Mälik ºa


Alp Arslan we onuò ogly Mälik ºa seljuklaryò ýurdunyò serhedini gaty giò ýere ýetiren hökümdardyr. 

Beýik Seljuk Türkmen döwletiniò baýdagy.

1063-nji ýylda Çagry begiò ogly Alp Arslan tagta geçýär. Ol türkmenlere Rum iliniò derwezesini açan soltandyr, onuò ogly Mälik ºa seljuklaryò ýurdunyò serhedini gaty giò ýere ýetiren hökümdardyr. Soltan Mälik ºanyò ogly soltan Sanjar bolsa, türkmeniò ylmyna-medeniýetine uly üns beren adamdyr.

(227-nji sah.)


Togrul beg, Alp Arslan we Mälik ºa ºol äpet döwlete hökümdarlyk edýärdiler. Ýöne soòkusynyò ölüminden soò doganlar Berkýaryk bilen Muhammediò arasynda özara uruº döreýär.

(134-nji sah.)

 


Mälik ºadan sorapdyrlar:

— Sen ºeýle mylaýym, adamyò jany ýaly, seniò ýanyòa girenler, Hudaýdanam, sendenem hoº bolup gidýärler. Seniò gaharlanan wagtyòy, gaºyòy çytan wagtyòy, birine azgyrylan wagtyòy gören ýok. Nädip beýle gowy bolup bolýar?

Meniò göwnümiò islän zady bolup dur, pyºyrdym bitip durka damak ýyrtmak nämä gerek! Islendik adam meniò huzuryma gelende, kalbyndaky dowuldan sandyrap dur, gürrüò çepine düºse, baºyny aldyryp biljegime, gürrüò rast düºse, ýalkap biljegime gözi ýetip dur. Haýbat etmesizden gorkup duran adama haýbat atmak nämä gerek? Olar meniò huzuryma girmezden ozal gije-gündiz Allatagaladan meniò kalbyma gowulyk salmagyny dileg edýärler. Alladan dilejek zadyny meniò bermegimi isleýärler. Ol meni Allanyò ýerdäki wekili diýip ýanyma gelýär. Ýeri, onsoò men oòa Allanyò ýerdäki wekili ýaramaz adam eken diýdirmelimi?  — diýip, Mälik ºa jogap berenmiº.

(185-nji sah.)


Mälik ºa: «Heý, Allajan, açlyk belasyna özüm hötde gelerin, meni dokluk belasyndan gora!»  diýer eken.

(197-nji sah.)


Mähriban watandaºym, beýik türkmen ogullarynyò — Muhammet Togrul begiò, Dawut Çagry batyryò, Alp Arslanyò, Mälik ºanyò, Soltan Sanjaryò döreden döwletleri, gahrymanlyklary, mertlikleri, parasatlylygy, özlerini bütin yslam döwletleriniò soltany diýip yglan etdiriºleri deòi-taýy bolmadyk wakadyr. Türkmen halkymyz üçin ol beýik ºahslar barada aýratyn kitaplar, maglumatlar ýazylmalydyr. Guwan, türkmenim, aslyòa!

(227-nji sah.)