Öý edebiniò düzgünleri


Nuh pygamber garry gojalara we enelere ogul-gyz terbiýesinde akylly, agras, paýhasly, seresaply çemeleºmegi, olaryò hakyky ynsan häsiýetliligi üçin uly jogapkärçilik goýdy. Sebäbi Nuh pygamber ýaºlaryò ýalòyºmazlygyny isleýärdi. Ol: «Ulular bir gezek ýalòyºsa, ýaºkiçiler müò gezek ýalòyºar. Öýde ata ýalòyºsa, ogul ýalòyºar, ene ýalòyºsa gyz ýalòyºar, atalyk hem enelik (gaýyn ata hem gaýyn ene) ýalòyºsa, gelin ýalòyºar» diýip wagyz edýärdi. ªonuò üçin türk iman öý edebiniò düzgünini girizdi.

Ol edep-kadalar ºulardan ybarat:

1. Ulyny sylamak.

2. Kiçini söýmek.

«Ulyny sylamasaò, kiçini söýmeseò adamçylyk ýiter. Birehimlik baºlanar» diýip, Nuh pygamber sargaýardy.

3. Ata-enäni arzylamak.

Ol ºunda çagalara: «Ata-eneòiziò ýüzüne garap sözlemäò, gyòralmaò. Buýran iºini hökman ýerine ýetiriò!» diýip, hoºamaýlyk etdi. Çaga bolsa, bu zatlara derrew werdiº bolup gidýär.

4. Arassa hem ykjam geýinmek (daºky biçim).

«Geýim adamy bezeýär, göze mährem görkezýär. Özüòize geliºýän eºikleri geýniò» diýip, Nuh pygamber tabºyrýardy.

5. Öýde öz gazanan, der saçan zadyòy saklamak.

«Kiºi zadyny göterme hem öýüòe getirme, öz hasabyòa geçirme!» diýip, Nuh pygamber sargaýardy. «Öý, ojak — zyýarathana» diýýärdi.

6. Öýüò bezegi, ýerli-ýerindeligi, göze gelimliligi, arassalygy.

«Öýüò her bir zady göwnüòi götermelidir, keýpiòi çag etmelidir, ýaºaýºa söýgi döretmelidir» diýip, Nuh pygamber tekrarlaýardy. «Öýüò hapa bolsa, özüò üflis, hapa-hasy bolarsyò» diýýärdi.

7. Öýüòi, öýüò içindäkileri, öýüò daºyny — goòºularyòy, golaýlaryòy, syrgynyòy goramak.

«Goòºy — syrgynlaryòyzy, ilki bilen, jan-dilden goraò. Sebäbi ýagy goòºyòy çapsa, seniò öýüòi-de çapar» diýip, Nuh pygamber sargaýardy.

8. Ruhubelentlik.

«Ruhuòyz belent bolsun. ªadyýan boluò. Ruhubelentlik ömrüòize nur-many çaýar, kyn iºiòizi aòsat eder» diýip, Nuh alaýhyssalam öwredýärdi.

9. Gyz-gelin bezegi.

«Gyz-gelinleriòize zümerret daºlaryny gysganmaò. Nirede bar bolsa, tapyp getirip beriò. Gyz-gelniò göwnüni ýykan türk iman (türkmen) däldir. Ejiz, naçar göwni näzikdir. Olary näzik saklajak bolsaòyz, göwnüne ýetiò. Bezeg daºyny boýnuna, arkasyna, döºüne dakyò, ýöne ýüzüne degmäò, ýüzüò özi müò zümerretden zyýatdyr. Beýik Taòrynyò ýürekdäki mähir-nury ýüzde jemlenendir, dünýäni çyraglandyrýandyr. ªonda olar has owadan görner, näzik bolar, göwnüòizi açar, ruh berer» diýip, Nuh pygamber wesýet edýärdi. «Öýüò bezegi, ýakym-ýaraºygy gyz-gelindir. Bägül bagda gowy, gelin-gyz — öýde» diýip, pygamber gaýtalaýardy.

Mundan hem gaýry Nuh pygamber: «Ojaklaryòyzyò alawuny öçürmäò. Ojak öçse, ömür öçer. Ot — ýaºaýyºdyr. Ot bilen dertler dep edilýär, elhençlikler gorkuzylýar» diýýärdi.

(11-nji sah.)