Oguz hanyò, Gorkut atanyò, Göroglynyò, Magtymgulynyò, Atamyrat aga we Gurbansoltan ejäniò ruhlarynyò aýdanlary

Men geçmiºime kän sapar nazar aýladym. Ruhnama kitabyny ýazmak hakda kän oýlandym. Her gezek Oguz han atamyò ruhy:

— Ýaz, milletiò, il-ulusyò inen ýeri — güzer bolar, milletiò, il-ulusyò oòlan ýeri — ýurt bolar, milletiò, il-ulusyò arzylan zady — öwlüýä bolar! — diýdi.

Gorkut atamyò ruhy:

— Ýaz, milletiò oòlap, alnyna togap edip, aòyna, ýüregine ýazan zady keramatly bolar!  — diýdi.

Görogly begiò ruhy:

— Anyk ýoly bar millet bagtlydyr. Milletiò bagty Watanyny, ýurduny batyrgaý gorap bilmegindedir. Milletiò bagty bu gün seniò eliòde. Sen türkmen milletiòe altyn ýaºaýºyò güzerini görkez, ol seniò taglymatyò bolar, ol seniò ýoluò bolar Saparmyrat!  — diýdi.

Magtymguly atamyzyò ruhy ºeýle diýdi:

— Köòüller, ýürekler bir bolup baºlar,
Tartsa ýygyn, erär topraklar-daºlar.
Bir suprada taýýar kylynsa aºlar,
Göteriler ol ykbaly türkmeniò!

Kyblam atamyò, käbäm ejemiò ruhlary:

— Allatagala türkmeniò dört gerçegine — Oguz han Türkmene, Gorkut ata, Görogla, Magtymgula pygamberlik ýüküni urdy. Bu gün Allatagalanyò ol ýüki seniò gerdeniòde. Ömrüòi türkmen milletini agzybir saklap, altyn ýaºaýyºda döwran sürmegine bagyº et, ýol görkez, oglum! — diýdiler.

Her bir ynsan arzuw bilen ýaºaýar.

Men türkmeniò baºynyò belent, agzynyò bir bolmagyny, altyn ruhda, altyn ýaºaýyºda ýaºamagyny isleýärin.

Men siziò Jebislikde, Agzybirlikde, Abadançylykda, Ruhubelentlikde ýaºamagyòyzy isleýärin.

Men Ruhnamany türkmen milletiniò ýetmeli menziline ºamçyrag bolsun diýen ýagºy niýet bilen döretdim.

Allatagalanyò beren demini bisarpa tutman, milletiò eºretli durmuºda ýaºamagy üçin her bir türkmen bar gujur-gaýratyny, baºarnygyny il-ýurduna bagyº etmelidir. ªonda ýetilmejek menzil, bitirilmejek asylly iº galmaz.

(148-nji sah.)