Ruh

Ruh ýaºaýºyò "bissimillasydyr"
Ruh ýaºaýºyò «bissimillasydyr». Hemme ýollar ruhdan baºlanýar. Ruhy sazlaºygyò bozulan ýerinde ýaºaýyº weýran bolmak bilen. Dünýä bir göwre bolsa, ruh onuò janydyr.

(161-nji sah.) 


Türkmeniò ruhy dünýäsi
Men türkmeniò ruhy dünýäsi barada aýdanymda, elmydama onuò ýüreginiò — göwnüniò galkynyp durmagy, adamyò dünýäde hemiºe umyt bilen ýaºamagy, ºol umydyna-da ýetjegini bilmegi, Watanyna, halkyna, adalata ynanmagy, özüniò isleginiò-arzuwynyò kanagatlandyryljakdygyny bilmegi barada aýdýaryn.

Adam köòül arzuwyndan umydyny üzse, onda onuò ruhy peselýär, lapykeçlige ýüz urýar. Rehim-ºepagatlylyk, halallyk, adalatlylyk, ruhubelentlik, agzybirligi saklamak, milletiòi söýmek, goòºyòy söýmek, iliòi söýmek, ýurduòy söýmek duýgulary adamlaryò kalbynda bolmaly.

Allatagala adamy döredende oòa ten beripdir, ruh beripdir. Adamyò ruhy belent bolanda, her adamyò ruhy jemlenip, halkyò ruhuny emele getirýär. Her adamyò ruhy belent bolanda, halkyò ruhy belent bolýar.

Wagt özüniò Heòòam atly sypatyna girende, külli Ýaºaýºyò kiçelip-kiçelip, gysylyp-gysylyp bir göwrä, bir ºahsa, seniò garºyòy alyp duran bir bitewi barlyga öwrülendigini duýýarsyò. Onuò dili-agzy ýok. Emma ol aýtjak zatlaryny Garagumuò üstünden burulyp-burulyp gelýän ºemallaryò, Hazaryò depesinden taýyp-taýyp gelýän ýelleriò, Köpetdagyò gerºinden düòderilip gaýdýan öwüsginleriò dilinde aýdýar. Ol hem türkmen ruhuna täsir edýär.

(288-nji sah.)


Ruhuò ýaºaýºynyò üç sany seriºdesi
Ruhuò ýaºaýºynyò üç sany seriºdesi bar. Bular zehin, akyl we hakydadyr. Bularyò baºky ikisini adam öz ata-babalaryndan miras alýar. Men hemiºe adam ömrüniò, ºahsyýetiniò kemala gelºini iki tapgyra bölýärin.

Birinjisi, adamyò entek öz-özüni bilmeýän döwri, ikinjisi bolsa özüni bilip baºlandan soòky döwri öz içine alýar. Özüni bilip ugrandan soòky döwür, elbetde, hakydanyò döwrüdir. Sebäbi ºonda adamyò hakydasy, ýady kemala gelýär, bu döwürdäki wakalar we zatlar onuò ýadynda saklanýar. Baºgaça aýdanyòda, bu adamyò öz hususy ömri, ºahsy ömrüdir. Ondan öòki döwür bolsa, adam ata-babalarynyò ömri bilen ýaºaýar. Bu döwürde zehin hökmürowandyr. Zehin — atalardan galan beden, damar-gan, döredijilik, özgerdijilik, hasyl alyjylyk hem hereketlilik häsiýetlerine eýe boldy.

ªol türkmeniò ruhy dünýäsini joºdurýan, durmuºa höwes döredýän onuò asylly aòyrsy ata-babalarynyò ruhudyr, öz türkmen milletine, diline, dinine, tebigatyna, aýdymyna, sazyna, maºgalasyna, durmuºyna, ähli özboluºly halal däp-dessuryna bolan uly söýgüsidir.

(289-njy sah.)


Ruhy mynasyp beýiklikde saklamak parzdyr
Ruh — biziò gursagymyzda Allatagaladan parçadyr! Allanyò bagyº eden ruhuny mynasyp beýiklikde saklamak parzdyr.

(305-nji sah.)