Türkmenleriò
ýaraglary
Göroglynyò düýrme gyljyn, jyzaòy
ber, Jygalybeg!
Baºym goýup söweºer men, jygaòy ber, Jygalybeg!..
(31-nji
sah.)
Türkmen gylyjynyò gadymy kämil
nusgasyny ºu günlere ýetiripdir. ªol gylyjyò ýüzünde — «Türkmen
hiç haçan gylyjyny gynyndan goòºusynyò garºysyna çykarmaz» diýen
ýazgy galdyrypdyr, ol häzirem goòºy Eýran döwletiniò taryhy muzeýinde
bar. Polatdan, demirden ýasalan dürli gurallar, abzallar dünýä türkmen
ýaýlasyndan ýaýrapdyr.
(56-njy
sah.)
Gylyjyò, gürziniò öòünde baºyny
dik tutup ýaºan türkmen ºu topragyò — ata-babalarynyò
öòünde dyzyòy epip, ºu topragy öpüp, sežde et sen!
(247-nji
sah.)
|
Türkmen
gyzy – söweºiji gyz
 
Türkmen gyzlarynyò ºaý-seplerine
üns beriò: gupba — tuwulga, çekelik — bukaw — boýundan
gylyç salynmazlygyny üpjün edýär, gülýaka döºi, gursagy
goraýar. Bilezik goly, donuò öòüne, arka tarapyna dakylýan dürli
apbasylar, dürli ºaýlar peýkamdan goraýar. Türkmen gyzyny
doly ºaý-sep bilen bezeseò — ol doly söweº geýmine
giren söweºiji gyz bolýar.
(378-nji
sah.) |
Atly-ýaragly
gezmek dessury
Türkmen tä XX asyryò
otuzynjy ýyllaryna çenli atly-ýaragly gezmegi dessur bilýärdi.
Ol ony dereje bilmän, dessur bilýärdi. O dessur bize Oguz
handan miras galypdyr.
(97-nji
sah.)
|
Är
ýigitler – däliler
Edermen, batyr ýigitlere türkmen
ummasyz uly sarpa goýupdyr.
Gorkut ata zamanalary är ýigitlere — däliler
diýilýän eken. Däli Domrul, Däli Garçar. «Görogly»
eposynda Däli Mätel, Harman Däli. Däli adyny göteren kiºi — özüni
watana bagyº eden kiºi bolýan eken.
(170-nji
sah.)
|
Türkmen — aòryò
edermen halk
Türkmen — seniò aòryò
edermen halkdyr, edermenlik, batyrlyk — ata-babalarymyzyò
tugy bolupdyr.
(170-nji
sah.)
Gahrymançylygy durmuºynyò
mazmunyna öwren halk edermen bolar!
Watany mukaddeslige göterip, watan
üçin ölen ýigidiò ölmez-ýitmez bolýandygyna bütin durky bilen
ynanan halk nädip edermen bolmasyn!
Dört-bäº ýaºynda tez bedewe münüp,
çagalykdan ýarag ulanmany öwrenip, söweº tälimini alan ýigit nädip
edermen bolmasyn!
Okaýan kitaplary, eºidýän
dessanlary, diòleýän gep-gürrüòleri watan hem edermenlik barada
bolsa, nädip halkymyz edermen bolmasyn!
(171-nji
sah.)
Är
ýigit är ykbalyna razy
«Är ömri otuz ýaº»
türkmeniò biten nakyly. Häli-ºindi bolup durýan uruºlarda
edermen ýigitler ölýär. Är ýigit är ykbalyna hem razy. Ol «Namartja
olam, sagja olam» diýýäni
duºmanyndan-da nejis görýär.
Edermen, batyr ýigitlere türkmen
ummasyz uly sarpa goýupdyr.
(170-nji
sah.)

«Eger
duºmany ýeòeýin diýseòiz ölümiòizi boýun almalydyr»
Serkerdeler ýigitlerine: «Eger duºmany
ýeòeýin diýseòiz, eger diri galaýyn diýseòiz, söweºe girmezden
burun ölümiòizi boýun almalydyr!»
diýip, ündew eder ekenler. Serkerdeler mamla, ölümini boýun
alan ºirleriò öòünde duºmanyò basyp alyp, talaòçylyk etmäge
gelen goºuny durup bilmeýär.
(170-nji
sah.)
Namartlar!
Baºyòyza elwan leçek
Bardy-geldi söweºde namartlyk
etdimi, ol ýigide tamdyr külüni artdyrypdyrlar, baºyna ýaglyk daòyp
oba-oba aýlapdyrlar. Göroglyny ýada salyò, ol bir söweºde
namartlyk eden Weli Hyrtman daga: «Baºyòyzda elwan leçek»
(ýaglyk) diýýändir. Jelaleddini ýada salyò:
Yspyhan söweºinde
Jelaleddiniò goºunynyò bir ganaty mongollary ýeòýär, beýleki
ganaty ýeòilýär. Sebäbi ºol tarapda söweºýän hanlaryò käbiri
gaçýar. Söweºden soò Jelaleddin söweºden gaçanlaryò ählisiniò
baºyna aýal ýaglygyny daòdyryp, Yspyhana aýlapdyr... Onsoò türkmende
namartlyk eden bolmaz!
(170-nji
sah.)
«Ölümden
aòyrda näme bar?»
Ata-babalarymyz: «Ölümden aòyrda näme bar?»
diýlip soralsa, «Namartlyk bardyr»
diýipdirler ªu gün millet bolup her bir türkmeniò iºinde,
durmuºynda, pähiminde, paýhasynda uly mertlik bolmalydyr. Kynçylyklary
ýeòmegi baºarýan, özüni özi ykrar edýän türkmen bolmalydyr, ºonda
biz dünýä jemgyýetleriniò arasynda öz ornumyzy taparys.
(171-nji
sah.)
“Türkmeni
bedew atyndan düºüriò!”
«Görogly» eposynda
Balybegiò weziri soltanyna: «Soltanym, türkmeni gul etjek bolsaòyz,
ºuòa düºüniò, ony, öòi bilen, bedew atyndan düºüriò»
diýýändir.
Duºman ahyry oòa düºündi.
Geçen asyryò aýagynda türkmeni
bedew atyndan düºürdiler...
(171-nji
sah.)
Türkmeniò
söweº berhizi
Türkmen golaýda söweº boljagy ýa üç-dört günden söweºe
ugraljagy mälim bolan gününden ozalky iýýäninem iýmeýär. Özüni
eredilen ak ýaga tutýar. Türkmen üç-dört günde artykmaç etini taºlaýar,
çuslanýar. Onuò aty üçin mydama duza ýatyrylan logalasy bar. Goýnuò
guýruk ýagy duza ýatyrylyp logala edilýär. Söweºe çykjak türkmen
atyna ºonuò bir-iki bölegini iýdirýär. Söweº uzaga çekse, gaçha-kow
bolsa, söweºiji egläge-de logalany atynyò agzyna tutýar, at
jylawdalygyna garamazdan, ony iýip bilýär. Soò ol iki gün, üç gün
suw bolmasa-da, söweº tabyny ýitirmeýär. Häzirem çopanlarymyz
tomsuò yssysynda guºluk wagtlary ýarty ºa käse ergin ýagy içer,
bolany, tä agºam howa özüni goýberýänçe ajykmazam, suwsamazam!
(182-nji
sah.)
Türkmeniò
söweº sazlary
 
Biziò ata-babalarymyz söweºe çykanda saz toparlaryny, tugy we baýdaklary
esgerleriò ruhuny galdyrmak üçin ýörüºe ýany bilen alypdyrlar.
Deprekleriò gök gürrüldisini ýadyòa salýan gümmürdisi, surnaýlaryò
ýürekleri endiredýän düòòürdisi, gyjagyò mukaddes mukamy...
taryhda türkmen jemgyýetiniò güýç, ylham we gaýrat çeºmesi eken.
Her saz toparynda ýediden on ikä çenli saz gurallary
ulanylypdyr.
(380-nji
sah.)
Dessanlarymyz
– gahrymançylyk mekdebi
Erkanalygyny goran türkmen ýurdunda uruº adaty ýagdaýdy. ªol sebäplem
türkmen edebiýatynyò genji-hazynalary bolan onyò kitaby», «Görogly»,
«Döwletýar» eposlary,
«Ýusup-Ahmet» dessany,
Ýunus Emräniò, Garajaoglanyò, Burhanetdin Siwaslynyò, Baýram hanyò,
Abdyrahym hanyò, ªabendäniò, Andalybyò, Magrupynyò, Magtymgulynyò,
Seýdiniò, Zeliliniò, Mollanepesiò, Keminäniò, Mätäjiniò ähli
eserleri türkmeniò ýanyp duran watanparazlygy, merdi-merdanalygy,
edermenligi, gahrymançylygy baradaky eserlerdir. Haýran galmaly ýeri,
men olaryò ýekejesinde-de dönük diýen söze duºmadym, dönügiò kötekleniºine-de
duºmadym. Ýok, aslynda dönük hakda ýeke söz hem ýok. Ol eserlerde
namartlyk tankytlanýar, gorkaklyk köteklenýär, emma dönüklik
barada weli, ýeke setir ýok! Ýene bir bellemeli zat: ýaòky sanan
edebiýatymyz kitaphanalarda duran edebiýat däl, olar janly edebiýat.
Bagºylar her toýda-üýºmeleòlerde ºol eserleri aýdyma öwrüp,
halkyò arasynda ýaºadyp ýör.
Biziò edebiýatymyz janly edebiýat,
ganatly edebiýat, ol gije-gündiz aýdym bolup, dessan bolup halkyò
gulagynda ýaòlanyp duran edebiýat, beýle edebiýaty bolan halkdan dönük
çykmaly hem däl!
(189-njy
sah.)
Dönüklik
Dönük ýasama söz, özem türkmende ýeke-täk manydaº
sözi bolmadyk söz!
Mertlik, watanparazlyk sözleriniò
onlarça manydaº sözleri bar!
(189-njy
sah.)
Türkmende türkmen ysy, erkek tüýi
bolan adam namartlyk edip hem bilmeli däl, sebäbi türkmen jemgyýetiniò
gurluºy ºony talap edýär.Çingiz handan soò her taýpa, her tire giò
türkmen topragynyò bir ýerini mesgen tutup, ºol ýerde ýaºap, dökülen
duºmany kül-peýekun edip ýaºapdyr.Eger duºman çakdan agyr bolsa,
goòºy taýpadyr tireleri kömege çagyrypdyrlar. Uruºlar bir hepde, aòry
gitse bir aýa çekipdir. Uruº merdi-namardy aýyl-saýyl edipdir. Sen
uruºda namartlyk etseò, nädip obaòda ýaºajak, nädip eneò-ataò
ýüzüne garajak, nädip söwer ýaryò ýüzüne bakjak, nädip il içine
çykjak?..
Masgaraçylykdan gaçyp, baºga oba
gitseò, ol oba seni kabul edäýmeýär: baran obaò seni öwrenýär,
sen ogrumy, gan edip geldiòmi ýa uruºda namartlyk etdiòmi? Bu
zatlaryò änigine-ºänigine ýetmän, seni oba garºy almaýar! Haýsy
oba barsaò hem ºeýle! Masgaraçylykdan gaçyp gitmäge ýer ýok. Ölseò
hem seni adam ºekilli jaýlamaýarlar! Ine, ºonuò üçin hem türkmen
ýow güni maldan-baºdan geçýär! Ol iki baºyny deòleýär!
Namartlyk etmegi, gorkaklyk etmegi türkmen ölüp giden ata-babalaryna
ysnat getirmek diýip düºünýär! ªol sebäplem türkmen ýigitleri
söweºe çykanynda ölenini-galanyny bilmän söweºipdirler, ºonuò
üçinem olara gözsüzbatyr diýipdirler.
Türkmen topragynda dönüge lagnat
daºy atylýar.
(189-njy
sah.)
Oguz
hanyò goºunbaºylary saýlamak baradaky wesýetleri
Haçanda bir ýüzbaºy ýa-da ellibaºy ölende yzynda ogly
galmasa, onuò toparyndan kim at tanamakda, ata timar bermekde ussat
bolsa, galanlary ondan gorksa ýa çekinse, eýer-esbabyny düzedip
bilse, ýaý atmagy we bejermegi baºarsa, ony ol topara aga etmeli.
Eger müòbegi ýa-da tümenbegi ölse, yzynda ýarar ogly galmasa, müòlük
ýa-da tümen içinde kim batyr, tejribeli, goºun ýagdaýyny
bilýän, söweºlerde synalan kiºi bolsa, ony müòbegi ýa-da
tümenbegi
etmeli. Elmydama göçüp-gonup, oturymly
bolmasynlar. Ýazyn ýazlagda geçirip, giò ýaýlag ýerlerde ýörsünler.
Güýzün güýzlek, gyºyn gyºlak we kenarýaka ýerlerde ýörseler,
kynçylyk görmezler. Dowarlary arryklamaz, süýt, gatyk egsik bolmaz.
Aýºy-eºret köp bolar. Ondan soò, eger bäº ýüz ýyl bolsun, müò
ýyl bolsun ýa-da on müò ýyl bolsun, tapawudy ýok, perzentler
doglup, atalary ýerine geçenlerinde menden galan düzgünleri saklap,
ýok etmeseler, Gökden olaryò döwletine medet geler. Daýym aýºy-eºret
içinde bolarlar. Haktagala olara gowulyk eder, nygmatlar berer. Älem
halky olara doga eder, ömürleri uzyn bolup, döwletli we nygmatly
bolarlar.
— Mundan soòra ýene-de patyºalardan
we hanlardan köp ogullar dünýä gelerler. Eger olaryò ýanlaryndaky
ulular, begler, pälwanlar düzgüni berk tutmasalar, hanlyk we patyºalyk
iºi sarsyp, ýok bolar. ªonda Oguz han Türkmeni arzuw ederler, emma
ol bolmaz.
— Tümenbegleri, müòbegleri
we ýüzbegleri owal-ahyr geler-giderler. Oguzyò öwüdini tutmadyklar,
goºunlara ýolbaºçylyk edip bilerlermi? Öz ýurtlarynda oturyp öwüdi
diòlemedikler, uly suwa gaçyp, çykmadyk ite ýa-da gür tokaýyò içine
atylan oka meòzärler. Onuò ýaly kiºiler ýolbaºçylyga ýaramazlar.
— Her kim öz öýüni düzedip
bilse, onbaºy bolmaga ýarar. Her kim on kiºini baºarsa, elli kiºini
baºarar. Her kim elli kiºini baºarsa, ýüzbegi bolmaga ýarar. Her
kim ýüz kiºini baºarsa, müòbegi bolmaga ýarar. Her kim müò kiºini
baºarsa, tümenbegi bolmaga ýarar. Her kim bir tümeni baºarsa, boýbaºy
bolmaga ýarar. Boýa han bolan il we yklym patyºalygyna ýarar.
Her kim öz öýüni päk tutup bilse,
mülk we yklymy ogrudan we ýalançydan arassalap biler.
Her bir onbaºy öz öýüne buýrup
bilmese, ony günäli hasaplap, aýaly we oglany bilen günäkär kylmak
gerek. Hem-de onuò onlugyndan bir kiºini onbaºy etmek gerek. Ýüzbaºylara-da,
müòbegilere-de we tümenbegilere-de ýokardaky ýaly etmek gerek. Goºundan
daºarda bir kiºi ýeòil günä etse, tümenbegi müòbegä, müòbegi
ýüzbaºa, ýüzbaºy ellibaºa, ellibaºy onbaºa buýrup, ol kiºini
tutup getirerler. Jezasy näme bolsa bererler. Ogry-haramynyò jezasy ºu
görnüºde ýerine ýetiriler.
(86-njy
sah.)
Oguz
handan gaýdýan harby-tälim mekdebi
Oguz handan baºlap, orta asyra çenli türkmen ili dünýäde ylmyò,
bilimiò, terbiýäniò ojagy bolupdyr. Hindistanyò, Hytaýyò, Wizantiýanyò
hanlary, patyºalary çagalaryny okatmak, söweº we serkerdelik tälimini
aldyrmak üçin ýörite iberipdirler. Türkmen atabegleriniò terbiýesini
alan ýaºlar dünýäniò ähli künjeginde dünýägaraýyºlarynyò
giòligi, sowatlylygy, beden taýdan sagdynlygy, serkerdelik baºarnygynyò
artykmaçlygy bilen parhlanypdyrlar.
(117-nji
sah.)
|