Süòk hossarlygy barada rowaýat

Türkmen gonamçylygy dolup, täze gonam tutunjak bolanynda çem geleni gonambaºy edäýmeýär. Gonambaºy bolup, ýagºyzada ýaly adam ýatmaly, onuò uly molla, ahun, iºan bolmagy hökman däl, ýöne ajaýyp adam bolmagy weli hökman bolupdyr.

Ir zaman uly oba kerwen ugradýar. Alty aýlyk argyºa giden kerwen, dolanmaly wagty dolýar, dolanmaýar. Garaºyp görýärler, kerwenden habar ýok. Kerweniò süòk hossarlary atlanyp, türkmen atynyò aýagy ýeter ýaly ýeri ilik-düwme barlaýarlar, obalara habar gönderýärler. Emma kerwen ýere giren ýaly!

Diri ýiteniò patasyny alyp bolanok, garasaý, obadaºlary gulak hüºerdip geziberýär. Aradan ýedi-sekiz ýyl ötüp, «Pylan çopan pylan çölde adam süòküne duºupdyr» diýip, oba habar ýaýraýar. Atlylar ýene ýola düºýär. Hakykatdanam, alaman kerweni ºol ýerde urup, malyny talap, goragyny-beýlekisini çägä süsdürip, ysy çykmaz ýaly eden eken. Niräni gazsaò süòk bolup duranmyº! Ol zamanlar doganlyk mazary diýen düºünje ýok, nätmeli?

Türkmeniò gadym paýhasy kömege gelýär: skeletleri — ystyhanlary setir ýatyryp, kerwende süòk garyndaºy gyrlan ýigitler ýeke-ýekeden goºaryny hanjary bilen dilip, ganyny ystyhanyò çakyr atyp ugran süòklerine damdyrýarlar. Daman gan süòk garyndaºynyòky bolmasa, süòküò ýüzünden akyp ötägidýär, kimiò garyndaºy bolsa, gan süòke edil çägä siòen ýaly siòýärmiº...

ªeýdip her kim öz doganyny, doganoglanyny tapyp, obasyna getirip jaýlapdyr.

— Ynha, balam, süòk hossary diýlen gep nireden çykýar!  — diýip, babam bu hekaýaty gama batyp gürrüò beripdi.

(199-njy sah.)