Otparazlyk

«Gorkut atanyò kitabyny» okan her bir adam onda örän sagdyn aòly, giò gözýetimli, akyl-paýhasly, baý, agzybir, edermen oguz begleriniò ýaºaýyº keºplerini görýär. «Gorkut atanyò kitabyndan» bolsa ºol oguzlaryò nähili beýik edebiýatynyò, toý-baýrama görk berýän sungatynyò bardygyna-da göz ýetirýär. ªeýle sagdyn durmuºy, sagdyn edebiýaty, giò gözýetimi bolan halk gadym-gadym zamanlarda galan dar çygyrly, ýowuz däp-dessurly otparazlar dinine sygmaýar! Otparazlar dininiò aòyrsynda Mazdak, Man ýaly lagnata galan pygamberler hem ýatyr. Mazdagyò hem Manyò otparazlyk dinini üýtgedip, emläk, baýlyk, hatda aýal-gyzlary hem ortalyk etjek bolandygyny bilýäris. Olaryò ýoly türkmeniò ýoluna gabat gelmeýär!

(105-nji sah.)


Gorkut ata zamanynda diri baýlygy ýeriò üstüne, öli baýlygy ýeriò astyna sygmaýan, güýjüne baýrynyp, ýurduna buýsanyp ýören türkmenleriò kämil aòy oglanjygyò köýnek-balagyndan çykyºy ýaly, türkmenleriò kämil ruhy otparazlygyò hem, taòryparazlygyò hem çygryndan çykypdyr. Yslam dininiò käbir gowy pikirleri türkmenleriò agtaryp tapman ýören pikiri bolupdyr. ªonuò üçinem türkmenler yslamy kabul edýärler. Merwiò hökümdarynyò goºun dartyp gelen yslamçylara ºäheriò derwezelerini açmaklary hem ºu zatlar üçin bolmaly.

(108-nji sah.)