Ruhubelentlik

«Ruhuòyz belent bolsun. ªadyýan boluò. Ruhubelentlik ömrüòize nur-many çaýar, kyn iºiòizi aòsat eder» diýip, Nuh alaýhyssalam öwredýärdi.

(12-nji sah.) 


Gudraty güýçli Allatagalanyò pygamberimiz Muhammede iberen Gurhany keriminde Ruhy belentler diýlip Nuh, Ybraýym, Musa, Isa we Muhammet ýatlanýar.

(20-nji sah.) 


Men siziò Jebislikde, Agzybirlikde, Abadançylykda, Ruhubelentlikde ýaºamagyòyzy isleýärin.

(149-njy sah.) 


Türkmen ruhubelentligi dünýä nusga häsiýetdir. Ruhubelentligiò hemiºe-de gerek. Emma taryhyò gözükmeleri üýtgäp, ýönekeý adamlaryò özlerini garawsyz galan ýaly duýýan taryhy pursatlarynda ruhubelentlik has hem zerurdyr. Ruhubelentligiò manysy göwnüçökgünlikden, tukatlykdan hem-de gam-gussadan daºda durmakdyr. Adam öz ýekeligi boýunça garawa mätäç jandardyr. ªu manyda ulular hem özboluºly çagalardyr. Dürli taryhy döwürlerde adam özüne garaw berjek güýjüò keºbini döredipdir. Biziò döwrümiz üçin kynçylyk, göwnüçökgünlik ýatdyr. Emma garaw taryhyò imi-sala, aram pursatlarynda hem zerurdyr. Ony adamyò zandy, tebigaty talap edýär.

Biz adama garaw bolsun diýip milli döwleti gurduk. Türkmen ili, türkmen milleti, türkmen döwleti her bir türkmen ºahsyýetiniò abadançylygyna, adam ºekilli ýaºaýºyna kepil geçýär.

Emma ruhubelentlik diòe daºky esaslarda döremeýär. Onuò üçin içki esaslar hem zerurdyr, hatda daºkydan hem zerurdyr. Munuò üçin ºahsyýetiò öz-özüni aòlamagy, öz gymmatyna akyl ýetirmegi gerek. Göwni giòlik — ruhubelentligiò esasydyr. Sabyr-kanagat — göwni giòligiò doganydyr.

Bu zatlary gymmatlyklar hökmünde ykrar etmek üçin akyl-paýhas gerek. Ýüregiò, kalbyò gözüni açmazdan owal paýhasyò gözüni açmaly. Akyl aòlanylýan we aòlanylmaýan dertleriò baryndan halas edýändir.

Akyldan kösenen bardyr, akyldan zyýan çeken ýokdur.

Akyl, duýgy, häsiýet, ahlak — bularyò bary Altyn asyryò türkmen ºahsyýetinde ºahsyýet bütewiligini kemala getiriji taraplar bolmaly. Türkmen ºahsyýetiniò altyn sypatlary XXI asyrda göreniò göwnüni galkyndyrýan, biçak ýakymly täsirler galdyrýan, eziz bolmalydyr.

Ruhuòyz belent bolsun!

(207-njy sah.) 


Allatagala adamy döredende oòa ten beripdir, ruh beripdir. Adamyò ruhy belent bolanda, her adamyò ruhy jemlenip, halkyò ruhuny emele getirýär. Her adamyò ruhy belent bolanda, halkyò ruhy belent bolýar.

(288-nji sah.) 


Biz, türkmenler dünýä ýüzüne öz taglymatymyz bilen çykýarys: biziò taglymatymyz — ruhubelent ýaºamak.

(299-njy sah.) 


Ruhuòyz belent bolsun! Ruhy belent adamy Allatagala ýalkarmyº, ryskyny iki esse berermiº. Ömrüni iki esse berermiº.

Ýanyòyza gamgyn adam gelip, dünýäden, durmuºdan, adamlardan zeýrenip gitse, onuò gussasynyò ruhy sizde galar, edip oturan iºiòizdenem eliòiz sowar. Tersine, ºadyýan, ruhubelent adam myhman bolsa, ol bütinleý ruhuòyzy täzelär, ozal höwessiz edýän iºiòizi hem ýaòadan höwes bilen baºlarsyòyz. Ruhubelentlikde tükeniksiz güýç bar. Türkmen, ana, ºol tükeniksiz güýje eýe bolmalydyr.

Ýaºaýyº — ýaryºdyr. Ýagºy adam bilen ýaryºsaò, ýagºy bolarsyò. Ýagºylyk, ýagºy kiºiler ýaranyòyz bolsun!

Alla ruhubelentleri söýýändir, ýalkaýandyr, olara buýsanýandyr. Siziò özüòiz hem ogullaryòyzyò içinde ºahandaz, ºähdaçyk, durmuºa söýgüden dolup-daºyp ýören ogluòyzy has gowy görýänsiòiz.

Entek zeýrenip gala alan, iº bitiren ýokdur. Gam-gussa dartanyò bilen gam-gussa aýrylyp gidýän däldir, tersine, gam-gussa köòül berseò, ol goº basyp, duluòda ýatar.

Ruhuòyz beýik bolsun! Ruh ynsan göwresine Allatagalanyò salan jan guºudyr, mübärek demidir, päkize, keremli nepesidir. Allatagala ony dabaraly ýaºaýyºda tug ýaly pasyrdadyp, hoº bolup, keýp bilen ýaºarsyòyz diýip berendir.

Ýaºaýan wagtyòyz ruhuòyzy beýikde tutuò, goý, ol siziò ºahsy tuguòyz ýaly al-asmanda pasyrdap, ganat kaksyn! Ahyry ýene Allatagala öwrülip barjak ruhuòyzdyr. Onuò dergähine göýdük, gamgyn, para-para bolan periºan ruhly baryp bolmaz! Ýaºaýºy, durmuºy, bala-çagalaryòyzy söýüò!

Ajaýyp Watany, ene topragy, keremli ýurduòyzy söýüò!

Ine, ºonda, diòe ºonda ruhuòyz belent bolar, iºiòiz oò bolar!

(303-nji sah.)