Millet

Milletiòe akyl ýetirmek är iºi, akyldar iºi!

(96)


Millet bolup ýaºamak uly bagtdyr

Millet bolup ýaºamak uly bagtdyr. Bitewi millet bolmagyò esasy ºerti özbaºdak döwletli bolmakdyr. Türkmen soòky ýedi-sekiz ýüz ýyllykda bitewi millete öwrülmegiò ahy-zaryny çekdi. Özbaºdak döwletli bolmagymyz türkmeniò asyrlarboýy eden arzuwyna ýetmäge mümkinçilik döretdi.

(147)


«Türkmen oguz begleri, budur eºidiò, bizi Taòry basmasa, asla ýer dilinmese, türkmen iliniò törüni hiç kim bozup bilmez»

1889-njy ýylda Günbatar Sibirde Orhon derýasynyò akymynda, ýüzünde taryhy ýazgyly daºlar tapylýar. Bu daºlarda ýazylan elipbiýiò gadymy türkmen elipbiýidigini we daºlardaky ýazgylaryò, hatlaryò türkmençedigini 1893-nji ýylda alymlar anyklaýarlar. ªeýdip, 38 sany harpdan ybarat bolan gadymy türkmen elipbiýiniò üsti açylýar. Ýazuw ýadygärliklerinde ºeýle sözlem bar: «Türkmen oguz begleri, budur eºidiò, bizi Taòry basmasa, asla ýer dilinmese, türkmen iliniò törüni hiç kim bozup bilmez». Bu ýerde türkmenleriò ýok bolup gitmezliginden söz açylýar, olaryò özbaºdak millet bolmagyna isleg bildirilýär. Halkyò arasynda henize çenli ulanylýan «Daºa ýazylan ýaly»  diýen dana sözlem ºudur.

(147-148)


Pederlerimiziò ruhy milletimiz barada:

Men geçmiºime kän sapar nazar aýladym. Ruhnama kitabyny ýazmak hakda kän oýlandym. Her gezek Oguz han atamyò ruhy:

— Ýaz, milletiò, il-ulusyò inen ýeri — güzer bolar, milletiò, il-ulusyò oòlan ýeri — ýurt bolar, milletiò, il-ulusyò arzylan zady — öwlüýä bolar! — diýdi.

Gorkut atamyò ruhy:

— Ýaz, milletiò oòlap, alnyna togap edip, aòyna, ýüregine ýazan zady keramatly bolar!  — diýdi.

Görogly begiò ruhy:

— Anyk ýoly bar millet bagtlydyr. Milletiò bagty Watanyny, ýurduny batyrgaý gorap bilmegindedir. Milletiò bagty bu gün seniò eliòde. Sen türkmen milletiòe altyn ýaºaýºyò güzerini görkez, ol seniò taglymatyò bolar, ol seniò ýoluò bolar Saparmyrat!  — diýdi.

Magtymguly atamyzyò ruhy ºeýle diýdi:

— Köòüller, ýürekler bir bolup baºlar,
Tartsa ýygyn, erär topraklar-daºlar.
Bir suprada taýýar kylynsa aºlar,
Göteriler ol ykbaly türkmeniò!

Kyblam atamyò, käbäm ejemiò ruhlary:

— Allatagala türkmeniò dört gerçegine — Oguz han Türkmene, Gorkut ata, Görogla, Magtymgula pygamberlik ýüküni urdy. Bu gün Allatagalanyò ol ýüki seniò gerdeniòde. Ömrüòi türkmen milletini agzybir saklap, altyn ýaºaýyºda döwran sürmegine bagyº et, ýol görkez, oglum! — diýdiler.

(148-nji sah.)


“Milletini söýüp zelele galan ýokdur”

Men mahal-mahal öz milletime çakdanaºa buýsanyp, türkmen diýen sözüò ºuglasyna gözümi gamaºdyryp, türkmen diýen sözüò jadysyna erkimi berip ýören bolaýmaýyn diýip oýlanýaryn. Emma heniz adam ogluna söýgüden zeper ýeten däldir, milletini söýüp zelele galan ýokdur, milletini söýmedikden gork, her kim milletini söýse — milletler-de biri-birini söýer. Öz milletini söýüp bilmedik özgäniò milletini söýüp bilmez diýip, söýgümi delillendirýärin. Türkmen — bu söz meniò gursagymda ýüregimiò çoguna ýylanyp, bäbejik ýaly kalbymyò mährine dolanyp ýatyr.

Bu sözde bäº müò ýyldan atyny ýüzin salyp geçen halkyò merdana buýsanjy, tebigy sarçlygy, ýüreginiò mähri ýatyr.

Bu söz keramatly saçak bolup, tükeniksiz taryhda halkymyzy daºyna üýºürip, dost etdi, jebisleºdirdi, bitewileºdirdi.

(149)


Dünýäde ºindi millet bolup bilmediklere ýüregiò awaýar

Her hili agyr pursatlarda hem dana halkymyz «Dinden çyksaò çyk, ilden çykma»  diýip, milletiò girelgesiniò aòyrsyny petikläpdir. Dünýäde ºindi millet bolup bilmediklere ýüregiò awaýar, milletiò çygryndan çykyp, millet diýlen zada taryhyò zyýanly galyndysy hökmünde garaýanlara bolsa ýüregiò iki esse awaýar.

(150)


Milletimiz — biziò buýsanjymyz!

Milletimiz — biziò buýsanjymyz! ªu keramatly sözüò mertebesini götermek üçin ýaºaýarys, ölsek hem türkmen ºekilli ölmegi arzuw edýäris.

Ýat-ýakyn ýurtda apgyrdyòy basyp, agzyòy açyp ýörseò: «Bendäniò bolºy ºeýledir»  diýmezler, «Aý, ol millet ºeýle»  diýerler.

Ýat-ýakyn ýurtda döºüòi gapak ýaly edip, mertebäòe mynasyp bolup gezseò: «Hä, ol türkmendir! Olar taryhy sorap gelen halk ahyry»  diýerler.

(150)


Türkmen biziò milletimiziò ady

Türkmen biziò milletimiziò ady. Ata-babalarymyz bu sözi tug kimin göterip ýowuz duºmana garºy söweºe çykandyr. Gursagy naýzaly asmana garap, jan beren pursaty bu söz, bu söýgi oòa hemra bolandyr.

Halkyòa bolan söýgüniò aòyrsynda parz, borç, jogapkärçilik, galkynyº ýatyr.

(149-150)


«Dinden çyksaò çyk, ilden çykma»

Her hili agyr pursatlarda hem dana halkymyz «Dinden çyksaò çyk, ilden çykma»  diýip, milletiò girelgesiniò aòyrsyny petikläpdir. Dünýäde ºindi millet bolup bilmediklere ýüregiò awaýar, milletiò çygryndan çykyp, millet diýlen zada taryhyò zyýanly galyndysy hökmünde garaýanlara bolsa ýüregiò iki esse awaýar.

(150)


Milletimiz — biziò buýsanjymyz!

Milletimiz — biziò buýsanjymyz! ªu keramatly sözüò mertebesini götermek üçin ýaºaýarys, ölsek hem türkmen ºekilli ölmegi arzuw edýäris.

Ýat-ýakyn ýurtda apgyrdyòy basyp, agzyòy açyp ýörseò: «Bendäniò bolºy ºeýledir»  diýmezler, «Aý, ol millet ºeýle»  diýerler.

(150)


Bitewi türkmen milleti täzeden döredi

Bitewi türkmen milleti täzeden döredi, diòe milletiò bähbidi, diòe milletiò agzybirligi, diòe milletiò bitewiligi, bölünmezligi Garaºsyz, baky Bitarap döwletiò mynasyp eýesi bolup biler.

(151)


Türkmenler taryhy sorap gelen halk

Ýat-ýakyn ýurtda döºüòi gapak ýaly edip, mertebäòe mynasyp bolup gezseò: «Hä, ol türkmendir! Olar taryhy sorap gelen halk ahyry»  diýerler.

(150)


Ähli söýgim seniòki bolsun!

Saòa ýokjak gara özümde dursun, aklygym, päkligim seòki, türkmen!

Ähli söýgim seniòki bolsun, jebri-jepasy meòki, türkmen!

(150)


Türkmen halky bir dogandyr

Tire-taýpa bölüniºigi wagtlaýyn, milli bitewilige çenli geçilýän ýoldur. Indi ol kämil Millete ºikes ýetirer. Tire-taýpa meselesini indi goýalyò! Tire-taýpa gürrüòi geçmiºde galsyn, her bir türkmen tire-taýpa gürrüòiniò bolmazlygy üçin çalyºsyn. Türkmen halky bir dogandyr.

Eziz adamlar, diòe türkmen milleti öz ykbalyny bagtly edip biler.

(152)


Dünýäde 22 milliondan gowrak türkmen ýaºaýar

Bu gün dünýäde 22 milliondan gowrak türkmen ýaºaýar, biziò Garaºsyz, baky Bitarap diýarymyzda bolsa 5.500.000 türkmen ýaºaýar. ªu ýerde bir zady — bizde kyrkdan gowrak milletiò wekiliniò bardygyny, olaryò türkmenler bilen bir jan, bir ten bolup, agzybirlikde, bagtyýarlykda, ruhubelentlikde, jebislikde ýaºaýandyklaryny, el-ele berip önümçiligiò dürli ugurlarynda zähmet çekýändiklerini aýratyn belläp geçmek isleýärin. Ilatymyzyò ýüzden iki bölegi özbekler, ýüzden bir bölegi ruslardyr. Umuman, ilatyò ýüzden bäº bölegini baºga milletiò wekilleri tutýar.

(152)


Türkmen baºga milletiò wekillerine öz dogany, dosty hökmünde seredýär

Türkmen baºga milletiò wekillerine öz dogany, dosty hökmünde seredýär. Türkmende milletçilik duýgusy ýok. Türkmen baºga milletiò diline, dinine, däp-dessuryna aýratyn sarpa goýýar. Türkmen döwletiniò kanunlarynyò öòünde Türkmenistanda ýaºaýan ähli raýatlaryò borçlary, hukuklary deòdir.

(152)


Saçak — türkmeniò kasamy

Türkmen milleti saçagyny keramat bilip, ony mukaddeslik derejesine göteripdir. Saçak — türkmeniò agzybirliginiò nyºany, ol daºynda türkmenleri jem eýleýär. Saçak — türkmeniò kasamy. Türkmenden hanyò kim diýip soralanynda, ol «Desterhan!»  diýip jogap beripdir.

(152-153)


Türkmen ýakyny bilen saçakly gatnaºýar

Türkmen dogan-garyndaºy, ýakyny bilen saçakly gatnaºýar. Ol gudaçylyga gideninde çörekden doly saçagy alyp gidýär, eger gyzly öý onuò ogluna gyzyny berip, garyndaºlyk açjak bolsa, gudanyò getiren çöregini alyp galyp, ºonuò bilen sandaº çöregi hem salyp goýberýär.

Türkmen alys-ýakyn ýola ugranynda, ýanyna bir bölek çörek alyp gider, ol çörek oòa ýolda ýoldaº bolar, ol çörek ony mukaddes ojagyna, saçagyna getirer diýen yrym bar.(153)

(153)


Türkmen – milli aýratynlygyny saklan halk

Türkmen milleti uzak ýyllaryò dowamynda milli aýratynlygyny saklamak bilen, özüne ägirt uly ruhy güýç toplamagy baºardy. ªu taryhy binýadyò we geçmiºiò tejribelerine esaslanyp, geçiº döwründe ülkämizde abadançylygy we durnuklylygy saklamagyò hötdesinden geldik.

(157)


Biz öz akylymyz, baý ruhy gymmatlyklarymyz bilen dünýä özümizi tanadarys

Taryhda biziò ata-babalarymyz gylyç bilen dünýä özlerini tanadan bolsa, bu gün biz öz akylymyz, baý ruhy gymmatlyklarymyz bilen dünýä özümizi tanadarys. Geçmiºde Türkmenistan özüniò deòi-taýy bolmadyk ajaýyp ahalteke atlary, dünýä sungatynyò ajaýyp nusgalaryna öwrülen halylary we ummasyz tebigy baýlyklary bilen tanalypdyr. Bu gün bolsa türkmen milleti özüniò parahatçylyk syýasatynyò bütin dünýäde ykrar edilmegi ugrunda göreºýär. Beýik danamyz Magtymguly Pyragy: «Öòüò gara, ardyò gözle, hoº sözüò diý, gahryò gizle, sözläbilseò ýagºy sözle, halk ýamanyò bizarydyr»  diýip, takyk belläpdir. Men ertirki bagtyýar günümizi görýärin. ªu günki, ertirki bagtyýar ýaºaýºymyza hiç bir zadyò zeper ýetirip bilmejekdigine, baky Bitaraplygymyza çäksiz buýsanýaryn.

(158)


Millet diòe milli döwletiò barlygynda emele gelýär

Millet diòe milli döwletiò barlygynda emele gelýär. ªonuò üçin millet halkyýetden tapawutlanýar. Halkyýet özüniò degerli döwlet - syýasy amalyny we ºekilini edinip bilmedik, ºol sebäpdenem, taryhy gelejegi näbelli umumylykdyr. Beýle diýildigi onuò geljegi näbelli — ýitip gitmegem, ýitip gitmezligem mümkin diýildigidir. Ýitip gitmezligiò ýeke-täk ýoly bar, ol hem millete öwrülip bilmek. Millete öwrülmek diýmek bolsa, özbaºyòa döwletli bolmak diýmegi aòladýar.

(159)


Türkmen düýn ýa ºu gün emele gelen millet däl

Taryhy geçmiºe ýüzlenenimizde, türkmeniò millet hökmünde dörän wagtynyò düýn ýa ºu gün däldigine göz ýetirýäris.

(159)


Türkmen milletiniò daºgynly we gaýtgynly ösüº ýoly

Ýöne, bu milletiò taryhy ykballary ºeýle bir çylºyrymly bolupdyr, onuò ýaºaýºynda diòe bir ilerlemeler, öòe gitmeler däl-de, eýsem yza gaýtmalar, gaýtgynlar hem köp bolupdyr. Marksizm taryhy gaýtgynsyz, diòe ýokary galyp barýan birtaraplaýyn döwür hökmünde göz öòüne getirýär: taýpa döreýär, taýpadan halk, halkyýetden millet we º.m.-ler. Emma taryh bütinleý ters hadysalaram — ösüº bilen gaýtgynyò gezekleºip gidýän pursatlarynam biziò gözümize dikýär. Türkmeniò ýaºaýºy-da, onuò milli, millilik taryhy-da ºeýle iki taraplaýynlykdan emele gelýän çylºyrymlylyga örän baýdyr. Türkmeniò bir gezek millet hökmünde döränsoòam, soòraky taryhda milletiò birhili dürli sebäplere görä, ýene-de taýpa, tire görnüºlerine geçip giden pursatlary, aýry-aýry taýpalaryò özbaºdak ýaºaýyº görnüºlerine geçen wagtlary, gaýtadan ýene millete öwrülmek mümkinçiliginiò güýçlenip, ýokarky hetdine ýeten mahallary bar.

(159)


Täze türkmen milleti

Bize öz zamanamyz babatda täze türkmen milleti diýen düºünjäni girizmegimiz zerurlykdyr hem maksadalaýyklykdyr.

Biz özümiziò milli döwletli bolandygymyza, täze türkmen milletidigimize çäksiz buýsanmaga haklydyrys.

(159-160)


Millet näme?

Millet — adamlaryò belli-belli ruhy esaslarda bir topluma öwrülmegidir. Diòe ºol ruhy binýatlaryna laýyklykda milletiò maddy, daºky bitewiligi kemala gelýär.

(160)


Türkmen megerem dünýäde ilkinji milletleriò biridir

Biziò milletimiziò gözbaºynda Oguz hanyò durandygyny öwran-öwran gaýtalamagymyò esasy sebäbi, baryp mundan bäº müò ýyl owal Oguz hanyò türkmenleri milli-syýasy bitewilige öwürmegiò hötdesinden gelenligidir. Onuò akyl-paýhasy we gujur-gaýraty bilen dünýäde, megerem, iò ilkinji milletleriò biri bolan türkmeniò binýady tutuldy.

(160)


Millet nämeden baºlanýar?

Millet ruhdan we onuò maddylaºmasy bolan medeniýetden baºlanýar, islendik daºky toplumy — halky içki topluma — millete öwürmek üçin ony, ilki bilen, ruhy taýdan bitewileºdirmelidir.

(160-161)


Milletbaºymyz – Oguz han

Men türkmen milleti Oguz han Türkmenden baºlanýar diýýärin.

(161)


Milletiò ýüzi — geljege sary

Biziò zamanymyz üçin millet bilen döwletiò arasynda, tebigat bilen adamyò arasynda bolºy ýaly sazlaºykly gatnaºyklar gerekdir. Döwletimizde tire-taýpa tapawutlar bolmaly däldir, milli bitewiligiò ähli esaslary barha köpel­melidir. Milletiò ýüzi — geljege sary, tire-taýpaparazlyk bolsa, türkmeniò geçmiºidir.

(164)


Milletimiziò göwresi, ýüregi, akyly

Adamyò esasy synasy — göwresi, ýüregi hem akylydyr. Milletiòem öz göwresi, ýüregi hem akyly bolýar. Göwresi — maddy medeniýeti; ýüregi — dili, sazy; onuò akyly bolsa — milletiò pelsepesidir hem aòyýetidir.

(175)


Agzybirlik — milletimiziò baº ýörelgesi

Agzybirlik — ebedi türkmen milletiniò baº ýörelgesidir!

(170)


Türkmen — aòryò edermen halk!

Türkmen — seniò aòryò edermen halkdyr, edermenlik, batyrlyk — ata-babalarymyzyò tugy bolupdyr.

(170)


Türkmen milleti halaly halaýar

Türkmen milleti halaly halaýar. ªonuò üçinem, ol haram iýmez, çaga-çugasyna-da haram iýdirmez, ol munuò bu gün çykmasa ertir, ertir çykmasa ýedi puºduòa çenli hökman çykjagyny bilipdir.

(184)


Türkmene milletiniò kimdigini tanatmaly

Türkmene milletiniò nämedigini we milletiniò kimdigini tanatmalydyr. Türkmen milletiniò geçen ºöhratly ýoly, ol ýoluò her bir sahypasy belli bir nukdaýnazardan adamlaryò aòyna ýetirilmelidir. Sowet agalygynyò döwründe ruhy dünýäsi boº galan türkmen — ata-babalaryndan arasy üzülip, öz aslyny unudan türkmen indi öz ºahsyýetiniò mazmunyny milli gymmatlyklar bilen doldurmalydyr.

(202-203)


Türkmen türkmene dostdur, dogandyr

Türkmen türkmene dostdur, dogandyr. Bu düºünje türkmeniò iò mukaddes duýgularynyò biri bolmalydyr. Türkmen altyn ºahsyýetiniò aòynda umumymilli duýgular we umumymilli gymmatlyklar esasy, birinji orunda bolmalydyr, taýpa-tire degiºliligi bolsa Altyn asyrda aramyzdan ýok edilmelidir. Munuò üçin taýpa-tire tapawutlaryny döreden taryhy wagtyò çäginden çykmagy baºarmak gerek. Taryhy wagt boýunça yza gitsek, häzirki tireleriò, taýpalaryò bolmadyk eýýamlaryna-da aralaºyp bileris. Emma türkmen milleti weli, ºol wagtlar hem bardy. Türkmen milleti Oguz handan gaýdýandygy, baryp orta asyrlarda-da ykrar ediliºi ýaly, bäº müò ýyl mundan ozal baºlanypdy.

(203-204)


Millet — bakydyr

Millet — bakydyr, tire-taýpa — wagtlaýyndyr. Millet — bakylykdyr, tire-taýpa — wagtlaýynlyk, ötegçilikdir. Türkmen ºahsyýeti ºu pelsepeden ugur almalydyr. Diriligiò çynlygy diriligiòi aòlap bilºiòe-de baglydyr. Biz öz türkmenligimizi näçe çuòòur, näçe düýpli aòlasak, ºonça-da türkmenligimiz berkär. Aòlaýyº iºi bolsa ºahsyýetler bolup amala aºyrylýar. XXI asyrda türkmen milleti özüniò öòe çykaran ºahsyýet kysymy bilen güýçli bolar.(204)

(94)


Beýik taryhy maksatlarymyz bar

Biz millet derejesinde beýik taryhy maksatlary öòümizde goýduk hem-de kanagat we aýgytlylyk bile ºol maksatlarymyza tarap barýarys.

(204)


Her bir millet — Allatagalanyò dünýä bagynda eken bir gülüdir

Her bir millet — Allatagalanyò dünýä bagynda eken bir gülüdir. Beýik Ýaradan üçin hem edil adamlar ýaly, her gülüò bir ysy bardyr. Biz öz gülümiziò wagtyndan öò solup-saralmagyna günäkär bolup bilmeris. Munuò üçin bolsa, öòde goýlan taryhy maksatlara tarap okgunly hereket etmelidiris.

(206)


Türkmen Allanyò nazar salan, söýen milleti

Türkmen milleti Allanyò nazar salan, Allanyò söýen milletidir. Men muny göze dürtülip duran bir hakykatda görýärin: Allatagala türkmeni söýeni üçin hem ony bäº müò ýyl bäri ýaºadyp gelýär. Eger söýmedik bolsady, onda birmahal ony Wagt aždarhasynyò agzyna bererdi. Biribara yssy görnen dinimizi, ynanjymyzy, milli häsiýetlerimizi, milli däp-dessurlarymyzy gorap saklamakda we olary ýoýmazdan täze taryhy eýýama geçirmekde türkmen ºahsyýetiniò üstüne uly borçlar düºýär.

(206)


Türkmen hiç mahal türkmenligini ýitirmedi

Bäº müò ýylyò dowamynda türkmen her hili ýagdaýlary baºdan geçirdi. Hakyky adamyò her hili ýagdaýda-da adamçylygyny ýitirmeýºi ýaly, türkmen hem hiç mahal türkmenligini ýitirmedi. Kyn gününde peselmedi, ºat gününde eselmedi. Hut ºonuò üçin hem Allatagala türkmeni eý görendir.

(206)


Maksadymyz dünýä nusga bolup biljek türkmen milletini öòe çykarmakdyr

Biziò Altyn asyrda, ýigrimi birinji asyrda, esasy maksadymyz dünýä nusga bolup biljek türkmen milletini öòe çykarmakdyr. Syýasy jähtden, öz donumyzy özümiziò biçmegimize ygtyýar beren Garaºsyzlygymyz, jümle-jahana parahatlygyò gül ysyny ýaýradýan Bitaraplygymyz barka, halkymyzyò baý ruhuny öòe çykaryp, adam gatnaºyklarynda, döwrebaplykda nusga alarlyk derejä ýetjegimiz görnüp dur.

(245-246)


Millet — bitewilikdir

Millet bolsa — döwlet guralyna eýe bolan bitewilikdir.

Halk — umumylyk.

Millet — bitewilik.

(256)


Millet — dil, dini-ynanç, däp-dessur, ykbal hem döwlet birligidir

Millet — dil, dini-ynanç, däp-dessur, ykbal hem döwlet birligidir. ªeýle birlik kemala gelende, halkyò taryhy geljegi açylýar. Edil deòli-derejeli maºgala bolmak üçin maºgala agzalarynyò, öýüò hem gaýry ºertleriò zerur bolºy ýaly, millet bolmak üçin hem döwlet zerurdyr.

(256)


Milletiòi söýmek kalbyòda bolmaly

Adam köòül arzuwyndan umydyny üzse, onda onuò ruhy peselýär, lapykeçlige ýüz urýar. Rehim-ºepagatlylyk, halallyk, adalatlylyk, ruhubelentlik, agzybirligi saklamak, milletiòi söýmek, goòºyòy söýmek, iliòi söýmek, ýurduòy söýmek duýgulary adamlaryò kalbynda bolmaly.

(288)


Millet agzybir bolanda ýeòip bolmajak güýç ýokdur!

Eziz türkmenim! Bagtly we ºowly günler, gynançly we ºowsuz günler türkmen bolup jebis birleºiò, millet agzybir bolanda ýeòip bolmajak güýç ýokdur!

(383)


Millet geçmiºiniò belentligini görkezmeli

Milletiò özüne, öz güýjüne, öz geljegine ynamy we buýsanjy döretmek üçin, oòa onuò geçmiºiniò belentligini görkezmelidir.

(400)


Türkmene milleti bitewilikde saklap duran özüne çekiji güýç gerek

Türkmene iò täze eýýamda milleti maddy we ruhy taýdan dargatman, bir bitewilikde saklap duran özüne çekiji güýç gerek. Ol güýjüò ornuny häzir diòe döwlet we onuò milli ýörelgeleri tutup biler.

(401)


Milletiò özeni onuò aòyýetidir.

(402)


Dünýäniò milletleri bileleºige, doganlaºyga ymtylýar

Dünýäniò halkyýetleri, halklary, milletleri, ýurtlary, döwletleri bileleºige, doganlaºyga, dostlaºyga, abadanlyga, parahatlyga ymtylýar.

(403)


Halkym ulynyò öòünde kiçelip, kiçiniò öòünde ulalmasyn

Türkmen halkym hiç mahal uly halkyò öòünde kiçel­mesin, kiçi halkyò öòünde ulalmasyn. Dünýäde döwletara, milletara gatnaºyklarynda, türkmenler, deòag­ramlylygy saklaò, ol hemiºelik Bitarap  Türkmenistanyò syýasatynyò sarsmaz bir sütüni bolsun!

(406)