòki derejesinden beýgelme, güýçlenme, möwjeme.
- Sansyz hem çylºyrymly taryhy gaýtgynlar-daºgynlar sebäpli, synasy
bölek-bölek bölünen - tire-taýpalara baº bolan halkyò iò wepaly
ogullary milletiò ruhunda bitewilik sypatynyò ýitip gitmezliginiò
aladasyny etdiler /293/.
DAªGYN -
dogan-garyndaºlyk gatnaºygy bolmadyk, ýakyn garyndaº däl, içgin
tanalmaýan.
-Käbir daºgyn adamlaryò ýönekeý gyzyklananlaryna-da ýetim
ynananok /32/.
DAÝANÇSYZLYK - daýanjy
bolmazlyk, sagdyn örki bolmazlyk, söýgedi, berk diregi ýokluk.
- Emma ruhy gahatlyk, ruhy mätäçlik, ahlaky daýançsyzlyk ýagdaýynda
oòa öz adamlyk keºbini saklamak juda kyn dü- ºer /310/.
DAÝYM /a/ - hemiºe,
mydama, elmydam ýaly sözler bilen manydaº söz.
- Daýym aýºy-eºret içinde bolarlar /87/.
DEGRE - töwerek-daº,
daºky gurºaw.
- Kesearkaçda, Balkan degresinde, Dehistanda, Misserianda, Hawaran düzlüginde,
Merwde, Amulda, Ürgençde, Etrek-Gürgende... çekilen noburlar,
nowhanalar, ene ýaplar, uly ýaplar tutuº ýurdumyzyò jan damarlary
ýaly ýurduò endam-janynda eriº-argaç /172/.
DEL- ýat, bigana, öò
bilinmeýän, üýtgeºik manylardaky söz.
- Men bu milli özboluºlylygy diòe del zady aýtmagyò hatyrasyna
agzamadym /357/.
DELALAT - delile
getirmek, hemaýat, kömek, goldaw.
- Il-günüò keramatdyr. Delalaty ºondan gözle! /336/.
DEMRIKDIRMEK -
basgylap demir ýaly gatatmak, aýak bilen ýa-da baºga bir zat bilen
basyp, arasyna howa gitmez ýaly edip gatatmak.
-Uly-uly gardanlar gazyp, gyº gar ýaganynda garlary tokgalap-tokgalap
gardanlara basyp, demrikdirip-demrikdirip üstüni çöp-çalam, onuò
üstünem bir-iki metr galyòlykda gum bilen basyryp, tomusda gar suwuny
ýaºaýyº ºerbeti hökmünde içipdirler /174/.
DEM SALMAK - duza we
º.m. bakyp, keramatly, gudratly saýylýan dogalardan okap, duzuò ýüzüne
çüflemek, duzy, topragy keramatlaºdyrmak.
- Gorkut ata, Hoja Ahmet Ýasawy, Bahaweddin Nagyºbendi, Nejmeddin
Kubra, Salar baba ýaly pirleriò dem salyp, çüflän keramatly,
gudratly topragy bu /79/.
DEP ETMEK -
bir zadyò garºysyna göreºip ýeòmek, üstün çykmak, bir zadyò
çäresini tapmak, öòüni almak.
«... Ot-ýaºaýyºdyr. Ot bilen dertler dep edilýär, elhençlikler
gorkuzylýar» diýýärdi /13/.
DERBE-DER - sergezdan,
awara, öýsüz-öwzarsyz, derbi-dagyn, pytran.
-...Ulus-illerim eòreºer, ýurt derbe-der, Jygalybeg! /31/.
DERE - dagda iki ýany
belentlik bolup, uzalyp gidýän giò ýer.
- Zawlarda, derelerde paý-pyýada aýlanyp, kötel geriºlere çyksaò,
göwnüò çaga batböregi ýaly gökde gaýyp baºlaýar, ºol pursat
ýalançy atlandyrylýan dünýäniò ähli derdi-azaryny unudyp, adam
öz ruhy dünýäsine garylýar /163/.
DEREJE BILMEK -
mertebe, abraý hasaplamak, öz ata-babalaryòa mynasyp görmek, laýyk
hasap etmek.
- Dünýäniò meºhur kinoýyldyzlary, teatr ýyldyzlary, sungat,
edebiýat bilen dahylly meºhur zenanlary hökmandan-hökman türkmen ºaý-seplerini
dakynmagy dereje bilýärler /378/.
DERGÄH - gapy, iºik,
ºu ýerde ýanyna, ygtyýaryna diýen manyda ulanylýar.
- Ysraýyl han on müò atlysy bilen soltanyò dergähine ugraýar.
/156/
DERHAL OTLY - bu söz
düzümi türkmen diline täze girdi. Tiz ýöreýän, çalt gidýän
otly manyda ulanylýar.
- Ol wagtlar Aºgabat-Moskwa derhal otlusy her bir ºäherçäniò,
obanyò gapdalynda biraz saklanýardy /35/.
DERWAÝYS - möhüm,
wajyp, zerur sözleriniò manydaº sözi.
- Men muny siziò taryhdan sapak edinmegiòiz, içki durmuºymyzy
sazlaºykly gurnamagyò derwaýysdygyna ünsüòizi çekmek üçin nygtaýaryn
/272/.
DERWܪ - bir
taglymata eýerýän we onuò kada-kanunlaryna boýun bolýan, ýoksul
galandar.
- Hindi derwüºleri, musulman sopulary, tibet keºiºleri zikr edip, öz
ruhuny Allanyò ruhy bilen birleºdirip bilýärler /299/.
DESTERHAN - saçak,
supra.
...Garagumuò - desterhanyò, hazynaò,
Rysgal-bereketli, barly türkmensiò! /276/.
-Türkmenden hanyò kim diýip soralanynda “ Desterhan!” diýip
jogap beripdir /153/.
DEÝIN - ýaly, kimiò,
dek, zeýilli sözleri bilen manydaº söz.
- Bägül içinden açylýandyr, sen hem bägül deýin içiòden gül-gunça
bolup açyl! /337/.
DÄNJIREMEK - hondanbärsiremek,
ýeten derejäòi göterinip bilmän däli ýaly bolmak, gopbamsyramak,
ederini-goýaryny bilmezlik.
- Heý, gardaºym, men baý diýip dänjiremegin, baýlygyò guk
gapdalynda gallaçylyk ýatandyr! /197/.
DIDAR - ýüz, meòiz,
keºp sözleri bilen manydaº söz.
- Durmuº maòa ýowuz darady, Watan üçin gahrymanlarça söweºip
wepat bolan kakamyò didaryna zar bolup, onuò adyna buýsanyp ulaldym
/153/.
DIDARLAªMAK -
biri-biriòi görmek, biri-biriòe ýüzüò düºmek, didara gowuºmak,
ýüzbe-ýüz görüºmek.
- Olar didarlaºyp bagtyýar bolupdyrlar /322/.
DIKME - belli bir welaýata, ýurda
patyºa, hökümdar tarapyndan bellenen adam, ygtyýar berlen adam.
...Sagdy Köneürgenç ºalarynyò dikmesi bolýar
/128/.
DILI GYSGALYK - aýyply,
müýnli ýaly bolmak, öwünmäge, magtanmaga hakyò bolmazlyk, diliòi
diºlemäge mejbur bolmak.
- Göwnüne gelen zady edibermek, haram islegleriò öòünde ejizlik
il içinde biabraýlyga, diliò gysgalygyna, ýüzüò ýere salynmagyna
getirer /329/.
DIL ÝETIRMEK -
birine göwnüýetmezçilik etmek, ýeòsesinden gybatyny etmek, biri
barada nälaýyk gürrüò ýaýratmak.
- Goý, ºöhratly ulama wepaly we dil ýetirip bolmaýan Nasyheddin,
Alla oòa kömegini uzaltsyn, bu karary ýerine ýetirmekde mümkinçiligiò
aòry baºyna ýetsin... /398/.
DIWAN - ºygyrlar, goºgular
ýygyndysy, antologiýa.
- Bu topragyò her bir gatlagy adamzat ösüºiniò altyn
sahypalaryndan ybaratdyr, hakykatdanam, bu toprak adamzadyò açylmadyk
diwany... /246/.
DIWANHANA - döwletiò-hökümetiò
ýokary wezipeli adamlarynyò jemlenen edarasy, mejlisiniò jaýy.
- Patyºa uly iºleri, diwanhana iºlerini hünärment we tejribeli kiºilere
tabºyrmalydyr /90/.
DIWAN SALGYDY - Ýurduò
beýik mejlisi tarapyndan salynýan salgyt, döwletiò bähbidi üçin tölenýän
salgyt.
-... olardan belli bir wagta kanun tarapyndan kesgitlenen we tassyklanan
harajy, hüºüri /Gurhan, 16/92/ we diwan salgydyny mylakatlylyk bilen
talap etmegi, olardan artyk zat aljak bolmazlygy we olaryò öz
tabynlygyndakylary adalatyò we hukugyò saýasy astynda köºeºdirmegi
sargyt etsin /391/.
DOGANLAªYK - ºu söz
täze ýasalan söz: doganlaºmak, dogan bolmak, biri-biriò bilen dogan
ýaly bolmak.
- Dünýäniò halkyýetleri, halklary, milletleri, ýurtlary, döwletleri,
bileleºige, doganlaºyga, dostlaºyga, abadanlyga, parahatlyga ymtylýar
/403/.
DOLANAN -
doganoglanlardan bolan çagalar.
- Eý, eziz türkmen halkym, siz dolanan dälsiòiz, siz dogansyòyz,
bir ojagyò daºynda, bir saçagyò baºynda, bir topragyò üstünde,
bir tuguò astynda ýaºap ýören türkmen kowumysyòyz /339/.
DOLAN AÝ - aýyò on
dördünji gijesiniò Aýy, doly tegeleklenen Aý.
- Sen näme üçin bir-de dolan Aý bolup, dünýäni kümüº nuruòa
çaýyp, dursuò, bir-de orak ýalyjak bolup, göze-de ilmeýärsiò
/375/.
DOÒBAGYRLYK - ile rehimi inmezlik, iliò ýagdaýyna ýüregi awamazlyk, hemaýat-duýgusy
bolmazlyk.
- Ýesir töweregindäkileriò maddy hemaýat bermeýänliginden däl-de,
olaryò ruhy biperwaýlygyndan, doòbagyrlygyndan ejir çekýär /320/.
DOSTLAªYK - bu söz
türkmen diline täze girýän söz: dost bolmak, dostluk gatnaºygyna
girmek, dostlaºmak.
- Dünýäniò halkyýetleri, halklary, milletleri, ýurtlary, döwletleri,
bileleºige, doganlaºyga, dostlaºyga, abadanlyga, parahatlyga ymtylýar
/403/.
DOWAR - ownuk mal, goýun-geçi.
Dowar bakyp, ºöwür çekip, ygdym Ahal alasynda,
Ata-babam sesin eºtdim Gök gümmürdän halatynda.
Perýadyn duýdum käbämiò zaryn ýelleò nalasynda,
Ýeke galdym, ýalòyz galdym arºyò-kürsüò arasynda,
Ýanar ruhum, perýat-ahym, seždegähim Watandadyr /276/.
DOWUL - ynsan kalbyny
gaplap alan howsala, gorky-ürki, galagopluk.
- Islendik adam meniò huzuryma gelende, kalbyndaky dowuldan sandyrap
dur, gürrüò çepine düºse, baºyny aldyryp biljegime, gürrüò
rast düºse, ýalkap biljegime gözi ýetip dur
/185-186/.
DÖMÜP ÇYKMAK - peýda
bolmak, ýüze çykmak.
-... ºonuò üçin hem haram baýlyga ýüz uran adamyò gara ýüreginde
haram zatlara bolan baº bermezek meýiller dömüp çykýar /369/.
DÖRT PARA - dört bölek,
ellerini, aýaklaryny böleklere bölmek, öldürmek.
- Her goluna, aýagyna at baglap dört para eýläò!
/196/.
DÖWLET - 1. Belli
bir territoriýada özbaºdaklygy, goºuny, ykdysadyýeti, syýasaty, hökümeti
we º.m. bolan syýasy gurluº. 2. Baýlyk, bereketlilik, mally-mülklülik.
.. perzentler doglup, atalary ýerine geçenlerinde menden galan düzgünleri
saklap, ýok etmeseler, Gökden olaryò döwletine medet geler /87/.
DÖWLET DIWANY - döwletiò
dolandyrylyº iºini amala aºyrýan iò ýokary wezipeli adamlaryò
oturýan edarasy, geòeº.
- Men seni taryhy çeºme bolan Soltan Sanjaryò döwlet diwanynda
1150-nji ýylda düzülen «Kätipleri kämilleºdirmegiò basgançaklary»
atly resmi iºleriò ýygyndysynda iri döwlet iºgärlerini, häkimleri
bellemek barada çykarylan 36 permanyò diòe üçüsi bilen tanyºdyrýaryn
/383/.
DÖWLETLI - baýlygy
bolan, barjamly, rysgally, eli uzadan ýerine ýetýän, mally-mülkli,
barly.
-Patyºalaryò hümmetli we döwletli elleriniò onuò kibi mala bulaºmagy
laýyk däldir /91/.
DÖWܪ GURMAK -
biri bilen söweºe girmek, uruºmak, garpyºmak, çaknyºmak.
-... Pelek bilen döwüº guran, beg ýigitler gamda galdy... /30/.
DÜKGE DܪMEK - aýaklaryòy
ýygryp, maòlaýyòy gowºurylan gollaryò üstünde goýup ýüzin ýatmak.
-...Düòle çöller dükge düºüp, iòòildeýär, Jygalybeg!
/30/.
DUL - gapydan içerik
gireòde sag ýa çep tarapy.
- Gam-gussa dartanyò bilen gam-gussa aýrylyp gidýän däldir, tersine,
gam-gussa köòül berseò, ol goº basyp, duluòda ýatar /304/.
DURK - adamyò bütin
süòòi, bedeniniò bütinligi, adamyò göwresi, kalby, bitewiligi.
- Men türkmen halkynyò beýik halkdygyna durkum bilen ynanýaryn /71/.
DUZAK - 1. Käbir haýwanlary
tutmak, awlamak üçin ýörite enjam. 2. Göçme m. Haýsy-da bolsa bir
iºi etmekde ýüze çykýan päsgelçilik, böwet, garºylyk.
- Hususylyk bolsa biziò döwrümiziò paýhas ýörelgeleri üçin iò
uly duzakdyr /23/.
DÜME - suwarylmaýan
ekin, galla ekinleri, tebigatyò ýagºy, ygaly bilen ýetiºýän ekin.
- Düme bugdaý ekip, galla hasylyny alypdyrlar /174/.
DÜNÝE
BARY - baýlygynyò hemmesi, bar gazanan zady, bütin ömri boýy ýygnap-ýygºyrany,
ähli baýlygy, mülki.
- ...ene bilen ata öz durmuºyny, bagtyny, dünýe baryny per-
zendine bagyº edip bilýär, ºondan bagt alýar /374/.
DÜNÝEWI - din bilen
baglanyºygy bolmadyk, dini däl.
- Dini ylmyò maksady Hudaýa göz ýetirmek, dünýewi ylmyò
maksady bolsa hakykata akyl ýetirmekdir /349/.
DÜÒLE - hiç zat
bilen iºi bolmaýan, güò, ker hem lal ýaly.
-... Jülgeden öwsen ýelleriò, Hakdan gelen sena bildim,
Düòle çölüò dag-derýasyn Hudaý gurgan bina bildim... /276/
DÜÒLE - sessiz-üýnsüz iòläp ýatan, güò, dymma.
...Düòle çöller dükge düºüp, iòòildeýär, Jygalybeg! /30/.
DÜRRE GAMÇY - göläniò
çig hamyndan aýratyn örüm bilen örülen gamçy.
- Göläniò hamyndan edilen dürre gamçynyò öòünde durup bolýarmy...
/37/.
DܪBI - diýlen-aýdylan
zada dogry düºünýän, akylly, aòly-düºünjeli, üºükli.
- Goý, her bir ýere ol adalatly, düºbi we namazhon naýyby ibersin,
ol hem ýygym barada salgytlarynyò ýazgysyny kitaba geçirsin we bu iºde
dogry ýol bilen gitsin... /396/.
DܪMEZLIK - bagt,
imisala durmuº getirmezlik, ºowsuz bolmak, betbagtçylyk getirmek,
kemrysgallyk baºlanmak, oòmazlyk.
- «Ýurt düºmedi, ýer kabul etmedi» diýen düºünjeler hem türkmeniò
ýeriò peýdaly hem zyýanly zolaklaryny bilendigine kepil geçýär
/198/.
DܪNÜK - iò az
mukdardaky zat, galyndy, düwür.
- Olarda diòe türkmenleriò içindäki göreº bellenilýärdi,
emma türkmen halkynyò ajaýyp we örän kyn geçmiºi hakynda ýazgylaryò
düºnügi hem ýokdy /270/.
DÜWÜR - owuntyk,
ownuk, sähelçe, togalajyk düwme ýaly.
- Ýekeje düwür ýeri harlan türk iman /türkmen/ däldir /211/.
DÜÝP-TEÝKAR - tutuºlygyna,
büs-bütin, düýbünden, düýbi-teýi sözleri bilen manydaº söz.
- Düýp-teýkary bilen ýok edilmek howpuny duýan wagty, ol Oguz
atasynyò agzybirlik, bitewilik wesýetlerine eýerip, oguz, ähli türkmen
taýpalarynyò, tireleriò bitewi bolmagynyò gerekdigini syzan hökümdardyr
/214/.
DYNNYM ÝALY - gaty
kiçijik, külbike barmagyò baºy ýaly.
- Adamym Gün maòa ýylgyryp seretse, men dolan Aý bolup, dünýä
sygmaýaryn, adamym maòa gyýa baksa, men ýygrylyp dynnym ýalyjak
bolup galýaryn... /375/.
DYZMAÇLYK - maksada
ýetmek üçin dyzamaklyk, maksada okgunlylyk, güýjüòe baýrynmaklyk,
howlukmaklyk.
- Eger Oguz hanyò ýoly gönümellik, halallyk hem adyllyk ýoly
bolsa, onda ol ýoldan ýöremegiò dyzmaçlyk, gaýduwsyzlyk hem-de
mertlik diýen ýörelgeleri bardyr /290/.
|