Beýik Hun hökümdary Metäniò Çyn-Maçyn hökümdary Hiao-Wene ýazan namasy

«Taòry tarapyndan tagta çykarylan Beýik Hun Çyn-Maçyn hökümdaryna dogaýy salam diýýär, oòa saglyk arzuw edýär. Hökümdar aly jenaplaryndan geçen günlerde aramyzda parahatlyk hem ýakynlyk gatnaºyklarynyò esasyna degiºli nama alnypdy. Bu ahwal her iki tarapyò arzuwyna laýykdy hem namalar manysyna görä ýerine ýetirilipdi.

Soòky döwürlerde siziò serhetdäki gullukçylaryòyzyò günbatar Toki ºazadamyzy äsgermezligi netijesinde, Toki ºazada meniò rugsadymy alman, Hu-Heu Nançžu hem beýlekileriò täsirine düºüp, Çyn-Maçyn gullukçylary bilen çaknyºmaga baºlapdyr, ºeýlelikde iki hökümdaryò arasynda gol çekilen ylalaºyklaryò garºysyna hereket edipdir, aramyzdaky doganlyk gatnaºyklaryna zyýan ýetiripdir, Han neberesini goòºy döwlete garºy duºman ýagdaýyna düºüripdir. Çyn-Maçyn hökümdarynyò gaharynyò gelendigini görkezýän iki namasy alyndy. Jogap namasyny getiren ilçimiz heniz yzyna dönen däldir. Barybir Çyn-Maçyn ilçisi-de yzyna dolanan däldir. Bu ýagdaý, iki goòºy döwletiò arasyndaky arzuw edilmedik ahwallara sebäp boldy.

Ylalaºyga garºy hereket birnäçe kiçi gullukçylar sebäpli boldy, olary jezalandyrmak üçin Toki ºazadany ýüýeçileriò üstüne ýöriº etmegi emir etdim.

Taòrynyò ýardamy bilen nökerlerimiziò sagdyn hem güýçli, atlarymyzyò kuwwatly bolanlygy üçin ýygynymyz duºmanlar bilen söweºde uly ýeòiº gazandy, gylyçlarymyzyò kesgirliginiò saýasynda olary boýun egmäge mejbur etdiler. Soòky döwürde Orta Aziýada, Lölan, Usun, Hukut we ºoòa meòzeº jemi 26 taýpany hem ülkäni hökmürowanlygymyza tabyn etdik. Bu ýurtlaryò ähli halky bizde nöker boldular, bütin bu iller biziò bilen bir öý (halk) boldular.

Demirgazyk ülkelerde howpsuzlygy hem abadanlygy gazananymyzdan soò söweºleri bes etmek, ýygyna dynç aldyrmak, atlary otlatmak niýetim bar. Aramyzda bolup geçenleri unudyp, köne ylalaºygy täzelemek isleýärin, edil öòki bolºy ýaly, serhetlerdäki halk parahatlyk içinde arkaýyn ýaºasyn, kiçijik çagalar ulalsyn, garrylar ömürleriniò soòuna çenli arkaýyn ýaºap bilsinler. Nesilden nesle parahatlyk hem buýsanç içinde ýaºasyn.

ªu mahala çenli Çyn-Maçyn hökümdarlygyndan jogap almadygymyz üçin köºk weziri He-u-Tsiýeniò üsti bilen gönderýärin. Onuò bilen bilelikde bir düýe, iki münülýän at, sekiz araba atyny gönderýärin. Eger hökümdar hunlaryò Çyn-Maçyn serhedine ýakynlaºmagyny islemeýän bolsa, serhet gullukçylaryna hem serhet halkyna serhetden uzaklaºmalaryny emir etmelidir». 

(214-216)