Ata-babalarymyz
ata Watana nähili beýik sarpa-hormat goýandygyny tymsallarda,
rowaýatlarda goýup gidipdir.
Ine, türkmeniò ata Watana söýgüsini beýan
edýän bir tymsal.
Entek Oguz hanyò döwleti kuwwatlanyp ýetiºmänkä,
haýsydyr bir güýçli döwlet yrsarap, uruº edip, onuò ýurduny
basyp aljak bolupdyr. Ol ilçi ugradyp, ýurduò saýlama atyny bermegi
sorapdyr. Oguz hanyò serkerdeleri:
— Duºman yrsaraýar, urºalyò, emma saýlama
bedewi bermäliò. At biziò garyndaºymyzdyr — diýºipdirler.
Emma Oguz han:
— Zeleliò kiçisi barka, ulusyna ýapyºmaò!
Bardy-geldi duºmandan asgyn düºsek, ähli atlar duºmanyòky bolar!
Berip goýberiò bir aty — diýipdir.
Saý aty alyp giden ilçi ýaòadan has ºum habar
bilen gelýär. Bu gezek duºman ýurduò iò saýlama gözelini
soraýar. Serkerdeler ýene uruºmagy teklip edýärler, emma dana
atamyz Oguz han:
— Uruº bolsa, men-men diýen ýigitler söweºde
öler, bardy-geldi duºmandan ýeòläýsek, gelin-gyzlar duºmana
ýesir bolar! Zyýanyò kiçisi barka, ulusyna ýapyºmaò — diýipdir.
Saýlama oguz gözelini alyp giden ilçi has ºum
habar bilen gelýär. Ol ýer soraýar. Urºuò gutulgysyzlygyna düºünip,
ºonça wagtda ýurdy urºa taýynlap ýetiºen Oguz han:
— Ser bereris, ýer bermeris! — diýipdir.
Urºupdyr, päli azan duºmany kül-peýekun hem edipdir.
(249-njy
sah.)