|
Gudraty güýçli Allatagalanyò pygamberimiz
Muhammede iberen Gurhany keriminde Ruhy belentler diýlip Nuh,
Ybraýym, Musa, Isa we Muhammet ýatlanýar.
(20-nji
sah.)
Kitaplaryò üçünjisi Isa pygambere iberilen
Injildir.
Gudraty güýçli Allatagala ºeýle buýurdy: «Pygamberleriò
yzy bilen biz Merýemiò ogly Isany iberdik, ºunda ondan öò Töwratda
beýan edilenleriò hakykatdygy tassyklanyldy. ªeýle hem biz oòa
Injili, ºol kitap arkaly bolsa Töwratdaky aýdylanlary tassyklaýan
röwºenlik nuruny we halal ýoly peºgeº berdik».
(21-nji
sah.)
Alla ýaradandyr — ýaradyjydyr.
Ene bolsa, döredijidir.
Çünki Adam ata bilen How eneden soòky ähli
adamzady öz garnynda döreden enedir. How enäniò ýaradylmagy bilen
Allatagala ýaradyjylyk hukugyny özünde galdyryp, döredijilik ukybyny
ene bilen paýlaºypdyr. ªondan soò, Allatagala adamy atasyz
ýaratsa-da, enesiz döredip bilmändir. Muòa Isa pygamberiò ýaradylyºy
ºaýatdyr. Isanyò ýaradylyºy hakynda beýik Magtymguly ºeýle
diýýär:
Atasyz bar bolan ene garnynda.
Elbetde, Ýaradan gudratlydyr. Ol islese, Isany
enesiz hem ýaradyp bilerdi. Emma beýtmändir. ªonuò üçin hem
Ýaradanyò bu iºine men onuò enä bolan aýratyn hormaty we gadyry
diýip düºünýärin. Dünýäleri ýaradyjy, ýeke sözi bilen
älem-jahany ýokdan bar eden Allanyò aýratyn hormatlan, gadyrlan
enesini hormatlamak, gadyrlamak, ezizlemek her bir türkmene parzdyr.
(321-nji
sah.)
|