Ýowuz synagdan geçirilen iki dost barada rowaýat

Atamyz Gün hanyò ogly Düýp Ýabgy han akylly patyºa bolupdyr. Ol dereje bereninde, wezipä belläninde hökman özi synagdan geçiripdir. Düýp Ýabgy hanyò serkerdeleriniò arasynda iki sany dost bar eken, biri-birinden edenli, merdana, batyr, görmegeý, mylakatly eken. Düýp Ýabgy han bulary köp ýyllar göz astynda saklap gezipdir, günleriò birinde olaryò birden-birini leºgerbaºy bellejek bolýar. Leºgerbaºy leºgerbaºy bolýar, oòa ýurt, watan, halk ynanylýar, patyºa janyny ynanýar.

Düýp Ýabgy han perman berýär. Patyºanyò nökerleri gije baryp, leºgerbaºy bellenjek ýigidi güpbasdy edip, goluny baglap, öldir ýaly ýenjip getirip, zyndana atýarlar. Ertesi irden ýurduò kazylary ony dildüwºükde aýyplap, ölüm jezasyny bermeli diýip höküm çykarýarlar.

Ýigit ölüm jezasyna garaºyp ýatyr.

Patyºa onuò dostuny hem edil ºeýle ýagdaýa salýar, ony hem dildüwºükde aýyplap, zyndana atýar.

Jeza berilmezinden ozal patyºa ilki olaryò biri bilen duºuºýar:

— Men seni oglum ýaly görerdim, seni leºgerbaºy belläýin diýip ýördüm, sen bolsa ºeýle pis iº etdiò!

— Kyblaýy älem, men ýurda nähili biwepalyk edenimi bilmeýärin, siz ony nireden bilip ýörsüòiz?

Patyºa:

— Men bir zat etmezden burun, ýedi ýola ölçeýärin. Seniò ýurda garºy dildüwºük guranyòy dostuò pylany aýtdy, ynha-da haty — diýip, baºga bir hat görkezýär. Ony hut dostunyò satandygyny örän çyny bilen aýdypdyr. Patyºanyò ok ýaly gönüdigini bilýän dosty, serpmeden gaýdan ýaly bolýar, soòra:

— Patyºahym, eger meni dildüwºük gurajak bolýar diýip dostum size aýdan bolsa, onda maòa jeza beriberiò. Meniò dostum ýalan sözlemeli adam däl! Men dostuma özüme ynanan ýaly ynanýaryn. Men ölüm jezasyna kaýyl!

Patyºa hiç zat diýmän çykyp gidýär, ýaòky ýigidiò dostunyò oturan teýzeminine baryp, oòa-da edil ºu gepleri aýdýar. Ol ýigit hem:

— Hä, dostum aýdan bolsa, jeza beriberiò, ol ýalan sözläninden ölenini gowy görýän adam — diýipdir.

Ertesi patyºa ýigitleriò ikisini hem köºge getirdip, olary bagryna basýar:

— Siziò ýaly gerçeklerim barka, meniò almajak galam bolmaz — diýip, ol gözünden ýaº döküp, özüniò guran ýeser oýny barada aýdyp beripdir. Patyºa ol ýigitleriò birini garry leºgerbaºynyò ornuna leºgerbaºy, beýlekisini bolsa özüne wezir belläpdir.

(351-nji sah.)