Oguz
iliniò ynanjy we dili
Oguz iliniò ynanjy gök bolupdyr, taòry diýip göge düºünipdir, ºonuò
üçin taòry diýmegiò bir manysy gökdür. Olar göktaòry dinine, ýeke
taòrylyga ynanypdyrlar. Dili gadymy türkmen dilidir.
(211-nji
sah.)
Oguz
ýurdy
Oguz hanyò hökümdarlyk süren ýeri Oguz ýurdy diýlip
atlandyrylypdyr. Bu eýýäm orta asyrlarda «Hududyl-älem» ýaly
ygtybarly taryhy arap çeºmelerine anyk maglumat hökmünde giripdir.
Oguz ýurdunyò Köpetdagyò etegindäki Täk galadan, Nusaýdan, Änewden
hem Altyndepeden uzalyp, tutuº Merwi, Köneürgenji,
Seýhun bilen Jeýhun arasyny öz içine alyp, bir tarapynyò Hazardan
Balha, bir tarapynyò Atail (Wolga) derýasyna çenli aralykda
bolandygyny gadymy çeºmeler tassyklaýar.
(211-nji
sah.)
Oguz
durmuºyna degiºli tapyndylar
Oguz türkmenleriò guran ilkinji döwletine bäº müò ýyl wagt geçipdir.
Oguzlaryò durmuºyna degiºlidigini subut edýän ok-ýaý
alamatlaryndan baºlaýan ºol döwre degiºli tapyndylaryò Bagabat,
Altyndepe, Täk gala (Durun), Ary jülgesi, Margiana, Köneürgenç
taraplarynda üstüniò açylmagy, döwletiò taryhy ýerleºiºi hakda
düýpli pikirleriò döremegine esas berýär.
(210-njy
sah.)
Oguz
han Türkmen Ruhunyò birinji eýýamynyò Ruhy ýolbaºçysy
Türkmen Ruhunyò birinji eýýamy biziò eýýamymyzdan öòki V müòýyllykdan
biziò eýýamymyzyò 650-nji ýylyna çenli aralygy tutýar. Bu eýýamda
milletiò ruhy gözbaºy Oguz handyr, halal, sada türkmen zähmeti
bilen gün görýär. Oòony öküzdir. Öküz öz zähmeti bilen
tebigaty özgerdýär. Öküz ene ýeriò hasyl bermegine sebäp bolýar.
Öküz ýaºaýºy, dünýäni, žemgyýeti herekete getirýär.
Eger Oguz hanyò ýoly gönümellik, halallyk hem
adyllyk ýoly bolsa, onda ol ýoldan ýöremegiò dyzmaçlyk, gaýduwsyzlyk
hem-de mertlik diýen ýörelgeleri bardyr.
Ýoly ýörelgeli ýeòer.
Oguz han Türkmeniò öküz sypaty zähmetsöýerlik,
jepakeºlik, erklilik, güýçlülik, döwletlilik alamatlaryny özünde
jemleýär. Eger onuò ýoly bitewilik, agzybirlik hem-de jebislik ýoly
bolsa, onda bu ýoluò jepakeºlik, erklilik, güýçlülik we zähmetsöýerlik
ýaly ýörelgeleri bardyr.
Dirä — ýörelge,
Ölä — gonalga — diýipdir
Oguz han Türkmen.
Bu pähim onuò eýýamynda türkmenlerde iºjeòligiò
iò ýokary derejä ýetendigini görkezýär.
(290-njy
sah.)
Oguz
hanyò börüsi
Oguz hana möjegiò ýol görkezendigini bilýäris.
(291-nji
sah.)
«Bürgüt
atly Oguz biz»
Oguz hanyò her agtygynyò öz bürgüt
ady bardy. Gaýa-ºuòkar, Begdili-bähri, Dodurga-garçgaý, Owºar-laçyn,
Çepni-humaý, Salyr-bürgüt, Bükdüz-ütelgi.
(292-nji
sah.)
Oguz
han mekdebi
Garaºsyz, baky Bitarap döwletimiz Oguz han mekdebine, beýik
ynsanperwerlige sarpa goýup, bir ädim aòryk süýºdi. «Il ýaºulusy»
diýen beýik mertebeli at döretdi. Biz öz käriniò ussatlarynyò,
belent ahlakly, adamkärçilikli adamlaryò derejesini dörederis, adama
goýulýan gadyr-hormaty artdyrarys. Täze mertebeli atlarymyza daýhanam,
iºçem, sazanda-da, häkimem, çopanam, sagymçy-da mynasyp bolup biler,
ol hormatly ady almagyò ýalòyz ºerti bolar: Ajaýyp adam bolmaly!
(300-nji
sah.)
Oguz
derýasy
Gorkut atamyz zamanyna deòiç Amyderýanyò ady Oguz derýasy bolupdyr.
(162-nji
sah.)
Atabeg öz terbiýelän oglanyna dürli hünärleri
öwredip, patyºa görkezipdir. Göwni hoº bolan patyºa:
Hany, oglum, Oguz derýasyndan hem ýüzüp geç — diýipdir.
(347-nji
sah.)
Näme üçin oguz Uzboýdan göterilipdir? Oguz derýasynyò
suwy gurapdyr. Suwuò ýok ýerinde ýaºaýyº ýok. Suwsuzlyk sebäpli
oguz ýurduny täzelemeli bolupdyr.
Jeýhun derýanyò öz ýoluny üýtgedip, Oguzboýuny
terk edenine birnäçe asyr geçen-de bolsa, ºindizem onda-munda kölçe-kölçe
suw görünýär. Gyralary gamyº-gajarlyk, ýylgynlyk, toraòòylyk! Ol
kölçelerdäki suwuò käbiri ýerden çykan suw, käbiri ºindizem ºoramadyk
suw. Uzboýuò ýakasynda ºindem türkmen çarwalarynyò obajyklary
bar. Mal üçin müsür, haýwanat üçin jennet! Awlaglaryò mesgeni!
Garaº Uzboýum, garaº, nesip bolsa, sen täze görke
gelersiò, bu mekanda Türkmen kölüni döredip baºladyk. Ertir onuò
aòyrsy-bärsi görünmeýän suwuny süýjediji enjamlaryò kömegi
bilen süýjedip, bol suwy akdyrarys. Türkmen halky ata-baba ýoluny
ýöredip, ýaòadan Uzboýuò boýunda ýaºaýºyò tuguny, Ýaºyl
tuguny parladar!
(380-nji
sah.)
Oguzlaryò
ýazlag-gyºlag dessury
Asmandaky Öküzler atly ýyldyzlar toplumyna ozal Oguz ýyldyzlar
toplumy diýlipdir. Oguz ýyldyzlar toplumy doganynda oguzlar ýazlaga
çykypdyr, ýaºanynda gyºlagyna gaýdyp gelipdir.(163)
(163-nji
sah.)
Oguz
han: «Her esger söweºe gitmezden öò nahal ekmeli!»
Oguz han türkmen topragynyò bagy-bossanlyk bolmagyny isläpdir.
Ol her esgere söweºden öò nahal ekdiripdir. Nahal ekmedik esger ýöriºe
äkidilmändir. Oguz han döwründe biziò ata-babalarymyz dag
eteklerine, Bäherden taraplaryna, Durun taraplaryna ýazlamaga geler
ekenler, ol ýerler biziò halkymyzyò oturymly ýerleridir. Dagdaky arçalary
çapmak günä hasaplanypdyr.
(178-nji
sah.)
Oguz
han – halatly adam
Oguz han Türkmen, Gorkut ata, Mäne baba,
Magtymguly ýaly adamlaryò ýoldaºly bolandygyny halkymyz ykrar edýär.
(197-nji
sah.)
Oguz
hanyò ýoly
Biz dünýä ýaýran türkmeniò ata Watanynda tagt dikip,
türkmeniò halk döwletini gurduk. Biziò ýolumyz gadymy türkmen ýoly!
Biziò ýolumyz Oguz hanyò pygamber ýoly!
(60-njy
sah.)
Oguz han ýoly din bolup oguz halkyny — türkmenleriò
ata-babalaryny köp-köp müòýyllyklardan geçiripdir!
Pederimiz Oguz handan galan pent: sen kim bolsaò, ºoòa
görä ýük götermeli! Uly bolsaò uly ýük, kiçi bolsaò kiçi ýük.
Öz öýüòiò adamy bolsaò — gerdeniòde maºgalanyò keºigi,
obanyò kethudasy bolsaò — gerdeniòde obanyò ýüki, han bolsaò
— gerdeniòde iliò ýüki, serdar bolsaò — gerdeniòde ýurduò
ýüki!
(100-nji
sah.)
Oguz hanyò taglymaty halkyò hakydasynda Oguz hanyò
ýoly bolup galypdyr.
(164-nji
sah.)
Oguz
han – Beýik ªahs
Oguz han öz eýýamyny ALTYN EÝÝAMA öwrüp, ýurt, sebit derejesinde
däl-de, dünýä derejesinde pikirlenip, dünýäniò döwletlerini,
halklaryny öz derejesine göterip, öz ýoluny, öz dinini — ýörelgesini
döreden beýik ºahsdyr!
Oguz han — ilkinji bolup türkmen dünýäsini açan
hem türkmen dünýäsiniò ykbalyny egnine alan beýik serkerdedir!
Ata-babalarymyz «Kitap okan beýlede dursun, diòläp
oturan hem bihal däldir» diýer ekenler! Oguz hanyò ganynda beýik
ynsanperwerlik bolupdyr, ony söweºde wepat bolan esgeriniò ogluny
Oguz hanyò ogullyk alºy hem habar berýär!
Oguz han däl, Oguz handan görelde alan soòky türkmen
ºalary, soltanlary hem talaò etmändir, ýersiz sütemi ýigrenipdir.
Türkmen ýoly ºeýle beýik ýoldur. Bu beýik ýolda
bize uly-uly altyn iºleri bitirmek bagty garaºýar, eziz türkmen
halkym!
(101-nji
sah.)
Erkil
hoja we Gün han
Oguz han Türkmen ölensoò, onuò wesýetine laýyklykda Gün han tagta
çykýar. Onuò atasynyò Erkil hoja atly weziri bolýar. Ol Gün hanyò
geòeºdary we iº dolandyryjysy bolýar. Bir gezek ol Gün hana: «Oguz
beýik hökümdardy; ol dünýäniò ähli döwletlerini basyp aldy; onuò
sansyz mukdarda gaznalary, (dürli) emlägi we mallary bardy; we bularyò
hemmesini ol bize, öz ogullaryna galdyryp gitdi. Taòrynyò eradasy
bilen siziò her biriòiziò mynasyp dört ogluòyz doguldy. ªu
ogullaryò soòra ºalyk üstünde duºman bolmagyndan we dawalaºmagyndan
Hudaýyò özi saklasyn! Abadançylyk her birine aýratynlykda dereje,
ýol, at, belli bir nyºan we tagma berilmegindedir we
tassyklanylmagyndadyr, olar ºol nyºan we tagma bilen ýörite (öz) buýruklaryny,
gaznalaryny, ýylky we dowar sürülerini bellärler; ºunda hiç kim
biri-biri bilen dawalaºmaz we jedelleºmez we çagalarynyò,
nesilleriniò hersi öz adyny, lakamyny we ýoluny biler, bu döwletiò
berkliginiò we onuò adynyò hemiºelik bolmagynyò esasydyr» diýýär.
Gün han bu sözleri makullady we Erkil hoja ºonuò
ýanynda iºläp baºlady. ªondan soò alty ogla Bozok we Uçok lakamy
kesgitlenildi we olaryò sag hem-de çep ganatlary aýratyn atlandyryldy,
ol täzeden lakamy, ady, tagmany we nyºany çagalarynyò hersi üçin
belledi we ºu ýigrimi dört ºahanyò her ºahasyna belli bir haýwanyò
adyny, bu olar üçin oòon bolar ýaly dakdy. Dessura görä, taýpalar
öz oòonyna garºylyk görkezmeýär
we onuò etini iýmeýär, sebäbi olar asylly
maksat bilen onuò adyny özüne dakýar. Biziò döwrümize çenli ºol
many öz güýjünde galýar we her taýpa öz oòonyny bilýär.
Erkil hoja toý-baýramçylykda, nahar iýlende, her
ýer-ýurtda olar dawalaºmaz ýaly we biri-biriniò gaharyny getirmez
ýaly, her ºahanyò paýyna etiò haýsy böleginiò degiºlidigini
takyk kesgitleýär. Bu ýigrimi dört ogullaryò ady ilkibaºda ºol
atlaryò manysyndan we ºol atlardan (soò) taýpanyò ady we hersiniò
ºahasy (ogullaryndan) mälim bolýar hem-de ol her ºahanyò tuguna öwrülýär.
Oguz han Türkmeniò guran döwletiniò güýji — berk
kada-kanun esasda ýaºalanlygyndadyr. Nirede tertip-düzgün berk ýerine
ýetirilýän bolsa, ºol ýerde üstünlik hem bardyr. Oguz han Türkmenden
gaýdýan berk düzgün-nyzamlyk bizde berk saklanmalydyr.
(102-nji
sah.)
Oguz
han – Allatagalanyò pygamber ýüküni uran gerçegi
Allatagala türkmeniò dört gerçegine — Oguz han Türkmene,
Gorkut ata, Görogla,
Magtymgula pygamberlik ýüküni urdy.
(148-nji
sah.)
Aslyò
Oguz handan gaýdýar
Oguz han atamyz türkmen halkynyò nesilbaºysy,
türkmen halkynyò atasy. Türkmen halky onuò pygamberdigine ynanýar.
Türkmen topragynyò gadymy medeni gatlaklaryndan Oguz han zamanyndan
galan altyn öküzleriò heýkeli, beýleki möhüm tapyndylar çykyp
dur.
(43-nji
sah.)
Nesilbaºymyz Oguz han Türkmendir. Oguz han özüne,
milletine Türkmen — asly
nurdan diýip at dakypdyr. ªondan hem Oguz hanyò nesli ýaýrap
ugrapdyr.
(79-njyi
sah.)
Aslyò Oguz handan gaýdýar. Ýigrimi dört taýpa,
kyrk tire owalynda türkmen milletiniò düýbüni tutandyr.
(151-nji
sah.)
Oguz
han – milletbaºymyz
Aòyrsy 5 müò ýyl mundan ozal milletbaºymyz
Oguz han Türkmenden gaýdýan türkmen halky Gündogarda Hindistan, Günbatarda
Ortaýer deòzi aralygynda döredilen dünýä gymmatlyklaryna dürli
ugurlarda saldamly goºandyny goºdy, öz topragynda Änew, Altyndepe,
Marguº, Parfiýa ºalygyny, seljuk türkmenleriniò ºalyklaryny, Köneürgenç
türkmen döwletini — jemi 70-den gowrak döwlet döretdi.
(9-njy
sah.)
Biziò milletimiziò gözbaºynda Oguz hanyò
durandygyny öwran-öwran gaýtalamagymyò esasy sebäbi, baryp mundan bäº
müò ýyl owal Oguz hanyò türkmenleri milli-syýasy bitewilige öwürmegiò
hötdesinden gelenligidir. Onuò akyl-paýhasy we gujur-gaýraty bilen dünýäde,
megerem, iò ilkinji milletleriò biri bolan türkmeniò binýady
tutuldy.
(160-njy
sah.)
Türkmen
milleti Oguz handan baºlanýar
Men türkmen milleti Oguz han Türkmenden baºlanýar diýýärin.
Oguz han bolsa ýekehudaýlylykdan baºlanýar, ynançdan — ruhdan
baºlanýar. Onsoò bu ýerde möhüm bir pikiri nygtamalydyryn:
türkmeniò Oguz
handan baºlanýan bäº müò ýyllyk taryhy iºjeòligi, ýöriºleri,
ösüºleri ºol owalbaºky ruhy pikiriò, ruhy tapyndynyò amala aºmagydyr.
(161-nji
sah.)
Oguz
elipbiýi, arabasy
Oguz hanyò ilkibaºky ruhy tapyndysy — milli oguz-türkmen
elipbiýiniò döremegi, Oguz hanyò beýik ýöriºleri mahalynda täze
guralyò — arabanyò oýlanyp tapylmagy türkmeni bütindünýä-taryhy
açyºlaryò üstünden eltdi.
(162-nji
sah.)
Ini
agany, aga inisini hormatlamaly
Oguz han atamyz uly ogullaryna «Siz ýaýsyòyz!» kiçi ogullaryna «Siz
oksuòyz! Siz ýaýyò atan tarapyna gitmelisiòiz» diýendir.
Ini agasyny hormatlamaly, aga inisini.
(356-njy
sah.)
Oguz
han halky üçe böldi
Oguzyò buýrugyna görä, ähli halky üçe böldüler. Akyldarlara,
bilimlilere, hasapçylara mal
we dowar jem etmek, harç etmek, girdeji we çykdajyny hasaplamak,
kethudalyk, wezirlik we ýazyjylyk berdi.
Batyrlara serkerdeligi berdi. Çakgan kiºilere
kement berip, at bakmaga gönderdi.
Bilimsiz, sada kiºileriò eline taýak berip, düýe,
sygyr we goýun bakmaga gönderdi.
(86-njy
sah.)
Oguz
han gursagyndan Allanyò salan sözlerini çykarýar
Atamyz Oguz han Türkmen — ullakan ýurduò ºasy, gylyjyny
gynyndan çykarmagyò deregine, gursagyndan Allanyò salan sözlerini çykarýar.
Tamdyrdan çykan çörek ýaly sözler bilen dünýäni alýar, ol
mukaddesligi bize wesýet edýär:
— Biri maòa söz diýse, men oòa ýok diýmedim.
(Haýyºyny bitirdim).
— Haýyr bilen ºeriò ahyryna garap,
maksadyma ýetdim.
— Barça maksadymy iliò gözüne görkezip,
halkymy ynandyrdym.
— Elime ýarag alman, süýji dil bilen halky
ýola saldym.
— Adyllyk ýoluny tutup, öz ilimi jem kyldym.
— Birewe kast etmedim, jebir etmedim, özüme
jebir edilse, sabyr etdim.
— Kim deòlik ýolundan dogry ýörese, onuò
ýoly ºumlyga barmaz.
— Eger seniò tutan ýoluòy il oòlamasa, görjegiò
gowulyk bolmaz.
— Kim öz raýatyna zulum etse, öz gabryny özi
gazar.
— Kim raýatyna zulum etse, ol duºmanyò
etjek iºini edýändir. Beýle ýagdaýda diòe duºmanlar ºat bolar.
Adyllykdan özge ýol patyºaga laýyk däldir.
(91-nji
sah.)
Ryza
Nur:
«Oguz han türkmenleriò milli pygamberidir»
Türkmenleriò nesilbaºysy hasaplanýan Oguz han Türkmen barada belli
taryhçy Ryza Nur ºeýle habar berýär: «Oguz han türkmenleriò
milli pygamberidir. Emma pygamberleriò arasynda onuò ady tutulmaýar.
Ol diòe Torg ady bilen Ybrany (gadymy arap dilinde ýazylan) kitaplarda
we Töwratda gelýär». Ýene-de: «... Ýer ýüzüni zabt edip, bäº
sany türk urugyna at beren Oguz handyr. Ol 116 ýyl hökümdarlyk
edipdir. Ýöne bu ýyllaryò wagty häzirki ýyllaryò ölçeginden az
bolmagy we türkmenlere mahsus ýyl ölçegi bolan bolmagy mümkin» diýip,
taryhçy Ryza Nur XX asyryò baºynda döreden «Umumy türk taryhynda»
ýazýar.
(92-nji
sah.)
Oguz
han: «Bakylygy
diòe pähim-paýhas bilen galdyryp bolar»
Müsür ºalarynyò özlerini hudaýyò
ogullary diýip yglan eden zamany biziò düýp babamyz, garry atamyz
Oguz han dünýä inip, kemala gelip, tutuº halkyny öz derejesine çenli
beýige göterdi, bütin dünýäniò halklaryny öz halkynyò
derejesine çenli göterdi.
Ýönekeý adam demir dona, altyn tuwulga girip, ölmez-ýitmez
söweºiji bolýar, beýik pikirler tymsala girip, ebedi ýaºap baºlaýar.
Müsür ºalary äpet-äpet daºlardan salnan beýik gümmezlere, mumyýa
girip ölmez-ýitmez bolup galmaga synanan bolsa, Oguz atamyz beýik
tymsallara, akyl-paýhasa, halkynyò aòyna, ruhuna, ganyna girip ölmez-ýitmez
bolupdyr. Akyl-parasat mumyýalardan, daº türbetlerden ebedidir. Oguz
han bakylygy diòe pähim-paýhas bilen galdyryp bolýandygyny subut
edip gidipdir. Onuò bize miras galdyran hazynasy bäº müò ýyllyk
menzilden ºugla saçýar.
Döwür geler, Oguz han Türkmeniò pähim-paýhasy
diòe bir türkmenleriò gursagyny däl, dünýädäki akyla-paýhasa
sarpa goýýan her bir kiºiniò kalbyny çoýar.
Oguz han Türkmeni çuò öwrenip göz ýetirseòiz,
onuò pähim-parasady gatbar-gatbar: her parasadyò aòyrsyndan täze-täze
parasatlar ýaz kömelegi deýin tapylyp gidip oturandyr. Oguz han Türkmen
dünýä pygamberler ýaly tymsally paýhaslary goýýar. Pygamber
tymsalyna akyl eýläp düºünmeli.
(93-nji
sah.)
|