Mälik ºadan sorapdyrlar:
— Sen ºeýle mylaýym, adamyò jany ýaly,
seniò ýanyòa girenler, Hudaýdanam, sendenem hoº bolup gidýärler.
Seniò gaharlanan wagtyòy, gaºyòy çytan wagtyòy, birine azgyrylan
wagtyòy gören ýok. Nädip beýle gowy bolup bolýar?
— Meniò göwnümiò islän zady bolup dur, pyºyrdym
bitip durka damak ýyrtmak nämä gerek! Islendik adam meniò huzuryma
gelende, kalbyndaky dowuldan sandyrap dur, gürrüò çepine düºse,
baºyny aldyryp biljegime, gürrüò rast düºse, ýalkap biljegime
gözi ýetip dur. Haýbat etmesizden gorkup duran adama haýbat atmak
nämä gerek? Olar meniò huzuryma girmezden ozal gije-gündiz
Allatagaladan meniò kalbyma gowulyk salmagyny dileg edýärler. Alladan
dilejek zadyny meniò bermegimi isleýärler. Ol meni Allanyò ýerdäki
wekili diýip ýanyma gelýär. Ýeri, onsoò men oòa Allanyò
ýerdäki wekili ýaramaz adam eken diýdirmelimi? — diýip,
Mälik ºa jogap berenmiº.
(185-nji
sah.)