|
Men
ºonda Göroglyny ýatlaýardym. Emma duºmanlar Göroglynyò hem
baºyny alyp gitdiler, «Gaýdyp türkmeniò baºy birikmesin!»
diýip... Emma... Emma Jygalybeg diri ahyry! Tutuº dessanda
Jygalybeg öldi diýlen ýeri ýok ahyry... Meger... meger,
Jygalybeg «Türkmende ýene bir är ýigit dörär» diýip, garaºyp
ýörendir! Är ýigit, ºir ýigit, zor ýigit gerek, bakna türkmene
eýe çykar ýaly! Görogly beg gerek!
Men dälirän ýaly gursagyma sygman, bokurdagyma atylyp
gelýän agymy setirlere sygdyrjak bolýardym:
Meniò
bir bedew atym bar, seýisläp ber, Jygalybeg!
Meniò
bir däli göwnüm bar, seýikläp ber, Jygalybeg!
Çardaglarym
gandallydyr, Çandybilim-gamly ildir,
Batan
bagtymyz oýanmaz, eger-eger, Jygalybeg!
Gara
daga azym uran, dag ýigitler kanda galdy?
Pelek
bilen döwüº guran, beg ýigitler gamda galdy.
Alp
erenler ºehit bolup, munda garyp bende galdy,
Düòle
çöller dükge düºüp, iòòildeýär, Jygalybeg!
Döwletli
baýlar basylyp, hupbat çekip, Sibir gitdi,
ªir
ýigitler söweº kylyp, ºehit bolup gabyr gitdi.
Ýetim
ogluò gan aglaýyp, aram-karar-sabyr gitdi,
Ulus-illerim
eòreºer, ýurt derbe-der, Jygalybeg!
Meniò bir bedew atym bar,
seýisläp ber, Jygalybeg!
Meniò bir däli göwnüm
bar, seýikläp ber, Jygalybeg!
Göroglynyò düýrme
gyljyn, jyzaòy ber, Jygalybeg!
Baºym goýup söweºer
men, jygaòy ber, Jygalybeg!..
(30-31)
|