Soltan Mahmyt Gaznaly bilen Ysraýyl hanyò söhbeti

Türkmen serkerdeleri Togrul begdir Çagry begiò güýçlenip baºlamagy Magryby-Maºrygy sorap, Hindistany boýun egdirip ýören türkmen soltany Mahmyt Gaznalynyò gonjuna gor guýýar. Ol seljuk türkmenleriniò ýagdaýyny bilmek üçin olaryò hanlarynyò birini görme-görºe çagyrýar. Ysraýyl han on müò atlysy bilen soltanyò dergähine ugraýar. Soltan dessine habar ýollap, «özüne kömek gerek däldigini, diòe görme-görºe çagyrýandygyny» ýetirýär. Ysraýyl üç ýüz atlysy bilen görme-görºe gelýär. Soltan ony mynasyp garºylap:

— Eger bize kömek gerek bolaýsa, näçe ýygyn berip bilersiòiz?  — diýip, Ysraýyldan soraýar. Ysraýyl sagdagyndan bir oky çykaryp:

— ªu oky ýollasaòyz, Balkandan otuz müò goºun geler!  — diýipdir.

— Eger köpräk gerek bolsa?!

— Onda ºu oky ýollasaòyz, ýene on müò atly-ýaragly ýigit geler.

— Eger has köpräk goºun gerek bolsa?!

— ªu oky Balkan daglaryna iberseòiz, ýüz müò goºun geler!

— Has köp goºun gerek bolaýdy-da?

— ªuny Türkmenistana iberseòiz, bäº ýüz müò goºun diýseò-de geler!  — diýip, Ysraýyl baºga bir ok berýär.

Türkmeniò bir taýpasynyò serdary bäº ýüz müò goºun çykaryp bilýär. Bu ummasyz uly goºun. Ol goºuny çykaryp bilýän halkyò hem nähili uludygyny göz öòüne getiriberiò...

(156-njy sah.)