Sahylyk,
jomartlyk, hatamtaýlyk
Türkmeniò golam açyk, kalbam açyk, sahy, jomart,
hatamtaýdyr!
(369)
Sen beýik bol, sebäp halkyò beýikdir,
Türkmeniò pes ogly bolmak aýypdyr.
Ruhy jomartlary Alla söýüpdir,
Ruhuòyz tug kimin belentde bolsun!
(301)
Ýürekden ýylgyrýan adamlar jomartdyr, olaryò iºleri
ºowunadyr.
(337)
Är diýen ady göterýän adamda batyrlyk, edermenlik,
halallyk, ynsanperwerlik, sahylyk ýaly onlarça ýagºy häsiýetler
bolmaly.
(198)
Dogruçyllyk
Türkmen, tapawut goýmazdan, ähli adamlar bilen dogruçyl
bolmalydyr, kezzaplyk etmeli däldir, ýalan sözlemeli däldir, göriplik
etmeli däldir, utanjaòlyk, ýumºaklyk, mähremlik oòa ýaraºýan
ahlak sypatlaryndandyr. ªeýle ýokary ahlak sypatly türkmenler XXI
asyryò raýatlary bolmalydyr.
(18)
Sazlaºyk,
nyzam we mertebelilik
Hakyky türkmen özüni horlamaz we durmuºda öz üstüne
ýüklenilen milli borçlaryny unutmaz, türkmeniò daºky keºbi onuò
içki dünýäsi bilen aýrylmaz baglanyºyklydyr, hakykatdan-da, türkmen
oòat we sazlaºykly, nyzamly, daº görnüºi mertebeli mazmuna we
asylly mana has mynasypdyr. Pähim-parasatly türkmen öz bedeniniò, aòynyò
we ruhunyò arasynda deòagramlylygy saklamalydyr, olaryò ählisine
geregiçe üns bermelidir.
(21-22)
Asyllylyk
we edeplilik
«Ýigitlere — namys, gyzlara — uýat,
garry enelere, gojalara —akyl, paýhas, agraslyk, gelinlere — asyllylyk».
(10)
Jemgyýet bilen gatnaºyklar babatda, Gurhany kerimiò
nury çaýylan ºypaly güýji özüne siòdiren, asylly ahlak
sypatlarynyò eýesi bolan türkmeniò ºahsyýeti Altyn asyrymyzda has
hem güýçli bolar, jemgyýetiò hoºniýetli, arassa we medeniýetli,
güýçli agzasy bolar.
(18)
Mirasyò ýagºysy edepdir. Edepli perzent il içinde
halal ýaºamagyò tärini atasyndan öwrenen perzentdir.
(330)
Gujur-gaýratlylyk
Allatagalanyò beren demini bisarpa tutman, milletiò eºretli
durmuºda ýaºamagy üçin her bir türkmen bar gujur-gaýratyny, baºarnygyny
il-ýurduna bagyº etmelidir. ªonda ýetilmejek menzil, bitirilmejek
asylly iº galmaz.
(149)
Durnyklylyk
Altyn asyrda hem ata-babalarymyz ýaly durnukly ºahsyýetler
bolmalydyrys. Durnukly, durumly, görümli, asylly, arkaly, göwni giò
ºahsyýetler bolmalydyrys.
(206)
Watansöýüjilik
Beýik Allatagaladan dilegim, türkmeni aslyna gaýdyp
getir! Oguz handan baºlap orta asyrlaryò ahyryna çenli agzybirligi,
batyrlygy, watansöýüjiligi, halallygy, geçirimliligi, dini, dili,
medeniýeti — Beýik Ruhy bilen tanalan halk hökmünde ýaòadan
XXI asyrda milletimiziò dowamatyny ber, ýeke-täk Beýik Taòrym!
(45)
Rehim-ºepagatlylyk, halallyk, adalatlylyk,
ruhubelentlik, agzybirligi saklamak, milletiòi söýmek, goòºyòy söýmek,
iliòi söýmek, ýurduòy söýmek duýgulary adamlaryò kalbynda
bolmaly.
(288)
Watana dirikäò eden hyzmatlaryò ýogalanyòdan soò
hem peýdaly boljakdyr. Watan unudýan däldir, Watanyò saklanyp
duranlygynyò özi-de, onuò unutmaýanlygyndadyr.
Ata Watany, ene topragy jandan söýmek we onuò Garaºsyzlygyny
gözüò göreji deýin goramak seniò mukaddes borjuòdyr.
(336)
Saòa diòe mertlik we watansöýüjilik ýaraºar.
Watanyò duzuna, asly halal ene süýdüne wepaly bol! Çünki Watan
duzy we ene süýdi — mukaddesdir, keramatdyr.
(336)
Edermenlik
Türkmen — seniò aòryò edermen halkdyr,
edermenlik, batyrlyk — ata-babalarymyzyò tugy bolupdyr.
(170)
Edermen, batyr ýigitlere türkmen ummasyz uly sarpa
goýupdyr.
(170)
Gahrymançylygy durmuºynyò mazmunyna öwren halk
edermen bolar!
Watany mukaddeslige göterip, watan üçin ölen
ýigidiò ölmez-ýitmez bolýandygyna bütin durky bilen ynanan halk
nädip edermen bolmasyn!
Dört-bäº ýaºynda tez bedewe münüp, çagalykdan
ýarag ulanmany öwrenip, söweº tälimini alan ýigit nädip edermen
bolmasyn!
Okaýan kitaplary, eºidýän dessanlary, diòleýän
gep-gürrüòleri watan hem edermenlik barada bolsa, nädip halkymyz
edermen bolmasyn!
(171)
Är diýen ady göterýän adamda batyrlyk, edermenlik,
halallyk, ynsanperwerlik, sahylyk ýaly onlarça ýagºy häsiýetler
bolmaly.
(198)
Beýleki halklary sylamak we
ynsanperwerlik
Beýleki halklary sylamak, hormatlamak, beýleki
dinlileriò dinlerine, ygtykatlaryna sarpa goýmak türkmen halkynyò süòòünde
bardyr. Türkmen halky ynsanperwer, adalatly, sahawatly, giò gursakly,
sabyr-kanagatly dostana halk bolup, baºga halkyò wekillerine has ýokary
hormat goýmagy özüne dereje bilýär.
(267)
Pederlerimizden miras galan tämiz ahlak sypatlaryny özüòde
terbiýelemegi baºar! Olara uýsaò, sen dünýäde iò ynsanperwer
adam bolarsyò.
(337)
|