TÜRKMENISTANYÒ GARAªSYZLYGY WE
DÖWLET GURLUªYNYÒ ESASLARY HAKYNDA
TÜRKMENISTANYÒ KONSTITUSION KANUNY
Türkmenistanyò Ýokary Soweti 1991-nji ýylyò 26-njy
oktýabrynda geòeºiò barºynda halkyò mälim eden erk-islegini,
Türkmenistan Sowet Sosialistik Respublikasynyò döwlet özygtyýarlylygy
hakyndaky Jarnamany durmuºa geçirmek maksady bilen möhüm karar kabul
etdi. ªol kararda ºu aºakdaky iòòän möhüm meseleler öz beýanyny tapdy.
1. Türkmenistan SSR-niò çägini öz içine alýan
garaºsyz demokratik döwleti — Türkmenistany jar etmeli.
Türkmenistanyò garaºsyzlygy belent maksatlaryò
hatyrasyna — türkmen halkynyò öz hakyky milli döwletini edinmeginiò
hatyrasyna, milletine, jynsyna, sosial gelip çykyºyna we uýýan dinine
garamazdan, her bir adam üçin Türkmenistanyò Baº Kanunynda, Adam
hukuklarynyò ählumumy jarnamasynda we halkara hukugynyò beýleki
normalarynda göz öòünde tutulan hukuklary, azatlyklary üpjün etmegiò,
kanun agalyk edýän ynsanperwer demokratik jemgyýet gurmagyò hatyrasyna
jar edilýär.
2. Türkmenistanyò döwlet gurluºynyò formasy
respublikadyr. Bu respublikada döwlet häkimiýetiniò eýesi halkdyr, ol öz
häkimiýetini gös-göni halk geòeºiniò (Referendumyò), wekilçilikli
organlaryò üsti bilen amala aºyrýar.
3. Türkmenistanyò bütin çäginde Türkmenistanyò Baº
Kanuny we kanunlary agalyk edýär.
Türkmenistanyò Baº Kanunynda we kanunlarynda
görkezilmedik döwletara gatnaºyklary düzgünleºdirilýänçä, hukuk
gatnaºyklarynyò kanun çykaryjylyk esasynda reforma edilmegi
tamamlanýança SSSR-iò Baº Kanuny we kanunlary öz güýjüni saklaýar.
4. Türkmenistanyò çägi emele gelen serhetlerde
eldegrilmesizdir we bölünmezdir.
5. Türkmenistanda döwlet häkimiýeti ony kanun
çykaryjy häkimiýete, ýerine ýetiriji häkimiýete we sud häkimiýetine
bölmek prinsipi boýunça amala aºyrylýar.
6. Türkmenistanyò Baº Kanunyna laýyklykda,
Türkmenistanyò Ýokary Soweti kanun çykaryjy häkimiýeti amala aºyrýar.
7. Türkmenistanyò iò ýokary wezipeli adamy Prezident
bolup, ol döwletiò baºtutanydyr. Türkmenistanyò Prezidenti ýerine
ýetiriji häkimiýete hem baºtutanlyk edýär.
8. Türkmenistanyò sudlary garaºsyz sudlardyr, olar
diòe kanuna tabyn bolýarlar.
9. Türkmenistanyò çäginde Türkmenistanyò raýatlygy
ýola goýulýar. Türkmenistanyò raýatlygy, ony ýitirmegiò ºertleri hem
tertibi, raýatlyk meseleleri babatda beýleki döwletler bilen özara
gatnaºyklar Türkmenistanyò Baº Kanuny we kanunlary arkaly
düzgünleºdirilýär. Türkmenistan öz çäklerinden daºardaky raýatlaryny
goraýar, olara howandarlyk edýär.
Türkmenistanyò çäginde daºary ýurt döwletleriniò
raýatlaryna, raýatlygy bolmadyk adamlara Türkmenistanyò Baº Kanunynda we
kanunlarynda, döwletara ylalaºyklarynda, halkara hukugynyò normalarynda
göz öòünde tutulan hukuklar, azatlyklar kepillendirilýär.
10. Türkmenistanyò çägindäki ýer, ýerasty baýlyklar,
howa giòiºligi, suw hem beýleki tebigy resurslar, deòiz ykdysady zonasy
halkyò milli baýlygy we eýeçiligi bolup, Türkmenistanyò garaºsyzlygynyò
maddy esasy bolup hyzmat edýär.
Umumysoýuz eýeçiliginde, SSSR-iò almaz, walýuta
fondlarynda we altyn gorunda Türkmenistanyò öz paýy bardyr.
11. Türkmenistan ykdysadyýetde bazar gatnaºyklaryna
geçmegi amala aºyrýar. Döwlet eýeçiligine bolan hukugyò her hili
formalaryny ykrar edýär, olary deò derejede goraýar.
12. Türkmenistan özüniò maliýe syýasatyny, pul
ulgamyny özbaºdak kesgitleýär, döwlet bank organlaryny guraýar.
13. Türkmenistan SSR Soýuzyna giren respublikalaryò
garaºsyzlygyny, olaryò arasynda emele gelen serhetleriò üýtgewsizligini,
olaryò çäkleriniò eldegrilmesizdigini, bölünmezdigini ykrar edýär.
14. Garaºsyz döwlet — dünýä birleºiginiò deò hukukly
agzasy hökmünde Türkmenistan öz daºary syýasatyny özbaºdak düzýär we
durmuºa geçirýär. Birleºen Milletler Guramasyna, beýleki halkara
guramalaryna gös-göni girýär, diplomatik, konsullyk, söwda we beýleki
gatnaºyklary amala aºyrýar, olar bilen ygtyýarly wekilçilikleri alyºýar,
halkara ºertnamalaryny baglaºýar.
15. Türkmenistan özüniò harby syýasatyny özbaºdak
kesgitleýär, çäginiò bütewiligini, garaºsyzlygyny gorap saklamagy üpjün
edýär, ýaragly düzümlerini döredýär.
Türkmenistan öz çägini ýadro, himiki, bakteriologik
ýaraglardan, köpçülikleýin gyrýan ýaragyò beýleki görnüºlerinden azat
diýip yglan edýär.
16. Türkmenistan türkmen halkynyò milli-medeni taýdan
täzeden rowaçlanmagy hakda, onuò öz milletlik ähmiýetine düºüniºini
artdyrmak hakda, halk däplerini ýaòadan dikeltmek hakda, döwlet dili
bolan türkmen diliniò giòden ulanylmagy hakda alada edýär.
Türkmenistan respublikanyò çäginde ýaºaýan ähli
milletleriò, halkyýetleriò wekilleriniò milli-medeni taýdan erkin ösmek
hukugyny kepillendirýär.
17. Türkmenistanyò öz döwlet nyºanlary — baýdagy,
gerbi, gimni bolýar.
18. Türkmenistan SSR-niò Baº Kanunynyò kanunlarynyò
ºu Konstitusion Kanuna ters gelmeýän ýerleri Türkmenistanyò täze Baº
Kanuny, kanunlary kabul edilýänçä öz güýjüni saklaýar diýip bellemeli.
19. Türkmenistanyò garaºsyzlyk Gününi ählihalk
baýramy diýip yglan etmeli, ony her ýyl 27-nji oktýabrda toýlamaly, ºol
güni iº güni däl diýip bellemeli.
20. ªu Konstitusion Kanun kabul edilen pursatyndan güýje girýär.
(47-nji sah.)